Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Köp garaşylan medal.
Ýazylan wagty: 15 декабря 2017 Ýazan Mayichka


KÖP GARAŞDYRAN MEDAL



Türkmen paýtagtynda dowam eden “Aşgabat-2017” oýunlarynyň
agyr atletika bäsleşikleri hem ildeşlerimizi begendiren pursatlara baý boldy.
Olardan, Aziýa oýunlarynda halkymyzy köp garaşdyran altyn medalyň gazanylan
pursaty köp sanly agyr atletikany söýüjileriň kalbynda müdimi orun tutan bolsa
gerek.



Munuň özi türkmen sportunda taryhy waka boldy. Şeýle
taryhy buýsançly pursaty bolsa ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň agyr atletika
mekdebiniň wekili, agyr atletikaçylar maşgalasynda önüp-ösen ussat Rejepbaý
Rejebow öz halkyna bagyş etdi. Ilkinji gezek agyr atletika boýunça Aziýa
oýunlarynyň çempiony bolmak 1994-nji ýylda türkmeniň meşhur agyr atletikaçysy
Altymyrat Orazdurdyýewe miýesser edipdi. Ine, 23 ýyldan soňra ýene-de bir agyr
atletikaçymyz öz ajaýyp üstünligi bilen Aziýa yklymynyň sport baýramynyň
aýratyn bir bezegine öwrüldi.



25 ýaşly agyr atletikaçy üçin Aziýa oýunlarynyň altyn
medalyny gazanmak ýeňil düşmedi. Çünki, Aziýa yklymyna wekilçilik edýän agyr atletikaçylaryň
arasyndaky ýokary derejedäki ýiti bäsleşikler indi köp ýyllardan bäri dowam
edýär. Olaryň hatarynda dünýä çempionatlarynda we Olimpiýa oýunlarynda öz
başarnykly ussatlyklaryny görkezýänleri az däl. Muňa garamazdan, ildeşimiz
Rejepbaý Rejebow Aziýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanyp, ýaşyl tugumyzy belentde
parlatdy. 77 kg agram derejesinde çykyş eden Rejepbaý silterläp hem-de itekläp
götermek boýunça 353 kg netijäni görkezdi we altyn medala mynasyp boldy.



Ildeşimiz özbek türgeni Şahzod Hudaýbergenow bilen soňuna
çenli bäsleşdi. Iki türgen hem ýaryşyň baş baýragyny almak üçin elinde baryny
etdi. Netijede, şeýle dartgynly bäsleşikde türkmen türgeni öz ýeňşini baýram
etdi. Bu agramda bürünç medal Yrak döwletinden gelen Al-Hüsseýin Ahmada degişli
boldy.



—Türkmenistanly agyr atletika söýüjiler üçin örän wajyp
bolan altyn medaly türkmen topragynda eziz Watanymda alyp galandygyma
buýsanýaryn. Bu altyn medal indi türkmen agyr atletikalaryny şeýle ýokary
derejedäki ýaryşlarda diňe ýeňiş gazanmaga ruhlandyrar. Bu altyn medal kyblam
atam, eziz kakam Mömin Rejebowyň, doganym, agyr atletikaçy ussat Bahadur Rejebowyň
köp ýyllyk çeken zähmetleriniň, ruhdan düşmän bildiren yhlaslarynyň, çäksiz
arzuwlarynyň aýdyň miwesidir. Ýeňşimi olara we türkmen agyr atletikasynyň
ýeňşli geljegine bagyş edýärin. Elbetde, bu ýeňişleriň, ösüşleriň başynda
hormatly Prezidentimiz dur. Türkmen sportunyň ösüşine uly badalga beren mähriban
Arkadagymyzyň jany sag bolsun! Hormatly Prezidentimiziň aladalaryna öz
üstünliklerimiz bilen jogap bereris - diýip, Aşgabat 2017-niň” altyn medalynyň eýesi
Rejepbaý Rejebow öz begenjini biziň bilen paýlaşdy.



62 kg bilen agramda çykyş eden Ýaş olimpiýaçylary
taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçi mugallymy Meretguly Sähetmyradowyň we 53 kg
agramda çykyş eden Kristina Şermetowanyň itekläp hem-de silterläp götermekde
görkezen netijeleri olaryň baýrakly bürünç medaly gazanmaklaryna mümkinçilik
berdi. Zenanlaryň arasynda ýurdumyza 48 kg agram derejesinde wekilçilik edýän
Ýulduz Jumabaýewa itekläp we silterläp götermekde jemi 189 kg toplap, birinji
orna eýe bolan Hytaý Halk Respublikasynyň türgeninden bary-ýogy bir kilogram
yza galyp, kümüş medala mynasyp boldy.



Agyr atletikaçy pälwanlaryň ýaryşy gyzgalaňly ýagdaýda
dowam etdi. Zenanlaryň arasynda 90 kg agramda çykyş eden Aýsoltan Toýçyýewa
umumy 215 kg agramy göterip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu agramda Fiji
döwletinden gelen Eýlin Kikamatan altyn medaly gazandy.



Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň medallar ugrundaky çykyşy
+105 kg agramda çykyş eden Hojamuhammet Toýçyýewiň gazanan kümüş medaly bilen
jemlendi. Ildeşimiz iki görnüşiň jemi boýunça 239 kilogram netije görkezdi. Özbegistanly
türgen Rüstem Jangabaýew bolsa bu agramda öz çykyşyny altyn medal bilen
tamamlady.



Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa
oýunlaryna gatnaşan agyr atletikaçylaryň çykyşlary özüniň tolgundyryjy, gyzykly
we täsirli pursatlary bilen türkmen sportunyň taryhynyň ajaýyp sahypalaryna
girdi. Şeýle ýokary derejedäki ýaryşda ildeşimiz Rejepbaý Rejebowyň gazanan
altyn medaly bolsa ýaryşyň esasy wakasyna öwrüldi.
     




Okalan sany: 89   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06010 sek. ýüklenen baýt: 36093