Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
HEKAÝA.
Ýazylan wagty: 15 декабря 2017 Ýazan Mayichka



ÇEŞME SUWY



 



Şirin aýdym-sazyň jadylaýjy mukamyndan ruhlanyp güýç alýan
jahyl ýigit belent başyny göge dirap, howalanyp duran dagyň eteginde gök maýsa
otlaryň üstünde her dürli maşklary ýerine ýetirýärdi. Günüň tylla şöhlesi hem
özüniň nurly çoguny äleme saçyp, naýza boýy ýokary galypdy. Ýigit her maşky
tamamlap, Güne seretdi. Onuň daş-töwereginde iňlär-siňek ýokdy. Ho-ol gyrarakda
ýap-ýaşyl öwsüp oturan arçalaryň arasyndan akyp geçýän çeşmäniň suwunyň
şybyrdap akýan täsin sesi radioda ýaňlanýan şirin aýdymyň sesine goşulyp,
üýtgeşik owazy emele getirýärdi.



Dagyň arassa tämiz howasy mylaýymlyk bilen öwüsýärdi. Tebigatyň
bu gözelligini  göreniňde kalbyň heýjana
gelýärdi.  Ýigit birdenem ylgap baryp,
daga dyrmaşyp başlady. Ol şeýle bir çalasyn hereket edýärdi. Onuň hereketleri
göze iler ýaly däldi. Ine-de ol günbataryň ýaryny tutup duran belent dagyň çür
başyna çykdy. Ol çalasynlyk bilen goşaryndaky sagada seretdi-de, ýene-de şol
batly hereketi bilen aşaklygyna inip gaýtdy. Ony synlaýan ynsan: «Bu jahyla
aýagynyň aşagyndaky daşlar ylgamaga päsgel bermeýärmikä. Tüweleme, edil tekiz
ýoldan ylgaýan ýaly» diýjegi gümansyzdy.



Uzagrakdan görünýän asfalt ýoldan gelýän awtobus duralgada
saklandy. Ondan üç sanygyz düşdi-de, göni akar çeşmäniň boýuna tarap
sallanjyrap ýöräp ugrady. Olaryň ekabyrragy:



— Şu gün-ä howa juda gyzýar! Teşneligimizi çeşmeden
gandyraýmasak, öýe çenli has beter suwsaýmasak — diýdi.



­— Dogry aýdýaň, jorajan,  men-ä ýaňy sapakda otyrkamam şu çeşmäniň dury
sowuk suwuny içesim geldi — diýip, jorasynyň sowalyna   jogap
berdi. Üçünji gyz el torbasyndan plastmas gabyny çykaryp:



       — Geliň, onda kim öňünçä çeşmäň boýunça
barmyşak diýip, uzyn, gara saçlaryny sagrysynda tolkundyryp, depeden aşak inip
gaýtdy. Joralar ala ýaz bolup, çeşmäň boýuna geldiler. Olar çeşmäniň süýji, dury
sowuk suwundan teşneliklerini gandyrdylar. Iki ädim golaýda duran uzyn söwüt ýykylyp,
çeşmäniň beýleki tarapyna agypdyr. Ol çeşmäniň üstüne köpri bolup durdy. Gyzlar
onuň üstüne münüp, sowuk suwa ýüz gözlerini ýuwdular. Näzik kalplary sowuk çeşme
suwuna aram tapan joralar garagolluk edip, biri-birine suw serpişip başladylar.
Olaryň gülküleri al-asmana göterildi. Göwnüňe bolmasa, gyzlaryň jak-jak sesleri
edil guşlaryň jagyrdaşýan owazlary kibidi. Bu täsin owaz saba säherden bäri
dagyň eteginde türgenleşik geçip ýören Serdar pälwanyň hem gulagyna ildi. Ol
kellesini galdyryp, bir salym diňşirgenip durdy. Bu sesleriň çeşmäniň boýundan
gelýändigini aňan ýigit ýuwaşlyk bilen ýöräp, gyzlara tarap gaýtdy. Häliden
bäri  hereket baryny eden ýigit özüniň
juda suwsandygyny şu wagt bilip galdy.



