Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Ýazylan wagty: 05 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek boýunça çärelere, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler, ýaşaýyş jaýlaryny hem-de çagalar baglaryny we mekdepleri ýylylyk bilen üpjün etmek, energiýa ulgamlarynyň hem-de gaz üpjünçilik gullugynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmek boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Mundan başga-da milli Liderimiz Oba maksatnamasyna laýyklykda welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçilik etmek, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň möhletlerini hem-de hilini pugta berjaý etmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sowuk howanyň düşmegi bilen baglylykda, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň ygtybarly işlemegini, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň degişli derejede işlemegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, häkime degişli görkezmeleri berdi. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow sebitde işleriň ýagdaýy, şol sanda obasenagat toplumyndaky möwsümleýin işleri öz möhletinde we guramaçylykly geçirmek, ýyladyş edaralarynyň utgaşykly işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çeklerinde bina edilýän möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy, Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy. 

Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çärelere ünsi çekip, oba hojalyk tehnikasynyň geljek ýylyň ekiş möwsümine taýýarlygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Sebitiň çäklerinde gurulýan desgalar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň ýokary hilli guralmagy we öz möhletinde tabşyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ilata ýylylygy, elektrik energiýasyny we tebigy gazy bökdençsiz üpjün etmäge jogap berýän jemagat hojalygy bölüminiň işinde kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan kemçilikleri gyssagly düzedip, sebitiň jemagat hojalygy toplumynyň işine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz milli baýramlara taýýarlyk görmegiň guramaçylyk meselelerine ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi. 

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim oba hojalyk toplumynda möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şol sanda täze gurulýan binalarda işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş jaýlaryny hem-de durmuş maksatly desgalary ýylylyk bilen, şäherleri we şäherçeleri tebigy gaz hem-de elektrik energiýasy bilen üpjün etmek maksady bilen geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem häkim Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli medeni çäreleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda işleriň depginlerini we netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurda degişli düzümleriň utgaşykly işini üpjün etmek babatynda birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň bellenilen möhletleriniň ýerine ýetirilmegine we hiline berk gözegçiligiň möhümdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ilata hyzmatlary etmek boýunça çäreler barada aýtmak bilen, bu möhüm meselelere ilkinji derejeli üns berilmegini talap etdi. Sebitiň jemagat hojalygy düzümleriniň işinde birnäçe düzgün bozmalaryň bardygyny belläp, milli Liderimiz welaýat häkimine ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençiz işlemegi boýunça meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli çärelere taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulanmaga berilmeli desgalarda gurluşygyň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da häkim welaýatyň ýyladyş, elektrik we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň utgaşykly işini ýola goýmak boýunça geçirilýän çäreler hem-de öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de anyk netijeleri bermelidigini belläp, munuň üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň zerurdygyny aýtdy hem-de häkime obasenagat toplumynda we möhüm desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan ähli işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, olar bu desgalarda bildirilýän talaplara hem-de ekologiýa howpsuzlygyna laýyk gelmelidir. 

Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş eşretleri bilen üpjün edilmegine degişli meseleleriň mydama üns merkezinde saklanmalydygyna ünsi çekip, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň möwsümiň talaplaryna laýyklykda ygtybarly işlemegini üpjün etmegi, ilatyň elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaraly çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýdyp, häkime bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde toplumlaýyn işler, agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky möwsüme taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatda bina edilýän desgalarda gurluşygyň barşy, şeýle hem öňde boljak baýramlara gabatlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi baradaky meselelere degip, bu ugurdaky işleriň degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny nygtap, sebitiň çäklerinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depginleriniň güýçlendirilmegine, ýaşaýyş jaýlarynda hem-de beýleki durmuş maksatly binalarda ýyladyş, energiýa we gaz ulgamlarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra göni wideoşekilli aragatnaşykda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda tertip-düzgüni hem-de arassaçylygy üpjün etmek we durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny aýdyp, Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Paýtagtymyzyň jemagat hojalygy düzümleriniň işinde kemçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ähli inžener-tehniki düzümleriniň, şol sanda ýylylyk, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz hem-de takyk işlemegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz Aşgabatda öňde boljak dabaralara we halkara çärelere ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça görkezme berip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna giren paýtagtymyzyň gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi. 

Soňra içeri işler ministri I. Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, özlerine berkidilen çäklerde işleriň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hem-de bu barada habar bermäge borçly polisiýanyň ýerli wekilleriniň işine gözegçiligiň gowşadylandygy üçin nägilelik bildirdi. 

Milli Liderimiz IIM-niň ýolbaşçysyndan işleri jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny pugta berjaý etmäge hem-de goramaga gönükdirilen garamagyndaky düzümleriň işini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýangyn howpsuzlygy we ýol gözegçiligi gullugy ulgamynda işleri kämilleşdirmek, degişli çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi göni aragatnaşyga çagyryp, häzirki döwürde onuň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde möhüm wezipeleriň çözülişi we bar bolan meseleler bilen gyzyklandy. 

Pudagyň ýolbaşçysy alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, birnäçe halkara taslamalaryň amala aşyrylyşy we ýurdumyzyň ilatyny, edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, “mawy ýangyjyň” eksport ugruny ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Milli gaz kompaniýasy bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklara we şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazynyň Eýrana ozal ugradylan möçberlerine töleg boýunça ägirt uly mukdarda algylaryň bardygy bellenildi. Eýran tarapynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda meseläni çözmek boýunça belli ylalaşyga gelinmedi. Bu meseläniň özara kabul ederlikli oňyn çözgüdini tapmak maksady bilen eýranly hyzmatdaşlar Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmegi teklip edýär. 

Hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň maglumatlaryny diňläp, Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň Halkara araçyl kazyýete ýüzlenmek baradaky teklibini goldamak we munuň üçin degişli resminamalary taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini üpjün etmek bilen bagly jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Okalan sany: 5   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04986 sek. ýüklenen baýt: 46421