Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Gözellikden ylham alan külalçy
Ýazylan wagty: 05 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
   Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň döredijiligi türkmen amaly-haşam sungatynda gaýtalanmajak ajaýyp waka bolup, sungat muşdaklaryny, tomaşaçylary özüniň näzikligi, çeperçiligi, durmuşylygy bilen özüne bent edýär. Ol terrakotada, faýansda, farforda, şamotda, kendirde dürli döwürler bilen bagly keşpleri döretmeklik bilen, özüniň dünýä bolan garaýşyny hemmelere düşnükli etmeklige çalyşýar. Onuň ussat ellerinden çykan keramikada hem nakgaşçylyk, hem heýkeltaraşlyk, hem saz, hem tans birleşdirilen ýaly bolup görünýär.
Teatr artistleriniň maşgalasynda kemala gelen halypanyň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde, Aşgabat şäheriniň Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (öňki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde), S. T. Stroganow adyndaky Moskwanyň döwlet çeperçilik-senagat uniwersitetinde (öňki S. T. Stroganow Moskwanyň ýokary çeperçilik-senagat uçilişesinde) bilim almagy we Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Krasnodaryň, Riganyň farfor zawodlarynda tejribe geçmegi, çeperçilik ukybynyň has-da kämilleşmegine has-da itergi berdi. Özüniň çagalygyny we ýaşlygyny ýatlap suratkeş şeýle belleýär: “Men çagalykdan bäri kitap okamaga gowy görüp, öýümizdäki, mekdebimizdäki ähli kitaplaryny okap çykdym. Sungatyň dünýäsine aralaşamdan soňra Beýik Galkynyş döwrüniň ussady Mikelanjelonyň, Rodeniň, Eduard Maneniň, Ogýust Renuaryň, Pol Gogeniň, Salwador Daliniň eserleri bilen has hem gyzyklanýardym. Dünýäniň ençeme muzeýlerine baryp, özüme her bir eseriň çeper gymmatlygyny açýardym. Şonuň bilen bilelikde milli baýramçylyklarymyza, nusgawy edebiýatymyza bolan söýgi meniň talyplyk işlerimde şöhlelendirilýär”. Elbetde bu häsiýetler keramikaçynyň döredijiligine aýratyn täsir edip, onuň işlerinde dürli sungatlarynyň arabaglanyşygynyň ýüze çykmagyna ýardam berdi. Onuň güldanlary, mejimeleri, çaý serwizleri, küýzeleri, heýkelleri Aşgabatdaky, Moskwadaky, Daşkentdäki, Almatadaky, Nýu-Delidäki, Pariždäki, Ankaradaky, Faensdäki (Italiýa), Gümmet Kowusdaky (Eýran) halkara bäsleşiklerinde we sergilerinde görkezilip, ençeme gezek baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmen sungatyny ýene bir gezek dünýä ýaýdy.
Uniwersiteti tamamlanandan soňra Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Ýerli senagat ministirliginiň sowgatlyk önümleri taýýarlaýa halk ussatlarynyň “Çeper” kärhanasynda, Türkmenisanyň Suratkeşler birleşiginiň gaznasynda suratkeş hökmünde işläpdir. 1997-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ilki 6 ýylyň dowamynda “Grafika” kafedrasynda mugallymçylyk edip, Parahat Gapançaýew, Maýsa Hojaýewa ýaly şägirtlerini ýetişdiren bolsa, ondan soňra “Milli sungat” (häzirki wagtda “Amaly-haşam sungaty”) kafedrasynda şu günki güne çenli keramika ugrundan bilim berýär. D. Muhammedowanyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen Hezretguly Annageldiýewiň, Oguldöndi Baýramgeldiýewanyň diplom işleri keramikanyň we heýkeltaraşlygyň bitewi sazlaşygyny emele getirýär. Häzirki wagtda akademiýada bilim alýan ýaş keramikaçylar halypasy ýaly döwrümizi, halkymyzy, milli däp-dessurlarymy wasp edýän nusgalaryny öz eserlerinde jemlemäge çalşyp, anyk we umumylaşdyrylan görnüşli çeper serişdeleriň sazlaşygyny gazanmaga ymtylýarlar.
