Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ajaýyp döwrümiziň waspy
Ýazylan wagty: 09 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Ajaýyp döwrümiziň waspy

Türkmenistanyň özbaşdak ösüşi, onda-da dünýä nusgalyk ösüşi hakynda birmahallar, meger, hiç kim pikir edip bilmezdi. Garaşsyzlyk türkmen topragynyň uly mümkinçilikleri, türkmen halkynyň bu mümkinçiliklerden akylly-başly peýdalanmagy başarjakdygy baradaky pikirleri öňe çykardy. Berkarar döwletiň saýasynda ýaşan ýyllarymyz, ine, şu pikirleriň örän dogrudygyna hemmeleriň gözüni açdy. Eýsem-de bolsa, ýurdumyzyň nähili uly mümkinçilikleriniň bardygyna, şol mümkinçilikleri başarjaňlyk bilen ulanmak üçin halkymyzyň nähili uly güýje eýedigine diňe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde has aýdyň göz ýetirip bolýar.

Ýurdumyzyň mümkinçilikleri dogrusynda her döwürde käbir hünärmenleriň, alymlaryň, düşünjeli adamlaryň öz ugurlary boýunça, özleriçe pikir edendigini inkär etmek niýetimiz ýok. Emma şol bilinýänler hem jemlenilmän, bitewi hala ýetirilmän, subut edilmän, ykrar edilmek derejesini gazanman, hereketsizligine, netijesizligine galdy. Munuň hem üstesine, olaryň ählisiniň diňe öz döwrüniň çäkli pikir-garaýşy bolandygy hakykatdyr. Her döwrüň öz ýagdaýy bolýar. Döwrüň ýagdaýy adamlaryň aň-düşünjesini, gözýetimini, hatda arzuw-maksatlaryny, isleglerini kesgitleýär. Şoňa görä, meger, döwürden öňe geçip, şondan ýokarda, şondan giň, şondan çuň pikir ýöretmek mümkin hem bolan däldir.

Bu günki türkmen — öz ýurdunyň doly hukukly eýesi. Bu günki türkmen öz ýurdunyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigine doly göz ýetirýär. Bu günki türkmen öz ýurduny özüniň öňe äkidip biljekdigine doly ynanýar. Bu günki türkmen ýurdunyň giň ykdysady mümkinçilikleri bilen hem, bilim-düşünjesi, başarnygy bilen hem özüni dünýä doly ykrar etdirýän halk. Biziň döwrümiz — özgerişleriň, ösüşleriň döwri. Şonuň bilen halkyň köp asyrlyk taryhy tejribesi oýanýar, ösen dünýä düşünmek ukyby oýanýar. Diňe bu hem däl, täze döwrüň talaby, şertleri bilen halk öz tejribesini barha baýlaşdyrýar. Belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ýaşaýşyň özboluşly nusgasyny gaýtadan dünýä görkezýär.

Erkin pikirlenmek, erkin ösmek, öňe, diňe öňe gitmek — şeýle derejäni bize döwrümiz berýär. Eýsem-de bolsa, döwür öz-özünden beýik döwür bolmaýar. Halkyň döredijilik mümkinçilikleri öz-özünden açylmaýar. Munuň üçin halkyň döredijilik güýjüni oýarmagy, herekete getirmegi, ösdürmegi başarýan, döwri döwür edýän Baştutanyň gerekdigi düşnüklidir. Ine, Gahryman Arkadagymyzyň milletiň öňündäki beýik hyzmaty, bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty şunuň bilen baglanyşyklydyr! Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň ynamy hem söýgüsi şunuň bilen baglanyşyklydyr! Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dolan at-abraýy şunuň bilen baglanyşyklydyr!

* * *
Ýurdumyzyň nähili uly mümkinçilikleriniň bardygyna, şol mümkinçilikleri başarjaňlyk bilen ulanmak üçin halkymyzyň nähili uly güýje eýedigine diňe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde has aýdyň göz ýetirip bolýandygyny aýtdyk. Ol işleri sanap aňyrsyna çykar ýaly däl. Ol işleriň her biriniň ähmiýeti barada näçe gürrüň etseň-de az. Ol işleriň her biri juda giň hem çuňňur mana eýe. Ol işleriň her biri ýeneki işlere ýol açýar. Ol işleriň her biri täze menzilleri salgy berýär. Olar barada biz aýdýarys, hemmeler aýdýar. Olar barada geljek nesiller aýdar, asyrlar aýdar.

