Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Solmazyň solmajak sungaty
Ýazylan wagty: 05 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sungatyny ösdürmeklige, onuň taryhyny çuňňur öwrenmeklige giň ýol açyldy. Sungat we medeniýet işgärlerine döredijilik işleri bilen erkin meşgullanmaga, ýaş nesillere döwrebap bilim almaklyga amatly şertler döredildi. Sungat mekdepleriniň, döwrebap kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeni merkezleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurulyp ulanmaga berilmegi bolsa muňa ýene bir gezek şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň milli sungatynda külalçylyk senedi uly oruna eýe bolup, ol halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda kemala gelip, ösüp kämilleşip, sungat hökmünde biziň günlerimize gelip ýetdi. Türkmenistanyň halk suratkeşi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, Italiýanyň Faensi şäherinde geçirilen halkara “Farfor we faýans” işleriň arasyndaky bäsleşiginiň Laureaty, TDÇA-nyň uly mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň häzirki zaman türkmen külalçylyk sungatyny has-da ösdürmekde, kämilleşdirmekde bitirýän işleri diýseň ulydyr. Onuň döredijiligi köp ugurly bolup ol külalçylykdan başga-da nakgaşçylyk, grafika, dizaýn bilen hem meşgullanýar. D.S.Muhammedowa her döreden eserinde realistik we dekoratiw usullaryny sazlaşykly utgaşdyrmaklygy başaryp özboluşly, gaýtalanmajak eserleri döredýär.
D.S. Muhammedowa döredijilik maşgalasynda dogulyp, onuň kakasy Wepa Muhammedow belli aktýor, ejesi Ruhsara medeniýet ulgamynda işleýärdi. Kakasy Solmazjygy sazçylyk mekdebiniň fortepiano bölümine eltip ýerleşdirýär. Solmaz bu mekdepde kynçylyk çekýärdi. Ol dogumlylyk bilen, kakasyna görýän kynçylyklary barada gürrüň berýär we kakasy ony bu mekdepden çykaryp alýar.
Kiçijik Solmaz tans etmegi halaýardy, emme ejesi oňa garşy çykýar. Solmazyň sungata bolan söýgüsi ony Aşgabadyň ýörite çeperçilik mekdebine we soňra S. Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişşesine okuwa getirýär. Okuwyny üstünlikli tamamlaýar. Onuň doganoglany belli heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow Solmaza sungatda öz ýoluny tapmakda maslahat berýär. Bu maslahata eýerip 1975-nji ýylda ol Moskwanyň S.G. Stroganow adyndaky döwlet çeperçilik-senagat uniwerstitetine okuwa gidýär. Okuwa giren ilkinji ýyllaryndan Solmaz çylşyrymly, ruhy taýdan baý bolan şekilleri döretmeklige synanşyp başlaýar. Bu ýerde ol özüniň geljekdäki käriniň düýp manysyna ýetýär, sungatyň dürli materiallary bilen işlemekde tejribe toplaýar. Reňk sazlaşygy, sowatly surat çekmegi, hakyky kompazisiýa düzgünlerini düşünip ulanmagy öwrenýär, hem-de farfor materialy bilen inçe işlemegi birkemsiz ele alýar.

Solmazyň döredijiliginiň kämillik derejesine ýetendigini subut edýän, diplom işi üçin ýerine ýetiren 36 gapdan ybarat bolan farfor serwizidir. Onuň döredijiliginiň ilkinji ädimleri gündogar äheňlerine ýykgyn edýär. Bu bolsa D.S.Muhammedowanyň nusgawy gündogar mirasyna düşünýändigini görkezýär. Solmazyň birinji döredijilik ädimlerinden başlap gündogaryň çeperçilik däplerini dowam etmegi, onuň döredijiligindäki kompazisiýa çözgütleri, reňkiniň arassa ýiti koloridi, eserleriň ölçegleriň hem-de formalarynyň takyk tapylmagy özboluşly çeperçilik stiliniň döremegine getirýär.

1980-nji ýylda uniwerstiteti tamamlap gelenden soň Solmaz Türkmenistanyň döredijilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga başlady. Eýýäm 1972-nji ýyldan başlap Solmaz döredijilik simpoziumlaryna, halkara bäsleşiklerine we Italiýanyň Faens şäherinde geçirilen halkara “Farfor we faýans” işleriň arasyndaky bäsleşiginiň Laureaty bolýar. DS.Muhammedowanyň Russiýanyň, Özbegistanyň, ýurtlarynyň belli farfor zawodlarynda işläp döreden eserleri bu ýerleriň muzeýlerini we sergi zallaryny bezeýär. 1985-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjow we heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow bilen birlikde Aşgabat sirkiniň diwarlaryny bezemäge gatnaşýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabadyň täze gurulan sungat bilen bagly bolan okuw jaýlaryny bezemeklige D.S.Muhammedowa işjeň gatnaşýar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen saz mekdep binasynyň gümmeziniň aşagyndaky zaly bezeýän “Çigildemler” monumental kompazisiýasyny döredýär. 2011-nji ýylda “Saz” atly monumental pannosy bilen Türkmenistanyň Medeniýet institutyny bezedi.