Ýigit çeşmäniň boýuna golaýlaşdygy saýy gyzlaryň gülküsi
has ýakyndan eşidilip ugrady. Birdenem duýdansyz berlen salama gyzlar tisginip
gitdiler. Olaryň üçüsem sähraýy çölde öz maýdalyna otlaşyp ýören jerenler kibi
keýerjekleşdiler. Biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, garşylarynda duran
çiginlek, edenli, daýaw pälwana garap: «Bu ýigit nireden çykdy?» diýen äheňde
geňirgendiler.



-        
Salam gyzlar! Men
sizi gorkuzaýdym öýdýän!?



Gyzlaryň ekabyrragy özüni ele alyp:



— Ýok-la, ýöne duýdansyz geleňizsoň geň gördük — diýip,
joralarynyň ýüzüne seretdi. Ýigit:



-        
Suw gaplaryňyzdan
suw içmek mümkinmi?



Gyzlar birbada näme jogap berjegini bilmän,
bir-birleriniň ýüzlerine bakyşyp ýylgyryşdylar. Olaryň ýylgyrmasynda ýigit
şeýle many okady: «Lummurdap akyp ýatan çeşme barka  bizden suw gap soraýar. Bu nä boluş?» diýen kinaýaly
sowallary gördi.



— “Çeşmäniň bol suwy akyp durka gap soramaňyz näme?”
diýip, geň gördüňizmi? Aý, ýöne daňdandan bäri türgenleşikde bolamsoň, gaty
suwsapdyryn. Elim bilen içsem wagty bilen doýmaryn diýip soraýdym.



Gyzlar ýigidiň bolşuna ala-ýaz bolup gülüşdiler. Serdar
pälwanyň gulagyna  şol pursat häli
radioda diňlän şirin aýdymynyň:



“Üç gözelden suw diledim gülüşdi,



Biri suw berdi-de beýläme geçd-ow...”



diýen owazy geldi. Ol şol aýdyma çalaja hiňlendi. Hälki
ýigidiň sowalyna jogap beren Aýsülük torbasyndan suw gabyny çykaryp, ýigide
uzatdy.



— Alyň, çeşmäniň sowuk suwundan şu gaby dolduryp içseňiz,
teşneligiňizi gandyrar — diýdi. Şol pursat ýigidiň algyr laçynyň ýiti gözleri
kibi ýanyp duran nazary gyzyň balkyldap duran ala gözlerine düşdi. Ol bir
pursat şol owadan gözlere bakyp durşuna suwsanlygyny hem unutdy.



— Aý, oglan suw iç-dä! Ne beýle doňup galdyň — diýen
sesine özüne geldi. Ýigit öz ýanyndan: “Ömrümde köp gyzlar bilen söhebtdeş
bolup görüpdim. Ýöne beýle owadan gözli gyza gabat gelmedim” diýip, içini
hümletdi. Şol wagt gyzlaryň ýene biri:



— Aý, oglan siz türgenmi?



— Hawa, gözel gyz, näme hyzmat?



— Meniňem körpe jigim göreş bilen meşgullanýar. Kakam
şoňa bir ökde tälimçi gözleýär. Belki siz öz türgenleşik geçýän toparyňyza
alarsyňyz — diýip, çyny bilen haýyş etdi.



-   Bolar. Näme bolman?
Meniň  ir bilen uniwersitetde okuwym bar.
Öýleden soň türgenleşikde bolýan. Habarlaşalyň. Nesip bolsa, jigiňizden güýçli
pälwan çykararys — diýip, Serdar ol gyza türgenleşik geçýän ýeriniň salgysyny
berdi. Gyz begenjinden myssa ýylgyryp, ýürekden minnetdarlyk bildirdi.



Serdar pälwan özüne ilki bolup suw gabyny uzadan Aýsülüge
mähirli bakyp, şeýle diýdi:



— Siz nirede okaýaňyz?



