Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TARYHY DÖWRÜŇ AÝRATYN TARYHY PURSATLARY
Ýazylan wagty: 07 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

TARYHY DÖWRÜŇ AÝRATYN TARYHY PURSATLARY

Türkmenabat howa menziline gelip düşdük. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde täze howa menzili gurulýar. Ol sagatda 500 ýolagça ýokary derejede hyzmat etmäge ukyply bolar. Döwrebap ýolagçy terminalyny, beýleki terminallary, uçuş-gonuş zolaklaryny, dolandyryş minaralaryny, dispetçerlik nokatlaryny we beýlekileri öz içine alar. Bu ýerde ýene köp sanly desgalar gurlar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ulag ulgamyny ösdürmek döwletimiziň möhüm strategik wezipeleriniň birine öwrüldi. Ulag düzüminiň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr merkezine öwrülmegine gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Aşgabat Halkara howa menziliniň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen, ol halkara howa gatnawlarynyň möhüm merkezine öwrülýär. Şonuň bilen baglanyşykly, şeýle-de sebitleriň düýpli ösdürilmegi bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň senagat ýurduna, syýahatçylyk we dynç alyş ýurduna öwrülmegi bilen baglanyşykly, halkara hyzmatdaşlygyň barha giňemegi, gatnaşyklaryň artmagy bilen baglanyşykly welaýatda täze howa menziliniň gurulmagy zerurlykdyr. Bu ugurdaky tagallalar, elbetde, ozaly bilen, ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmaty düýpli gowulandyrmaga hyzmat edýär. Hawa, Türkmenabatda täze howa menziliniň gurulmagy şeýle wezipeler bilen berk baglanyşykly. Demir ýol menzilleriniň gurulmagy netijesinde bu ýerde ulag halkasy dörediler. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 22 — 23-nji ýanwarynda Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy, senagat we ulag düzümine degişli beýleki iri gurluşyklaryň, durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylyşy, welaýat merkeziniň ösüşi bilen tanyşdy. Welaýatda hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatyna laýyklykda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ol işler, sözüň doly manysynda, taryhy işlerdir. Gurujy, dörediji, özgerdiji halk hökmünde biziň öz ýurdumyzy iň bagtyýar adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwürýändigimizi görkezýän işlerdir. 

Türkmenabat şäheri düýbünden täze keşbe eýe bolýar. Durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň derejesi gurluşyk işleriniň geriminden hem görnüp durandyr. Bu ýerde ýurdumyzda iň uly, sebitde iri hassahana — 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy gurulýar. 

Gysga wagtda döwrebap lukmançylyk edaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda alys obalarynda guruldy, ýene gurulýar. Munuň özi ilata ýerlerde ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermäge mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli ajaýyp desgalaryň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly, durmuş ugurly syýasatynyň miwesidir. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň netijesidir. Muny dünýä bileleşigi, örän abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, onuň iri düzümleri — Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy we beýlekiler hem ykrar edýärler. 

Ýurdumyzda gurlan beýleki häzirki zaman hassahanalary, saglyk merkezleri ýaly, Türkmenabatda gurulýan hassahana dünýäniň iň kämil enjamlary bilen doly üpjün ediler. Ol welaýatyň we ýurdumyzyň raýatlaryna, şeýle-de daşary ýurtly näsaglara, şunda ozaly bilen goňşy ýurtlardan, Owganystandan bolan näsaglara ýokary derejede hyzmat eder. 

Mälim bolşy ýaly, türkmen-owgan gatnaşyklary barha ösdürilýär. Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge uly goldaw berýär. Oňa ynsanperwer kömekleri ugradýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda mekdep, saglyk öýi, çaga dogrulýan öý guruldy. Ýerli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak üçin goňşy ýurda lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň topary, lukmançylyk serişdeleri we beýleki zerurlyklar ugradyldy.

Döwletara ylalaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň dürli okuw mekdeplerine owganystanly ýaşlaryň onlarçasy kabul edildi. Şolaryň bir topary Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda bilim alýanlardyr. 

