Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna itergi berýär
Ýazylan wagty: 06 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna itergi berýär

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň bilelikdäki 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Ykdysadyýet, ylym we barlag federal ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklar boýunça baş direktory Frans Wessigiň baştutanlygyndaky Awstriýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýokary wezipeli wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. 

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna garadylar, 2016-njy ýylyň sentýabrynda Wena şäherinde soňky geçirilen mejlisiň teswirnamasy bilen berkidilen toparyň tekliplerine laýyklykda geçirilen işleriň netijelerine seljerme berildi. 

Nygtalyşy ýaly, “açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklary, şol sanda anyk ugurlar boýunça türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek, geljegi uly işewür pikirleri anyk durmuşa geçirmek üçin ýokary derejede özara hereket etmäge aýratyn üns berýär. 

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň hem-de maýa goýmagyň dürli ulgamlarynda, ýokary tehnologiýalar pudagynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri öwrenildi. 

Toparyň agzalary hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegiň bardygyny nygtap, özara hereket etmegiň täze görnüşlerini tapmagyň zerurdygy barada pikire geldiler, gün tertibinde öňe sürlen iki ýurduň işewür jemgyýetçiliginiň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Hususan-da, 2017-nji ýylyň iýun aýynda Wenada açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň işi bellenildi. Wekilhana ýurdumyzyň hem-de Ýewropanyň işewür toparlarynyň arasynda baglaşdyryjy halka bolmaga, eksport-import amallarynyň we özara iberilýän harytlaryň möçberleriniň hem-de hyzmatlaryň artmagyna, iki döwletiň hojalyk edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda senagat we hyzmat ediş kärhanalaryny döretmek, türkmen önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak üçin Awstriýanyň kompaniýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmek barada gürrüň edildi. 

Şu işde wekiliýetleriň alşylmagyna, iş saparlarynyň, hünär kämilleşdiriş hem-de tanyşdyryş saparlarynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle saparlaryň barşynda, hususan-da, türkmen hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, daşary ýurtly kärdeşleriniň tejribesini işjeň öwrenýärler. Şol saparlaryň biri ýakynda, noýabryň ahyrynda guraldy. Gurluşyk we binagärlik, Senagat ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Awstriýada bolup, dürli işewür çärelere gatnaşdylar. 

Mundan başga-da, türkmen hünärmenleri seýsmiki beketleriň operatorlaryny tehniki taýdan taýýarlamak boýunça maksatnamalara, “Ferien-Messe” iri syýahatçylyk sergisine, mugallymlaryň hünärini ýorkarlandyrmak okuwlaryna, lukmançylyk maslahatlaryna hem-de okuw maslahatlaryna gatnaşmak üçin Wenada boldular. 

Bu dostlukly ýurduň wekiliýetleri hem-de Awstriýanyň kompaniýalary-da 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty, 2017-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşy şäherinde ulag we logistika boýunça halkara maslahaty, pudaklaýyn sergiler we maslahatlar ýaly iri halkara çärelerine gatnaşdylar. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerine gönüden-göni ýardam berýän Awstriýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Söwda wekilhanasy netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli işleri bitirýär. 

Bularyň ählisi uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmäge, Türkmenistanda önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga, azyk we beýleki önümleri ösdürmek üçin enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. 

Toparyň şu günki mejlisinde energetika, ulag we logistika, gurluşyk hem-de infrastrukturalar, saglygy goraýyş, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, syýahatçylyk, bilim, maglumat tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy. 

Dürli maslahatlarda pudak ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren görkezmeleri babatda jemagat hojalygynda ekologiýa tehnologiýalaryna aýratyn uly üns berildi. 

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnoldogiýalar aýratyn möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şu babatda, 28-29-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça gelnen çözgütlere deglip geçildi. Ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşan bu maslahatynda halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de ählumumy energetika howpsuzlygynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Türkmenistanda häzir gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de energiýa tygşytlylyk babatda barlaglar işjeň alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bu meseleler boýunça Awstriýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljegi bar. 

Duşuşykda garalan beýleki meseleleriň hatarynda senagat we dag-magdan işi, importyň ýerini tutmak we eksporty höweslendirmek boýunça döwlet maksatnamalary ýaly meseleler boldy. Bu maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda innowasion häsiýetli kärhanalaryň onlarçasyny, şol sanda ýerli çig malyň esasynda gurluşyk, himiýa, durmuş we beýleki önümleriň giň görnüşlerini çykarmak, balyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalary gurmak maksat edinilýär. Himiýa senagaty, ýeňil senagat, maşyngurluşyk we beýleki ulgamlarda Türkmenistanda eýýäm durmuşa geçirilýän köpsanly taslamalar hem tebigy we mineral-çig mal serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmäge gönükdirilendir. 

Medeni-ynsanperwer ulgamda Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň işi bellenildi. Bu jemgyýet ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşýar, Aşgabatda Wena ballaryny yzygiderli guraýar. 

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň oňat geljegini belläp, toparyň şu günki mejlisiniň barşynda hem-de düýn geçirilen ikitaraplaýyn işewürler maslahatynda gazanylan täze ylalaşyklaryň doly möçberli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň indiki, 10-njy mejlisi 2018-nji ýylda Awstriýa Respublikasynda geçirler.

Okalan sany: 6   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05756 sek. ýüklenen baýt: 38981