Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Gazhimiýa toplumynyň gurluşygy batly depginde barýar
Ýazylan wagty: 09 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
Gazhimiýa toplumynyň gurluşygy batly depginde barýar

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen nebitgaz toplumynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Daşary bazara «mawy ýangyjy» çykarmak, täze magistral gaz geçirijiniň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen birlikde halkymyzyň esasy baýlyklarynyň biri tebigy gazy gaýtadan işlemek maksady bilen gurulýan täze desgalaryň sany barha artýar. Şeýle iri desgalaryň biri paýtagtymyz Aşgabat şäherinden 32 kilometr demirgazykda, Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesindäki gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan tebigy gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän gazhimiýa toplumydyr.

Gum içinde gurulýan, 57 gektar meýdana ýaýylyp ýatan zawodyň gurluşygynyň köp bölegi ýerine ýetirilipdir. Ony daşdan synlanyňda hem görmek bolýar. Mundan sanlyja ýyl öň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen bu möhüm desganyň düýbi tutulypdy. Ol wagtlar bu ýerleri gum depelerinden ybarat boş meýdandy. Indi bolsa, dünýäniň hiç bir künjeginde bolmadyk önümçilik toplumy kemala gelip barýar.

Bu toplum işe girizilip, doly güýjünde işläp başlansoň, ýylda 600 müň tonna A-92 kysymly Euro-5 standartyna gabat gelýän benzin öndüriler. Tebigy gazdan öndüriljek benziniň hiliniň juda ýokarydygyny, onuň doly we arassa ýanmagynyň netijesinde daşky gurşawa zyýanly täsiriniň örän pesdigini bellemek möhümdir. Önümçilik üznüksiz hereket eder. Desganyň gurluşygynyň maksatnamasynda önümçiligiň dynuwsyz alnyp barylmagy üçin ähli iş usullary, şertler we ätiýaçlyk ýagdaýlary doly meýilleşdirilipdir. Şoňa görä-de, ähli işler meýilnamada talap edilişi ýaly amala aşyrylýar.

Zawod işe girizilensoň, ýörite niýetlenilen desganyň kömegi arkaly elektrik energiýasy bilen 90 göterim öz-özüni üpjün eder, diňe 10 göterimi daşyndan alnar. Bu bolsa kärhananyň özünde öndürülýän elektrik energiýasynyň hasabyna işlemäge ukyplydygyny, eger-de toguň önümçiliginde bökdençlik, näsazlyk ýüze çykan halatynda daşyndan gelýän energiýa bilen önümçiligiň dowam etjekdigini görkezýär. Bökdençlik iki taraplaýyn ýüze çykan halatynda, elektrik energiýasyny öndürýän ätiýaçlyk dizelleri herekete getirilip, işiň üznüksizligi dowam eder.

Zawodyň metanol reaktorlarynyň, benziniň hilini gowulandyrýan, taýýar benzini saklaýan, sintezgaz, gyzdyryjy peçler, kompressorlar, elektrik toguny öndürýän ätiýaçlyk dizeller, suw arassalaýjy, suw sowadyjy, howa bölüji, kragen blogy, bug öndüriji, dolandyryş we gözegçilik ulgamynyň desgalarynyň, seksiýalarynyň, bölümleriniň ähli tehnologiýalaryny, enjamlaryny, apparatlaryny ornaşdyrmak, oturtmak we gurnamak işleri tamamlanypdyr. Häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada aýdylanda, awtomatlaşdyrylan ulgamlary, apparatlary, enjamlary sazlamak we düzmek, liniýalaryň içini arassalamak, enjamlary turbalara birikdirmek, betonlamak hem-de kebşirlemek, ýodalary çekmek, binalaryň daşky-içki abatlaýyş işleri alnyp barylýar.

Zawodda daşary ýurtlaryň ylmyň soňky gazanan enjamlary gurnalypdyr. Olarda işlemek üçin ýaş hünärmenlere ýörite okuw geçilýär. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda Russiýa Federasiýasynda ýörite hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçip gelen ýaş türkmen hünärmenleri dolandyryş we gözegçilik bölüminde Ýaponiýanyň «Ýokogawa» kompaniýasynyň önümleri bolan täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylan bölüminde zähmet çeker.
Zawodyň özünde hem hünär öwrediş okuwlary yzygiderli geçirilýär. Gurnalýan tehnologiýalar haýsy döwletden getirilen bolsa, olaryň wekilleri şol tilsimatlaryň işleýiş usullaryny hünärmenleriň doly ele almagy üçin okuwlary yzygider alyp barýar.

Biz bu ýerde bolanymyzda, Hytaý Halk Respublikasynda ýokary bilim alyp, gazhimiýa toplumynda zähmet ýoluna başlan ýaş ýigitleriň biri Aman Häsiýetow bilen gysgaça söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle diýdi:
– Men Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürjek gazhimiýa toplumynda meýdançadan daşarky we kömekçi ulgamlar sehiniň çalşyk ussasy bolup zähmet çekýärin. Orta mekdebi gutaranymdan soň Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherindäki Hytaý döwlet nebit uniwersitetiniň himiýa inženerçilik we tehnologiýasy fakultetine okuwa girdim we şol ýokary okuw mekdebini 2015-nji ýylda üstünlikli tamamladym. Önümçilik toplumy ulanmaga berlenden soň hem şu ýerde zähmet ýolumy dowam etmegi we ähli ukybymy, alan bilimimi sarp edip işlemegi maksat edinýärin. Bize bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, geljekde iş alyp barmaly ugurlarymyz boýunça taýýarlyk görýändigimizi aýtmalydyryn.

Bize gazdan benzin öndürýän desgalar boýunça Ýaponiýanyň, bug öndürýän desgasyndan Italiýanyň, elektrik togunyň önümçiliginden Belgiýanyň, bug bölüji desgalar boýunça Fransiýanyň ýörite hünärmenleri gelip, önümçilik ugurlary hakynda ýörite okuwlary geçdiler. Nesip bolsa, toplum işläp başlanyndan soň, bu ýerde döwrebap täze gurlan okuw merkezimiz hemişelik hereket eder. Biz hem öz gezegimizde hormatly Prezidentimiziň bize eden ynamyny ödäp, yhlas bilen zähmet çekeris.

Ýaş hünärmen mamla. Bu desga işlänine aňryýany bilen degýär. Biz iş üstünde bolanymyzda şunuň ýaly tebigy gazdan benzin öndürýän gazhimiýa toplumynyň dünýäniň hiç bir döwletinde ýokdugy, hut şol sebäpli-de köp döwletleriň Türkmenistandaky bu möhüm ähmiýetli gurluşyga uly gyzyklanma bildirýändigini zawodyň jogapkär işgärleriniň başga-da birnäçesi gürrüň berdi.

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň, parasatly başlangyçlarynyň netijesinde gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän gazhimiýa toplumynda işler başda belleýşimiz ýaly, meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Täze gazhimiýa toplumy bellenilen möhletinde – 2018-nji ýylyň aýagyna ulanylmaga berler.


Okalan sany: 193   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07454 sek. ýüklenen baýt: 35903