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýär. Elektrik energiýasyny ibermegiň möçberini artdyrmak maksady bilen täze elektrik geçiriji ulgam gurulýar. Şonuň netijesinde, goşmaça energiýa kuwwatlyklary dörediler, goňşy ýurda elektrik energiýasy has köp möçberlerde iberiler.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, halkara gatnaşyklarda bolşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda uly ähmiýete eýedir. Bu ägirt uly energetiki taslamanyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, oňa maýa goýumlary çekmäge, bu ýurtda köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, gürrüňsiz, kömek eder.

Mundan birnäçe aý ozal Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň açylyş dabarasynyň bolandygy hemmeleriň ýadyndadyr. Asla şeýle wakalaryň hiç biri diňe ýyllar däl, asyrlar geçip hem unudylmaýar. Şeýle wakalar taryh gatyna zer harplar bilen, ebedilik ýazylýar. Döwrüň beýik gurluşyklarynyň ähmiýeti barha we barha artýar. Olar bu gün bize we dünýä hyzmat edýän bolsa, geljekde biziň nesillerimize we dünýä has köp hyzmat eder. Häzirki döwürde şeýle desgalary türkmen gurluşykçylarynyň özleri abraý bilen bitirmegi başarýarlar. Gürrüňi edilýän demir ýoly hem türkmen gurluşykçylary gurdular. Bu işe ýurdumyzyň dürli ýerlerinden bolan, şol sanda lebaply işçi-hünärmenleriň uly topary gatnaşdy.

Şol şanly waka mynasybetli welaýatyň ilaty Gahryman Arkadagymyzy, belent mertebeli we abraýly myhmanlary garşylady. Hut şol pursatlar hem taryhy döwrümiziň aýratyn taryhy pursatlaryna öwrüldi. Türkmen hem owgan topraklarynda bolan dabaralar iki halkyň bozulmaz dostlugynyň, doganlygynyň güwäsi bolup, dünýä ýaň saldy. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bu möhüm böleginiň işe girizilmegi iki goňşy ýurt üçin hem, yklym üçin hem, dünýä üçin hem juda ähmiýetli. Ol hyzmatdaşlygyň, ösüşiň, ine, şeýle derejedäki täze, iňňän amatly, ygtybarly ýoluny döretmegiň başyny başlady. 

Amyderýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprüleriniň ähmiýetini bir söz bilen düşündirmek mümkin däl. Bu köprüler welaýatyň ilatynyň, bütin halkymyzyň durmuşynda, ýurdumyzyň köp taraply ösüşlerinde, halkara gatnaşyklarda täze eýýamyň, asyrlara uzap gitjek eýýamyň ýoluny açdy diýsek, lap edip aýtdygymyz bolmaz. Şu köprüleriň gurulmagy hem ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde Lebap welaýatyna nähili uly ornuň degişlidigini görkezýär. Atamyrat — Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Seýdi — Eljik awtomobil köprüsiniň işe girizilenine kän wagt geçenok. Şeýle köprüleriň ýene ikisi, Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýol köprüleri golaýda, 7-nji martda iki goňşy ýurduň — Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şeýlelikde, beýik derýanyň iki kenaryny birleşdirýän köprüleriň sany bäşe ýetdi. Ýeri gelende, Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň ugrunda hem äpet köprüleriň ikisiniň gurlandygyny ýatlasymyz gelýär. Olar “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň akabasynyň we Garagum derýasynyň üstünden gurlan demir ýol köprüleridir.

Welaýatda ýene köp sanly binalaryň, desgalaryň gurluşyklary dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň sebitlerde durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy, gurluşyklarda işleriň gidişi bilen öz ýerinde, içgin tanyşmagy ýöne ýere däl. Ol işlere döwletimiz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýär. Ol işleriň juda kämil ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalar edilýär. Ol işler biziň umumy ösüşlerimizi häsiýetlendirýär. Ol işler has beýik maksatlara ýetmegiň, öňe, diňe öňe gitmegiň ýolunda örän möhüm. 

Şol beýik gurluşyklary ýakyndan synlamak her bir raýat üçin, döredijilik adamsy üçin hem, gör, nähili ýakymly! Şol pursatlar buýsanjyňa buýsanç goşýar, geljege ynamyňy berkidýär. Gurluşyklar — juda möhüm gurluşyklar, özgertmeler — juda möhüm özgertmeler, olaryň hili hem tizligi döwrümiziň beýik döwürdigini, ösüşlerimiziň bedew batly ösüşlerdigini aýan görkezýär...

