Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şekillendiriş sungatynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şöhlelenmegi
Ýazylan wagty: 05 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
   Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy has hem artýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagynyň 10 ýyl bolmagy we bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 17-nji noýabryndaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň abadançylygyň we durnukly ösüşiň esasy bolan ynsanperwer syýasatyň dabaralanmasydyr. 
Milli Liderimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň sözbaşysyndaky arap halyfynyň orta asyrlarda ençeme yklymlary özlerine boýun egdiren, baran ilinde agzybirligi, dost-doganlygy, gülläp ösüşi rowaçlandyran türkmenleriň ykbaly, taryhy ýoly bilen gyzyklanyp, baş wezire beren sowalyna, baş weziriň: «Türkmenler aslynda ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk» diýip jogap bermegi-de asyrlaryň dowamynda rowaçlyga eýe bolan dana we merdana pederlerimiziň, beýik taryhy şahsyýetlerimiziň gadymyýetden gözbaş alan dostluk ýollaryny gurandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan dünýäde döreýän ähli meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik usullar bilen çözmek ugrunda çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ynsanperwer, öňdengörüjilikli syýasaty şekillendiriş sungatynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Bitarap diýarym – Türkmenistanym!» atly döredijilik sergisi geçirilip, onda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny wasp edýän TDÇA-nyň Altyn gaznasynda saklanylýan sungat eserleri giň halk köpçüligine hödürlenildi. 
Aşgabat şäheriniň ajaýyp binalary, ýaşyl bagy-bossanlyklary, gül-gülälekli görki, nurana seýilgähleri, şaýollarydyr köçeleri ýaş suratkeşleriniň sungat eserlerinde şekillendirilip, onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň geljekki nesilleriň bagtyýar ykbaly baradaky arzuw-islegleri öz beýanyny tapýar. Aşgabat şäheriniň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýerleşýän ýeri hökmünde saýlanmagyny şöhlelendirýän Hanmyrat Hanowyň «Parahatçylyk» atly peýzažynda paýtagtymyzyň dag eteklerinde parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileriniň dynç alýan we asuda asmanda uçup duran pursaty görkezilen. Täzegül Joraýewanyň «Jan watanym Türkmenistan» atly eserinde bolsa Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän, şeýle hem kepderileriň ganatlaryny ýaýyp duran şekilleri bilen bezelen ýer şarynyň suraty bilen gutarýan «Abadançylyk» binasynyň daş-töwereginde dynç alýan raýatlarymyzyň watansöýüjiligini we ruhubelentligini wasp edýär.



Parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenidigini şöhlelendirýän eserleriň biri Yhlas Allanazarowyň «Bedew baýramy» atly temalaýyn nakgaşlyk işidir. Köp şekilli kompozisiýasynyň mazmuny ýurdumyzyň medeni durmuşyndan alnan hakyky wakalara esaslanan. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň öňünde türkmen bedewiniň syrdamlylygyna we gözelligine synlaýan arap, hindi, hytaý we beýleki halklarynyň wekilleriniň türkmen halky bilen bilelikde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralara işjeň gatnaşýanlygyna göz ýetirmekde diňe bir kompozisiýanyň çözgüdi däl-de, eýsem owadan reňk sazlaşygy hem uly orun tutýar. Maksat Hudaýberdiýewiň nakgaşlyk eserinde bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden bellenilýän dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan milli baýramçylyklarynyň toý däp-dessurlary şekillendirilip, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda milli öwüşginli medeni-ruhy gymmatlyklary döredendigine hem-de umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna mynasyp goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.
Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen sergi ýaş suratkeşleriň döredijiliginde Watanymyzdaky ösüşleri dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde sazlaşykly gurnalýandygyna, türkmen Bitaraplygynyň sebitara hoşmeýilligi we parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna şöhlelendirilip,  Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda bolsa Bitarap diýarymyzyň asuda, agzybir, bagtyýar durmuşy, dost-doganlyk gatnaşyklary täze eserleriň döremegine itergi berer. 

Jeren Baltaýewa, sungaty öwreniji

Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08106 sek. ýüklenen baýt: 34457