Ol işler diňe şu günümizi däl, geçmişimizi hem beýgeldýär. “Geçmişimizi beýgeldýär” diýenimde, men muny bu günki beýik işleriň ata-babalarymyzyň jahany aňk eden şöhratyna düşünmäge kömek edýändigi, şol beýik taryhy açýandygy, şol beýik taryh bilen ýüze çykýandygy, şol beýik taryhyň dowamydygy bilen baglanyşykly aýdýaryn.
Ol işler diňe geçmişimizi, şu günümizi däl, geljegimizi hem beýgeldýär. “Geljegimizi beýgeldýär” diýenimde, men muny bu günki beýik işleriň uzak ýyllara, asyrlara hyzmat etjekdigi, nesilleriň has bagtly, eşretli ýaşamagyna berk binýatdygy bilen baglanyşykly aýdýaryn.

Hormatly Prezidentimiz golaýda welaýatlaryň ählisinde bolup, möhüm gurluşyklaryň amala aşyrylyşy bilen gyzyklandy. Diňe şol gurluşyklaryň özi-de döwrüň nähili öňe gidendigini bütin aýdyňlygy bilen görkezip dur. Dogrudan-da, biz nähili öňe gidipdiris! Mundan sähel wagt ozal pikirini hem edip bilmedik gurluşyklarymyz! Möçberi boýunça-da, gymmaty boýunça-da, ähmiýeti boýunça-da ägirt uly gurluşyklar! Ýurdumyzyň gülläp ösüşlerinde iňňän möhüm gurluşyklar! Halkymyza uzak-uzak ýyllar hyzmat etjek gurluşyklar! Geoykdysady taýdan hem, geosyýasy taýdan hem eziz Türkmenistanymyzy sebitde we dünýäde örän ähmiýetli orna çykarýan gurluşyklar!

Türkmenbaşy şäheriniň Garabogaz şäherinde karbamid önümçiligi boýunça zawod gurulýar. Ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň hataryna çykaryldy. Pudagyň işiniň has ilerlemeginde bu karbamid kärhanasyna uly ähmiýet berilýär. Bu diňe bir pudagyň ösüşi däldir. Ýerli çig mal serişdeleriniň doly möçberlerde ulanylmagydyr. Beýleki pudaklaryň zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagydyr. Hakykatda, ykdysadyýetiň ähli pudaklary biri-biri bilen berk baglanyşykly. Şeýlelikde, munuň özi biziň bütin durmuşymyz bilen baglanyşykly, obadamy ýa şäherde — parhy ýok, haýsy ýerde ýaşaýandygymyza, haýsy kärde zähmet çekýändigimize garamazdan, biziň bütin işimiz bilen baglanyşykly. Pudaklar, ulgamlar biri-birine goldaw berýär, biri-birini ösdürýär, şeýdip bütin ýurt ösýär, durmuş gaýnap-joşýar, ähli ýerde bagtyýarlyk höküm sürýär.

Himiýa senagatynyň kuwwatlyklary täze kärhananyň önümleriniň hasabyna ep-esli artar. Şunuň bilen pudagyň eksport mümkinçilikleri hem artar — bu biziň umumy ykdysadyýetimiziň girdejililigidir, berkemegidir, ösüşidir. Eksportyň artmagy netijesinde dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk giňeýär — bu biziň ýurdumyzyň dünýädäki abraýydyr, dünýäniň umumy ösüşlerine goşandydyr.

Täze karbamid kärhanasynyň işe girizilmegi bilen oba hojalygy ýokary netijeli mineral dökünler bilen üpjün ediler. Diýmek, munuň özi oba hojalygynda işleriň ilerlemegidir. Daýhanlar üçin mineral dökünleriň bolçulygydyr, elýeterliligidir. Ýerleriň bol hasyllylygydyr. Maldarçylykda, guşçulykda ot-iým binýadynyň berkidilmegidir. Ýurtda azyk bolçulygydyr.

