NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Däp bolşy ýaly, golf barjamlylaryň oýny hasaplansa-da, hakykatda ol ähli raýatlaryň
hem oýnudyr. Sebäbi ol özünde sport türgenleşiklerini, ýeňşi, rahatlygy
saklaýar. Elbetde, ilkinji nobatda onuň oýun enjamlaryny edinmek biraz gymmadrak
düşse-de, saglyk üçin onuň belli bahasy ýokdur. Ol sport önümleri 20-30 ýyllap hyzmat edýär. Köplenç golf 100 gektar çemesi bolan
meýdanda, 18 sany çukurjykdan ybarat
bolan ýapgytly ýerde oýnalýar.
Golf oýny bilen
meşgullanmagyň 5 sebäbi
1. Bil myşsalaryny berkitmek. