Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan.
Ýazylan wagty: 09 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan.



1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda
Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň taryhy 50-nji
mejlisinde Türkmenistan дöвлетимиз-“Bitarap döwleti” diýen statusyna eýe boldy
ве şol baradaky Rezolusiýa biragyzdan kabul edildi. 



Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky
dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjrň durmuşa geçirilýän
daşary syýasat ugry, häzirki döwrüň
möhüm meseleleriniň
çözülmegine gönükdirilip, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän netijeli
parahatçylyk, dörejilikli başlangyçlar giň goldawa we dünýä jemgyýetçiligiň
ykrar etmegine eýe bolýar, netijeli halkara özara gatnaşyklar üçin ygtybarly
köpri bolup çykyş edýär. 

Türkmenistanyň alyp
baryan ikitaraplyk derejesi häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen syýasy
ykdysady
, medeni, ylym-bilim we
beýleki ulgamlara giň özara gatnaşyklary ýola goýmakda köp taraply daşary
strategiçasyny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orna eýe bolýar. Çünki, Bitaraplyk
üçünji müňüyllygyň wajyp maksatlaryna ýetmäge ähliumumy parahatçylygyň we
durnukly ösüşin üpjün edilmegine halkara hyzmatdaşlygynyň
pugtalandyrylmagyna  gönükdirilen Türkmen
döwletiniň syýasatynyň esasydyr.



Dowamlylyk hemde
adamüzadyň iň gymmatly ynsanperwer däplerinio dabaralandyrmagy parahatçylyk
özara düşünşmek dostluk başlangyçlaryna çuňňur sarpa goýýan türkmen halkynyň
üýtgewsiz çörelgesidir. 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemme künjeklerinde Bitaraplyk
gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri dabaraly we ýokary ruhybelentlik bilen
geçiriler. Bu baýramçylygy türkmenistanlylar “milli baçramçylyklaryň” biri
diýip hasaplaýarlar, agzybyr türkmen halky bu senäni giňden we şatlykly çäksiz
buýsanç duýgulary bilen baýram edýär.


Okalan sany: 59   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05079 sek. ýüklenen baýt: 33594