Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
YHLASA-MYRAT
Ýazylan wagty: 15 декабря 2017 Ýazan Mayichka


YHLASA – MYRAT



Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça iň çekeleşikli,
gyzgalaňly, ýiti äheňdäki tolgundyryjy hem şowhunly geçen bäsleşikleriň biri 3
x3 basketbol
ýaryşy boldy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Bu bäsleşikler paýtagtymyzyň
Olimpiýa şäherçesiniň 3x3 basketbol arenasynda boldy. Aziýa we Okeaniýa
yklymlaryndan 15-e golaý döwletden gelen erkekler we zenanlar toparlary hem-de
bu duşuşyklary synlamaga gelen tomaşaçylar 5 günläp juda çekeleşikli
bäsleşikleriň şaýady boldular.



Bu oýnuň tapawutly tarapy – ol arassa 10 minutlap dowam
edýär we haýsy topar berlen wagtyň içinde ilki 21 utuk gazansa, şol topar
ýeňiji diýlip yglan edilýär. Eger duşuşyk deňme-deň tamamlansa, onda toparlaryň
biri 2 utuk aratapawudy bilen öňe saýlanýança, goşmaça wagt bilen ýaryş dowam
etdirilýär.



Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar
toparlaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna
serbiýaly hünärmen Milan Kotoras bilen tälimçi Redwan Welişaýew bilelikde
taýýarladylar.



Ýaryşyň ilkinji güni düzüminde Aýna Gökowa, Leýla
Halylowa, Nigýara Nagiýewa we Mährijemal Jumageldiýewa dagynyň çykyş edýän
zenanlar ýygyndy toparymyz ilkinji duşuşygynda Siriýanyň toparyndan 14:21
hasabynda ýeňlen hem bolsa, şol gün olar ikinji duşuşygynda Mongoliýanyň
toparyndan 19:17 hasabynda üstün çykdy.



Ýaryşyň ikinji güni erkekler ýygyndy toparymyz birinji
duşuşygynda Owganystanyň toparyndan 11:17 hasabynda ýeňlen hem bolsa, şol gün
olar hem ikinji duşuşygynda Samoa adalarynyň toparyny 22:11 hasabynda ýeňdiler.



22-nji sentýabrda erkekler ýygyndy toparymyz Yragyň
toparyny 20:13 hasabynda ýeňdi, 23-nji sentýabrda bolsa ýarym finala çykmak
ugrundaky göreşde Kataryň toparyndan 12:14 hasabynda asgyn geldi. Zenanlar
toparymyz bolsa Eýranyň toparyndan 14:7 hasabynda üstün çykyp, ýarym finala
çykdy.



24-nji sentýabrda geçirilen duşuşyklar has-da özüne
çekijiligi bilen tapawutlandy. Ilki bilen finala çykmak ugrunda zenanlar
ýygyndy toparymyz Taýlandyň toparyndan 11:20 hasabynda ýeňildi. Garşydaşlardan
P.Ýofanan – 7, T.Maýihon – 6 we N.Bonmy – 5 utuk getirip, toparynyň finala
çykmagyna saldamly goşant goşdular.



Üçünji baýrakly orun üçin biziň zenanlar toparymyz
Siriýanyň topary bilen duşuşdy. Ildeşlerimiz utuk sany boýunça arany yzygiderli
açsa-da, garşydaşlar erjel oýnap, hasaby deňleýärdiler. Bu duşuşykda toparyna
A.Gökowa – 5, N.Nagiýewa – 4, M.Jumageldiýewa – 4 we L.Halylowa – 2 utuk
getirip, umumylykda 15:12 hasabynda ýeňiş gazandylar we Ýapyk binalarda we
söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bürünç medalyna mynasyp boldular.



Zenanlaryň arasyndaky final duşuşykda Taýlandyň topary
Özbegistanyň toparyndan 22:20 hasabynda üstün çykyp, bu oýunlaryň altyn
medalyny gazandy.



Erkekleriň arasynda 15:14 hasabynda Mongoliýanyň
toparyndan üstün çykan Kataryň topary we Gyrgyzystanyň toparyndan 20:18
hasabynda üstün çykan Yragyň topary finala çykdylar. Finalda Kataryň topary
22:12 hasabynda yraklylardan üstün çykyp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty
boýunça V Aziýa oýunlarynyň altyn medalyna mynasyp boldy. Üçünji baýrakly orun
üçin bäsleşikde Mongoliýanyň topary Gyrgyzystanyň toparyny 21:11 hasabynda utup,
bürünç medaly eýeledi.



3x3 basketbol arenasynda bu görnüşiň ýeňijilerine
baýraklary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň maglumat we statistika komitetiniň
başlygy Demçijaw Zagdsuran bilen Aşgabat şäheriniň Sport baradaky komitetiniň
Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň müdiri Şöhratguly Myratgulyýew
bilelikde gowşurdylar.




Okalan sany: 110   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11947 sek. ýüklenen baýt: 36634