Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda kümüş medallaryň 4-sini we bürünç medallaryň hem 2-sini eýelediler
Ýazylan wagty: 04 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda kümüş medallaryň 4-sini we bürünç medallaryň hem 2-sini eýelediler

Anahaýmada agyr atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyşyny dowam edýär. Türgenlerimiz kümüş medallaryň ýene 3-sini gazandylar. 

Erkekleriň arasynda agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow 77 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp we itekläp götermekde jemi 352 kilogram netije görkezip, ikinji orna mynasyp boldy. Ol şu ýyl ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolan ABŞ-ly Harrison Deýs Maurusdan 4 kilogramy artyk göterip, öňe saýlandy we Rio—2016 Olimpiadasynyň bürünç medalynyň eýesi Mohamet Mahmuddan bolsa 9 kilogram agramy pes göterdi. 

Ýeri gelende aýtsak, Rejepbaýyň bu netijesi “Aşgabat 2017” oýunlarynda görkezen netijesinden bary-ýogy bir kilogram pesdir. 

Şu gezekki çempionatda Rejepbaý silterläp 158 kilogram ,Itekläp bolsa 194 kilogram netije görkezdi. 

Müsüriň wekili hem 165 we 196 kilogram netije bilen ýokary netije gazandy, amerikaly türgen 155 we 193 kilogram netijeler bilen üçünji orunlaryň ikisini eýeledi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýygyndy topary 4 kümüş we 2 bürünç medal gazandy.

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05319 sek. ýüklenen baýt: 33475