Görnüşi ýaly, bir pudagyň ösüşi, onuň iňňän möhüm kärhanalarynyň gurulmagy ýurduň umumy ösüşlerine, hatda dünýä bilen gatnaşyklaryna örän oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garlykda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy kärhananyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýandygyny ýatlamak hem ýakymly. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky Garlyk ýatagynda çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan hem kän. Bu ýerde kaliý dökünleriniň ýylda 1 million 400 müň tonnasyny öndürjek dag-magdan toplumynyň gurluşygyny belarus hünärmenleri türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde amala aşyrýarlar. Taslama kuwwatyna çykmagy bilen, toplumda her ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çykarylar we gaýtadan işleniler. Şeýlelikde, bu ýerde örän uly senagat merkezi peýda bolýar, milli senagatymyz üçin täze pudak — dag-magdan senagaty döreýär.
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gyýanly şäherçesine, soňra Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz menziline hem bardy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolanda, täze döwrebap sport toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.

Hazaryň kenarynda, Gyýanlyda tebigy gazy gaýtadan işleýän, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa kärhanasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenistan bu gün diňe tebigy gaz, nebit ýaly, ilkinji energiýa serişdeleriniň bazarynda öz ornuny pugtalandyrýan ýurt däl. Türkmenistan bu gün tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan, çuňňur işlemegiň, şonuň netijesinde alnan önümleriň eksportyny artdyrmagyň ýolunda ägirt uly işlere badalga berdi. Ine, şunuň netijesinde Türkmenistan örän ýakyn wagtlarda gymmat bahaly polimer önümleriniň bazarynda öz ornuny eýelär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2013-nji ýylda ýurdumyzyň deňiz derwezesi bolan Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara portuň düýbi tutuldy. Halkara deňiz menziliniň taslamasynyň doly amala aşyrylmagy bilen, bu ýerde häzirki zaman parom, ýolagçy we konteýner terminaly peýda bolar. Şular bilen baglanyşykly kenar ýakasynyň köp sanly desgalary, estakada aýrytly awtoýollar, demir ýollar hem gurlar. Türkmenistan häzirki döwürde ulag strategiýasyny görlüp-eşidilmedik derejede berkidýär. Şeýle işleriň gözbaşynda durmak bilen, ol işleriň amala aşyrylyşyna mydama gözegçilik etmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň beýik geljegini gurýar. Täze Halkara deňiz portunyň gurulýan ýerinde hormatly Prezidentimiz mundan öň hem birnäçe gezek bolup, işleriň gidişini synlapdy, işlere baha beripdi we deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglaryny özara baglanyşdyrjak multimodal merkeziň, şeýle-de logistika hyzmaty ulgamynyň ýokary derejede döredilmegine ünsi çekipdi.

Türkmenistan ähli babatda, ulag-logistika merkezi hökmünde hem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Halkara ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň, ýükleriň gatnadylmagynyň örän möhüm, amatly, ygtybarly çatrygyna öwrülýär. Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen, ony taryhy şertlere laýyklykda ösdürýär, täze derejelere çykarýar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan iri sport toplumy islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge ukyply bolar. Okuw-türgenleşik merkezi hökmünde hyzmat eder. Ýurdumyzyň türgenlerini, milli ýygyndylaryny yklym hem dünýä derejesindäki ýaryşlara, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin berk binýat bolar. 2017-nji ýylda — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda, ýurdumyzy ägirt uly sport baýramçylygynyň joşguny bilen galkyndyrjak Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýylynda bu barada aýtmak aýratyn ýakymly.

Awaza! Ady-owazasy jahana dolan Awaza! Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan işler Awaza barha uly meşhurlyk getirýär. Hazaryň şypaly kenaryndaky ajaýyp zolak, edil ertekilerdäki ýaly, birden peýda bolan merjen şähere meňzeýär. Eýsem-de bolsa, ol diňe deňiz kenarynyň tebigy gözellikleri bilen sazlaşýan, biri-birinden gözel binalaryň, adam eli bilen döredilen ýene köp sanly täsinlikleriň şäheri däl. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda bitirilen işler, bulardan hem başga, Awazany ynsan ählini özüne çekýän ýene köp gymmatlyklaryň mesgenine öwürdi. Awaza — syýahatçylyk merkezi. Awaza — özboluşly şypahana merkezi. Awaza — dynç alyş merkezi. Awaza — sport bilen meşgullanmagyň merkezi. Awaza — sagdynlygyň hem ruhubelentligiň merkezi. Awaza — eşretiň hem rahatlygyň merkezi...


Okalan sany: 154   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05555 sek. ýüklenen baýt: 42592