— Menem uniwersitetde okaýan. Taryh fakulteintde.



— Asyl şeýlemi?! ­ - diýdi-de: «Bäş ýyldan bäri şeýle
gözel gyzy görmedik gözlerim nirelerde eglendiň?!» diýip, içini gepletdi.  Gyz:



— Men sizi tanaýan. Siz Serdar pälwan. Ýapyk binalarda we
söweş sungaty boýunça geçen V Aziýa oýunlarynda hem siz guşakly göreşiň birnäçe
görnüşinden çykyş edip, altyn  medallar
gazandyňyz. Ýogsa-da sizi uniwersitetde tanamaýan ýog-a — diýip ýylgyrdy. Şonda
onuň alma ýaňaklaryndaky çukurjyk oýulyp gitdi. Ol bolsa bu gözel gyzyň
owadanlygyna üýtgeşik bir gözellik goşdy. Bu täsin gözelligi synlap duran ýigit
hem gyzyň öwgüli sözlerine hoş bolup ýylgyrdy.



— Aý, gaty bir beýle däldir-le. Sizem meni tanaýamydyňyz,
asyl?



Ýigit gyza beren sowalynyň jogabyna-da garaşman, sözüni
dowam etdi. Serdar:



— Men biziň uniwersitetimizde şeýle gözel gyzyň bardygyny
bilmändirin. Häliden bäri öz gözlerimden nägile bolup durun. «Şeýle gözel gyzy
görmäni nirä seretdiň sen» diýip.



Gyz birbada ýigitden şeýle sözleri eşiderin öýtmedimi,
nämemi, ol uýaljyrap, uzyn kirpikli gabaklaryny aşak goýberdi. Häliden bäri
Aýsülügi  göz astynda synlap duran
Serdaryň kalbyna üýtgeşik bir mähir çaýyldy. Bu onuň juwan kalbynda dörän ilkinji
söýgi ataşydy. Ol gyzlara  minnetdarlyk
bildirip, hälki jigisini türgenleşdirmegi haýyş eden gyza-da salgysyny berip,
şähere tarap ugrady.



Aradan birnäçe gün geçenden soň Serdar okuwyny tamamlap,
taryh fakultetiniň binasyna gelip, Aýsülügi gözledi. Binanyň içinden tapman,
onuň daşa çykdy. Şol ýerde-de oňa Aýsülük gabat geldi. Olar biri-birirne bakyşyp,
doňup galdylar. Ara düşen ümsümligi Serdar bozdy:



   Salam, Aýsülük! Men seni fakultetiň içinden gözlap tapmadym.



                  
Salam, Serdar! Biz
okuwymyzy häli gutardyk Şu wagt öýe gaýdaýyn diýip barýardym. El torbam
ýadymdan çykypdyr. Serdar:



— El torbaň ýadyňdan çykmagy ikimiziň görüşmegimize sebäp
boldy – diýdi. Gyz nar ýaly gyzaryp aşak bakdy. Çalaja sandyraýan sülük
barmakly akja elleri bilen uzyn gara saçlaryny sypalady. Serdar oňa golaýdaky
ýaşyl arçaly, güller bilen bezelen seýil baga gezelenç etmegi teklip etdi. Ýaş
juwanlar aşyklaryň şäheri bolan Aşgabadyň owadan köçesinden ýuwaşjadan ýörap
ugradylar. Ýaş türgen ýigit ýolda Aýsülüge joralarynyň jigisiniň eýýäm iki
ýaryşda üstünlik gazanyp, öňdaki orunlary eýelandigi barada kalby joşup gürrüň
berdi.  Geljekde onuň güýçli türgen bolup
ýetişjekdigine ynam bildirdi.



Az salymdan ýaşyl begres dona bürenip oturan seýilbagdan
juwanlaryň ýakymly gülki sesleri bagtyň nyşany bolup, guşlaryň saýraýan owazy
bilen utgaşyp, üýtgeşik bir mukam bolup, ýaňlanyp gitdi.



 



Okalan sany: 134   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05317 sek. ýüklenen baýt: 50944