Külal önümlerde dürli materiallar bilen işleşmegi, ýerine ýetirmek tilsimlerini ussatlyk derejesinde ele alan suratkeş häzirki döwürde hem milli amaly-haşam sungatynyň ynsanperwer ideýalaryny, özüniň içki ruhuny we döredijilik güýjüni eserlerine siňdirmegi başarýar. Suratkeşleriň arasynda ol özüniň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýar. Onuň döreden eserleri dürli ölçegli hem-de köp görnüşli bolup olarda türkmen tebigatyny, türkmen milli el bejergi nagyşlaryny, gözel gelin-gyzlarymyzy, ähmiýetli taryhy ýadygärlikleriň binagärlik böleklerini görmek bolýar. Halypa “Garagum” (2008 ý) atly işinde janly türkmen çölüni we çöl-beýewanyň bezegi bolan düýäni güldanyň ýüzünde görmek bolýar. Garagum depeleriň görnüşi güldanda gaýtalanyp, onuň häsiýetli tebigatyny şemala öwüsýän agaçlaryň we ösümlikleriň üsti bilen açyp görkezýär. 

Türkmen milli nagyşlary suratkeşiň ylham çeşmesi bolup, onuň her bir işinde nagyş bölekleriniň dürli usullarda ýerine ýetirilendigini görmek bolýar. Ol nagyşlaryň özgermek häsiýetini örän ýerlikli ulanýar. “Älemgoşar” (2011) atly işinde hem şu häsiýeti görmek bolýar. Nagyşlar güldanyň formasyna laýyk bolup, düýbünden inçe görnüşde bolup, giňäp spiral görnüşe geçýär we ýene inçelip güldanyň bokurdagynyň şekiline görä dowam edýär. Ussat suratkeş aýry-aýry şekilli we reňkli nagyşlaryň sazlaşygynyň ýerini tapýar. D.S.Muhammedowanyň döredijiliginde XX asyryň 80-nji ýyllaryndan başlap türkmen gyz-gelinleriniň waspy esasy temalarynyň biridir. “Gelinler” (1982 ý), “Gyzlar” (1995 ý), “Kürteli gelinler” (2008 ý), “Gyz gala” (2009 ý), “Bahar” (2012 ý) we beýlekilerde suratkeş türkmen gyz-gelinleriniň daşky gözelligini, içki ruhy owadanlygy, baýlygy bitewilikde görkezýär. Onuň eserlerinde türkmen milli lybasly zenen gahrymanlary halkyň mertebesiniň, edermenliginiň ýüzi bolup çykyş edýärler. Türkmenistanyň taryhy ähmiýeti ýadygärlikleri we bularyň atlary bilen bagly zenan gahrymanlary, gyz-gelinleriň doýgun, uly göwrümli kümüş şaý-sepleri we nagyşlar bilen bezelen lybaslary türkmen orta asyr arhitekturasynyň şekili bilen jaýdar sazlaşýar. Binagärçiligiň uly göwrümleri, olaryň gümmezleri, minaralary, bezelen portallary, we reňk hakykylygy döredilen eseriň esasynda janlylygyna galýar. “Gelinler” (1982 ý). “Galkynyş” (2007 ý) “Gyzgala” (2009 ý), “Tekeş” (2011 ý) atly eserler şeýle häsiýetleri bilen tapawutlanýar. 


Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan suratkeş üçin täze döredijilik ylham çeşmesi boldy. Onuň “Öňe, öňe, diňe öňe”, “Jan Watanym Türkmenistan” atly atlary özboluşly häzirki zaman Türkmenistanyň nyşany diýsek ýalňyşmarys. D.S.Muhammedowanyň döredijilik ussahanasy akademiýanyň okuw klasynda bolup, ussadyň döredijilik ukyby, zehini, eserleriniň gahrymanlary, sýužetleri, özboluşly tehnikasy, reňk çözgüdi şägirtlerine uly nusga mekdebi, okuw ýörelgesi bolup durýar.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05982 sek. ýüklenen baýt: 37444