Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty
Ýazylan wagty: 05 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty

“Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň döwlet edaralarynyň hem-de energetika, maşyngurluşyk, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk serişdeleri önümçiligi, ýol gurluşygy, ulag hem-de logistika, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bilim, programma üpjünçiligi ulgamlarynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat topar paýtagtymyza geldi. 

Maslahatyň açylyşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, daşary ýurtly işewürler üçin düýpli ýeňillikleriň bardygyny, munuň bolsa özara gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmaga oňyn täsir edýändigini aýratyn bellediler. 

Türkmen tarapyndan çärä birnäçe degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. 

Maslahatda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek, Awstriýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, innowasion önümçilik kärhanalaryny döretmek hem-de öňdebaryjy maglumat we bazary öwreniş tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Awstriýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Awstriýa Respublikasynyň Ykdysadyýet, ylym we barlag federal ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessig ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigi hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklaryň işjeňleşýändigi bilen baglylykda işewürler maslahatynyň uly ähmiýetini belledi. Myhman parahatçylyk, döredijilik we durmuş syýasatyny yzygiderli ýöredýän Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýratyn nygtady. 

Dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistandaky makroykdysady ýagdaý, maýa goýum işi, telekeçiligi ösdürmegiň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlara ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin binýatlaýyn, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin mümkinçilikleri açýan özgertmeleriň giň möçberli alnyp barylýandygy barada aýdyň maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. 

Işjeň hem-de netijeli ýagdaýda geçen işewürler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň we telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Şolaryň barşynda täze gatnaşyklar ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahata gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de ynanyşmak we ikitaraplaýyn bähbitler ýörelgelerine eýerýän türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini ýene bir gezek bellediler. 

Maslahatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň bitewi binýadyny kemala getirmäge umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirip durmagyň wajypdygy bellenildi. Bu möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ertir, 5-nji dekabrda Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň 9-njy mejlisinde dowam eder. 

Toparyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany ösdürmegiň milli maksatnamalarynda, ýurdumyzyň daşary syýasat konsepsiýasynda kesgitlän strategik wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen iki döwletiň däbe öwrülen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we ykdysady mümkinçiliklerini utgaşdyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Okalan sany: 3   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04979 sek. ýüklenen baýt: 33956