Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Ýazylan wagty: 07 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Çung Tae-Ini kabul etdi. 

Döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp, diplomat dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýandygy hem-de Koreýa Respublikasynyň ilçihanasyna oňyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Jenap Çung Tae-Iniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda “Açyk gapylar” syýasatyny hem-de ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine özara peýdaly gatnaşyklary alyp barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda hem-de anyk netijelere gönükdirilen türkmen-koreý gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. 

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we koreýaly diplomat dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady toplumda, energetika we ulag pudaklarynda, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda we beýleki ugurlarda ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşdylar. 

Şunuň bilen baglylykda, Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işine we netijeli gatnaşyklary ösdürmekde bilelikdäki işewürler maslahatlaryna wajyp ornuň degişlidigi bellenildi. Koreýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm nyşany bolup durýar. 

Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugurda bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanyldy we bilim, ylym, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomata türkmen-koreý döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekki işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. 

Ilçi öz işine beren ýokary bahasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda Koreýa Respublikasyna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady. Jenap Çung Tae-In ýurdumyzda bolan döwründe özünde oňat duýgularyň we täsirleriň galandygyny belläp, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Okalan sany: 7   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05314 sek. ýüklenen baýt: 32555