Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Ýaşlaryň döredijiliginde altyn güýzüň waspy
Ýazylan wagty: 06 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan her bir tutumly işleriniň netijesinde biz talyp ýaşlara okamaga, döretmäge ajaýyp zamana boldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlary hem milli sungatymyzyň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejede bilim alýarlar. Zehinli talyp ýaşlar öz gezeginde türkmeniň milli sungatyny dünýä ýaýmak maksady bilen birnäçe ajaýyp eserleri döredýärler. Ýaş suratkeşlerimiz döredijilik işlerinde türkmen halkynyň ajaýyp tebigatynyň waspyny ýetirýärler.
Güýz pasly her bir döredijilik adamlarynyň ýüreklerine ylham berýän pasyldyr. Türkmen suratkeşleri dürli döwürlerde tebigata çykyp, pasyllara görä birnäçe eserleri döredýärler. Her bir pasylyň özüne mahsus gözelligi, reňk öwüşginleri bolýar. Şeýle gözelligi duýup, ony halka ýetirýän şekillendiriş sungatymyzyň ýaş wekilleri pasyllaryň içinde güýz paslyny has-da tapawutlandyrýar. Güýz paslynyň gözelligini şekillendiriş sungatynyň wekilleri bilen birlikde  ýazyjy şahyrlarymyz hem öz eserlerinde wasp edýärler. Güýz pasly ýatlanyňda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň “Söýýän güýz paslyny” atly setirleri ýadyňa düşýär:

                                                      Söýýän güýz paslyny,
                                                      Sarylygyny.
                                                      Göwnüme hos ýakýar onuň pes päli.

Şahyr güýz paslynyň gözelligini onuň hasyl bermek, özünde bar bolan miweleri, naz-nygmatlary il-güne eçilmek ýaly alamatlarynda görýär. Sebäbi güýz paslynda baglardaky ýapraklar saralyp, ekin meýdanlarda  miweler ýetişip, hasyllar ýygnalýar. Pasyllaryň arasynda güýz pasly ýylyň jemi jemlenýän, bereketli pasyllaryň biri hasaplanýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda her ýylda geçirilişi ýaly güýz paslynyň gelmegi bilen talyp deň-duşlarymyz güýzki tejribelik möwsümine çykýarlar. Ýaş suratkeşler gözel paýtagtymyzyň birnäçe ýerlerinde eserleri döredýärler. Şahyrlar goşgy ýazýar, sazandalar saz çalýar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary bolsa, kagyzdyr, kendiriň  ýüzüne özleriniň reňk baýlygy bilen tebigatyň gaýtalanmajak reňk sazlaşykly gözelligini öz eserlerinde şekillendirýärler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem talyplaryň güýzki tejribelik möwsüminiň netijesinde “Güýz” atly ýaş suratkeşleriň döredijilik sergisi açyldy. Sergide türkmeniň gözel tebigatynyň, bereketli topragynyň waspyny ýetirýän 200-den gowrak nakgaş we grafika eserleri görkezildi. Bu serginiň esasy maksady bolsa, ýaş suratkeşleriň döredijilik dünýäsiniň kämilleşmeginiň, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmek bolup durýar. Talyplar arassa meýdana çykyp, güýzüň mylaýym howasyny duýup, tebigatyň reňk baýlygynyň, ýagny daş-töwerege şöhle saçýan reňkleri hakyky göz bilen görüp, özleriniň reňk baýlygynyň artmagyna we döredýän peýzaž eserlerinde täze gözýetimleriň açylmagyna getirýär.

Ýaş suratkeşlerimiziň arasynda R. Abdullaýewiň “Bagyr” atly peýzaž eserinde Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Bagyr obasyny görkezýär. Eserde türkmeniň bereketli topragyny, bol hasyllygyny görkezýän üzümçilik obany dürli reňkler bilen ýerine ýetiripdir. Suratkeş peýzaž eserinde merkezde ýyly reňkler bilen üzümçilik meýdany şekillendirýär. Ikinji meýilnamada bolsa daglar bilen bulutlaryň birigip gidýän pursadyny görkezipdir. Onuň başga-da, “Manyş obasy” atly eserlerinde hem türkmeniň gözel tebigatyny görkezýär. Suratkeşiň umuman peýzaž eserlerinde türkmeniň bol hasylly, gözel tebigatyny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Eserlerde suratkeş dürli öwüşginli, ýyly reňkleri köp ulanýar. Paýtagtymyzyň golaýyndaky tebigatyň owadan ýerlerini suratkeşler B. Mämiýewiň “Gurty köl”, A. Sytdyhowyň “Peýzaž”, Z. Babaýewiň “Peýzaž” atly eserlerinde görmek bolýar. Eserlerde ülkämiziň dag etekleri, sähralyklary, baglaryň saralan ýapraklary arassa asmanyň astyndaky tebigatyň beýany mähirli duýgular arkaly suratkeşler bilen sazlaşykly dünýäde görmek bolýar.

Umuman, çeperçilik akademiýamyzyň talyp ýaşlary güýzki tejribelik döwründe tebigatymyzyň gözel ýerlerine çykyp birnäçe ajaýyp eserleri döredýärler. Bu bolsa ýaşlaryň tebigaty söýmegiň, olaryň döredijilik ukubyny has-da kämilleşmegine getirýär.


Maksat Çerkezow
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05656 sek. ýüklenen baýt: 35188