Welaýat merkeziniň düýpli özgerýän keşbini, bu ýerdäki gurluşyklary, täze binalary, desgalary synlap: “Niredesiň Garlyk!” diýip ýola düşýäris. 

Eýsem, edil häzir biz näme üçin göni Garlygy nazarlap barýarys? 
Ýurdumyzyň tebigy baýlyklara juda baý bu künjeginde bitirilýän işleriň hetdi-hasaby ýok. Bu ýerde Garlyk şäherçesi döredildi, Lebap sement zawody guruldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, uly tagallasy bilen ýene bir desganyň, örän möhüm, örän uly desganyň gurluşygy amala aşyryldy. Şeýlelikde, ýakyn günlerde bu ýerde halkara ähmiýetli waka bolar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda täze kärhana, ýagny dag-magdan baýlaşdyryjy toplum uly dabaralar bilen açylyp, ulanmaga berler. 

Bu wakanyň ähmiýeti, umumylykda alnanda, Türkmenistanyň senagat ýurduna öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr. Has anyk aýdylanda, Türkmenistanda senagatyň täze pudagynyň — dag-magdan senagatynyň döreýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde, bu waka tutuş sebitde dag-magdan senagatynyň we umuman, senagatyň ösüşini şöhlelendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşleri üçin zerur bolmak bilen, bütin sebitiň durmuşynda ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň we sebitiň örän zerur önümlere isleglerini kanagatlandyrmakda ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň we sebitiň ykdysady galkynmalarynda, halklaryň ýaşaýyş derejeleriniň ýokarlanmagynda ähmiýetlidir. Döwletara gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagynda ähmiýetlidir.

Kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň senagatynyň köpugurly ösüşinde, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda, halkara ykdysady gatnaşyklaryň — diwersifikasiýalaşdyrylmagynda täze ädimdir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, şonuň bilen aýrylmaz baglanyşyklylykda, beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça ösdürmek meselesi Gahryman Arkadagymyzyň ösüş hem hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýratyn möhüm ugurlarynyň biri. Golaýda, has takygy, 1-nji martda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Yslamabatda geçirilen XIII sammitinde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz halkara hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ýene bir gezek ünsi çekdi. Ýewraziýa yklymynda ösüşiň täze belentliklerine galmagyň ygtybarly ugry hökmünde hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak pikirini öňe sürdi. Şeýlelikde, munuň özi öňde-de nygtaýşymyz ýaly, diňe bir ýurduň däl, sebitiň we yklymyň, umuman, dünýäniň işine itergi berýän işdir.

Garlykda döwrüň beýik gurluşyklaryna badalga berleli bäri dünýäniň nazary bu ýere gönükdi. Şu günler — senagat kärhanasynyň açylmagynyň öň ýanyndaky günlerde muňa aýratyn dykgat bilen garaýarlar. Aýdyşlaryna görä, kärhananyň önümlerini almak üçin daşary ýurt kompaniýalary eýýäm uly gyzyklanma bildirýärler. Bu kärhananyň döremegi bilen ýurdumyzda senagatyň täze pudagy — häzirki zaman dag-magdan senagaty döreýär. Ine, şuňa görä, onuň ulanmaga berilýän günleri tutuş halkymyz üçin aýratyn taryhy pursatlardyr. Aýratyn taryhy pursatlar! Biz, ozaly bilen, hut şunuň üçin paýtagtdan Lebaba gaýtdyk. Welaýat merkezine gelen badymyza hem Garlyga tarap ugur aldyk.

