Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
“Bitarap Diýarym – Türkmenistanym” atly döredijilik sergisinden pursatlar
Ýazylan wagty: 06 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
   Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, asudalygyň we halklaryň arasyndaky doslugyň mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygyň, dostlugyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine itergi berdi.
Türkmen topragynda Halkara Bitaraplyk güni her ýylyň 12-nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda şowhunly bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary hem öz gezeginde bu dabaraly baýramçylygynyň ähmiýetini sungat eserlerinde görkezip, bu mukaddes baýramçylygymyzyň her ýylyň dabaraly ýagdaýda bellenilişini öz eserlerine suratlandyrýarlar. Ynha bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Bitarap Diýarym – Türkmenistanym” atly döredijilik sergisi açyldy. Hanmyrat Hanowyň “Parahatçylyk” eserinde asuda asmanyň astynda ak şäherimiz Aşgabadyň parahatlygyny ak kepderileriň şekilleri arkaly şöhlelendirilýär. Merjen Amangylyjowanyň “Ak şäherim Aşgabat” atly eserinde ak mermerli Aşgabadyň merkezinde sazandalaryň toý sazyny uly şowhun bilen çalyp duran şekillerini ussatlyk bilen suratlandyrypdyr. Ýazgeldi Jumagulyýewiň “Aşgabat şäheri” atly eseri hem bu sergä gelen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ajaýyp eserde ak şäherimiziň ajaýyp binalarynyň öwüşgünini, aýdyň köçelerini synlanyňda ýurdumyzyň has hem ösýändigini görýäris.
Nurgözel Malikowanyň “Geçmişden geljege” atly gobeleni örän ussatlyk bilen sünnälenip ýerine ýetirilendir. Bu eserde türkmen gyzynyň eli saçakly geçmiş bilen geljegiň arasynda duran ýaly suratlandyrylyp, Bitarap Türkmenistanyň myhmansöýerligini we dostlugyny alamatlandyrýar. Eseriň esasy maksady ýaşlara geçmişimizi gorap saklamalydygymyz hem-de geljegimizi has-da ösdürmelidigimizi görkezýär. Bu gobelen eseri kakma tehnikasynda inçelik bilen ýerine ýetirilip, häzirki döwürden Aşgabadyň belent binalaryny, geçmişden bolsa gadymy ýadygärlikleri şekillendirilipdir. Derýa Mämmetgulyýewiň “Ýeňijiler” atly nakgaş eserinde toýlaryň iň gyzykly pursatlary görkezilýär. Bu eserde iki sany çapyp gelýän atyň üstünde ýaş ýigitleriň basgançak şekilli düzülip, olaryň ýokarsynda bir oglanyň türkmen baýdagyny al-asmana göterilip pasyrdaýan şekili ajaýyp suratlandyrylypdyr. Annaoraz Berdiýewiň “Geçmişden geljege” atly nakgaşlyk eserindäki bäş sany ahalteke bedewleri Garagum çölüniň jümmüşinde diýarymyzyň bäş welaýatynyň jebisligini aňladyp, geçmişden geljege tarap batly gadamlar bilen çapyp barýan keşpleri görkezilýär. Kompoziýanyň ýerliginde türkmen halkynyň haly nagyşlary, orta asyr ýadygärlikleri we Aşgabat şäheriniň gözel ýerleriniň binalary bitewilikde suratlandyrylýar. Bulardan başga-da birnäçe talyplar özleriniň heýkel, grafika, gobelen, zergärçilik, haly we keramika eserleri bu günki baýramçylyk sergini has hem baýlaşdyrýarlar.
Bitarap Türkmenistanyň paýtagty bolan Aşgabat şäherinde BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşmegi şekillendiriş sungatynyň eserlerinde uly orun tutup, täze eserleri döretmekde ylham çeşmesi hökmünde hyzmat etjekdigi şübhesizdir.


Ogulbahar Saparowa 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby


SERGIDÄKI ESERLERDEN:








Okalan sany: 8   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10680 sek. ýüklenen baýt: 34019