Ussadyň eserlerindäki her bir taslama türkmen halkynyň baý ruhy medeniýetini, öz halkyna bolan uly söýgüsini özüne jemleýär. Päkligiň, mähremligiň, gözelligiň, wepadarlygyň nyşany bolan gelin-gyzlaryň farfordan we toýundan ýasalan “Gelinler” (1982), “Gyzlar” (2007), “Bahar” (2007), “Kürteli gelinler” (2008) eserleri özüniň sazlaşygy, bütewiligi, çuňňurlygy bilen haýran galdyrýar. Bu işlerde zenan suratkeşiň milli nagyşlaryň dürli görnüşlerini ýokary ussatlyk bilen ulanyp bilýändigi görünýär. Bu eserlerde örän inçelik bilen toýun duýulyp, önümleriň göwrümleri we reňkleri sazlaşykly ulanylyp, bütewi bir keşbe öwrülýär. Inçelik bilen pikirlenip döredilen eserler özüniň gözelligi, deňölçegliligi, gurluşynyň kämilligi bilen tapawutlanýarlar (“Gözellik” (2005), “Gunça” (2010), “Galkynyş” (2007). Ussadyň türkmen tebigatynyň gözelligini, özboluşly aýratynlyklaryny inçelik bilen duýup, her bir jandaryň ýürek urgusyny, her bir ösümligiň mymyk şemalyna öwsüp durşuny dürli çyzyklaryň, reňk öwüşginleriniň sazlaşygy esasynda berip bilmegi halypanyň “Garagum” (2008), “Çöl şemaly” (2010), “Pasyllar” (2010), “Älemgoşar” (2011), “Jeýhun” (2012) ýaly işlerinde öz beýanyny tapýar. Türkmenistandaky gadymy taryhy ýadygärlikler bilen içgin gyzyklanýandygyny, olary çuňňur bilýändigini keramikaçynyň “Gyzgala” (2009), “Törebek hanym” (2010), “Tekeş” (2011) eserlerinde haşam küýzeleriniň taslama çözgüdiniň aýdyňlygynda duýup bolýar. D. Muhammedowanyň “Gurban baýramy” (1980), “Dessan” (1986), “Ahalteke bedewleri” (1995), “Gadymy gala” (2011) ýaly eserlerinde bolsa türkmen halkynyň buýsanjy bolan bedewleriň şekilleri gaplaryň ýüzüne ussatlyk bilen çekilipdir. Halypa mahsus bolan nepislik, inçelik suratkeşiň soňky ýyllarda döreden bedew şekilli keramika heýkellerinde hem aýdyň duýulýar. Onuň “Öňe, öňe, diňe öňe”, “Jan Watanym Türkmenistan” ýaly keramika taslamalary Aziada – 2017-niň senasyna öwrülen Hormatly Prezidentimiziň “Öňe, öňe, diňe öňe, Jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyndan ruhlanyp döredilen. “Öňe, öňe, diňe öňe” atly eserinde bäş sany ahalteke bedewlerimiziň haşamlanan görnüşi bäş welaýatymyzyň hem-de olimpiýa oýunlarynyň bäş sany halkalardan ybarat bolan nyşanyny alamatlandyryp, dürli reňkli syrçalary, akril reňkleri, angoblary arkaly çekilipdir we milli nagyşlary ýatladýan şekiller bilen bezelipdir.

2012-nji ýyldan başlap Dursunsolmaz Muhammedowanyň döredijiliginde diňe bir keramikanyň nepis nusgalary däl-de, eýsem nakgaşçylyk işleri hem uly orun tutup başlaýar. “Bägüller” (2012), “Sary çigildimler” (2012), “Maral gyzymyň portreti” (2015), “Liliýalar” (2017), “Çigildemler” (2017), “Gerberler” (2017) ýaly nakgaşlyk işlerinde türkmen gyzlarynyň, gül-gunçalaryň şekilleri haşamlylyk bilen ýerine ýetirilip, özüniň çeperçiligi bilen tebigatyň we biziň daş töweregimizdäki dünýäniň duýgy täsirini açyp görkezýär.
Suratkeşiň ylham çeşmesi çäksizdir. Şonuň üçin ussada ýeňillik we nepislik bilen keramika sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döretmek başardýar. Suratkeşiň kämilligi diňe bir kiçi göwrümli heýkeltaraşlyk eserlerinde, haşam küýzelerde, çaý serwizlerinde ýüze çykman, ol halypanyň Türkmenistanda gurlan binalaryň içki bezeglerinde ulanylan uly göwrümli işlerinde hem öz beýanyny tapýar. Aşgabat şäherindäki “Syýahatçy” myhmanhanasynyň dynç alyş zallaryndaky işleri, Yzzat Gylyjow we Gylyçmyrat Ýarmämmedow bilen bilelikde ýerine ýetirilen ençeme pannolary muňa ajaýyp mysallardyr. 2011-nji täze açylan Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň binasyndaky “Çigildimler” atly monumental taslamasy we Türkmen medeniýet institutynyň binasyndaky “Saz” atly monumental pannosy şol ýerlerde özüniň mynasyp ornuny tutmak bilen keramikaçy zenanyň ýiti zehininiň köptaraplydygyna şaýatlyk edýär.
Ussadyň eserlerindäki ýiti aýdyňlyk, bölekleriň jikme-jik işlenilişi, reňkiň haşam ulanylyşy materialyň görnüşine seretmezden dürli temalary çuňňur we inçelik beýan edýär. Suratkeş materialynda-da, taslamasynda-da we keşp çözgütlerinde-de durmuşy takyk manylary bermäge çalyşýar. Uly ussatlykdan habar berýän eserlere ýüzlenen her bir adam, Dursunsolmaz Muhammedowanyň içki duýgular dünýäsine syýahat edýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öz Watanyny, ýurduny, eşretli durmuşy jany-teni bilen söýýän, zähmetsöýer zenanyň elbetde ýene-de köp döredijilik pikirleri we meýilleri bar. Gelejekde hem gözellige bolan çäksiz söýgi onuň joşup duran kalbynda täze-täze eserleriň döremegine getirip, olaryň türkmen sungatynyň taryhynda hemişelik we mynasyp ornuny tutar.

J. Baltaýewa,
sungaty öwreniji
Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06174 sek. ýüklenen baýt: 38681