Welaýat merkezinden Köýtendag etrabyna çenli — öňde uzak ýol. Ýüzlerçe kilometrlik ýol. Göwün birsalym bu ajaýyp şäheriň — Türkmenabadyň barha gözelleşýän keşbinde eglenýär. Şäheriň çäklerinde gadymyýetden habar berýän nyşanlar-da göze ilýär. Uzak-uzak asyrlar, agyr-agyr döwürler her näçe jebir salsa-da, olary doly ýitirip bilmändir. Gadymy hem şöhratly Amul şäheriniň galyndylary bu gün gülläp ösýän Türkmenabada egin diräp otyr. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, Amul şäheriniň ady orta asyrlardan bäri “Amul derýasy” manysynda Amyderýanyň adynda ýaşaýar. Diňe şunuň özi-de iki müň ýyldan uzak geçmişli bu şäheriň ähli döwürlerde şöhratlanandygyny görkezýär. Gadymyýetde Amul adyny, soňra telim asyrlap Çärjew adyny alan şäher bu gün täze ady — Türkmenabat ady bilen lowurdap görünýär. Ata-babalarymyzyň mesgen tutan topragynda şu ajaýyplygy — ak mermere beslenýän, gülläp ösýän, zamananyň medeniýet, sungat, durmuş, senagat merkezine öwrülýän şäheri döredýändigi üçin, diňe şunuň üçin hem Gahryman Arkadagymyza näçe alkyş aýtsaň aýdybermeli.

Türkmenabat! Şäher, gör, nähili ajaýyp ady göterýär! Munuň özi türkmen dünýäsiniň abatdygyny, bozulmazdygyny aňladýar. Munuň özi türkmen döwletiniň berkarardygyny, mizemezdigini aňladýar. Munuň özi şunça asyrlar, müňýyllyklar geçip, şol ozalkylary ýaly, türkmeniň öz topragynyň eýesidigini aňladýar. 

Lebap. Türkmen Diýarynyň aýrylmaz bölegi bolan bu ýerde derýa ýakasynyň gözelligi bilen çöl gözelligi özboluşly sepleşýär. Bu ýerde dag gözelligi bilen düz gözelligi özboluşly sepleşýär. Bu ýerde gadymy dünýä jandarlarynyň — dinozawrlaryň ýaşan döwürlerinden bäri gelýän taryh gat-gat bolup, şu gün bilen sepleşýär. 

Lebap bütinleý joşgunly derýanyň iki kenarynda ýerleşýär. Amyderýa jülgesiniň müň elwan öwüşginli gözelligi, sansyz nygmatlary, ýaşaýyş üçin amatlydygy, lezzetlidigi aýdyp aňyrsyna çykar ýaly däl. Bereket eçilýän meýdanlar, hasylly baglar... Bu ýerde ýurduň ähli welaýatlaryny birleşdirýän beýik çöl hem, ýurduň ähli welaýatlaryna suwy ýetýän beýik derýa hem, ýurduň gaýtalanmajak gözelliklerine güwä geçýän beýik dag hem... bar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişmek dabarasyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, “biziň owadan daglarymyz, ümmülmez sähralarymyz, ajaýyp derýalarymyzdyr köllerimiz bar”. Bu baýlyklarymyzdan aýawly, netijeli peýdalanmak maksadyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şonuň bilen birlikde, Köýtendagyň jülgelerinde, Amyderýanyň, Garagum derýasynyň boýlarynda köp sanly dynç alyş merkezleri gurlar. 

Lebapda döwrüň köpugurly özgertmeleri dowam etdirilýär. Ol özgertmeler ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzy bolçulygyň, rahatlygyň, bagtyň gujagynda ýaşatmaga hyzmat edýär. Bu günki döredilýän durmuş eşretleri bu topraga täze döwranyň gelendigini görkezýär... 

Biz uly ýoluň iki ýakasyny synlap barýarys. Bir egnimizde — Amyderýa jülgesiniň mes toprakly ýerleri, bir egnimizde — Garagumuň aňňat-aňňat gum depeleri... 

Oba-şäherler, gök öwüsýän bugdaýly meýdanlar, ekişe taýýarlanylýan ýerler, baharyň hoştap howasyndan dem alýan dal-daragtlar, gül açan erikler, jana gelýän pyntyklar, pudaklar, baldaklar, bogunlar...

Barybir, pikir-oýumyzdan Garlyk aýrylanok. Ýogsam bolmasa, bu toprakda başga-da örän uly wakalar bolup geçdi, beýik özgermeler amala aşyryldy, taryhy işler bitirildi. Şeýle işler ýene dowam etdirilýär. Eýsem-de bolsa, her günüň öz wakasy, öz şatlygy, öz toýy bolýar. Şeýlelikde, gezek — ýene Garlygyňky. 

Akmyrat HOJANYÝAZ.


Okalan sany: 27   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08616 sek. ýüklenen baýt: 50812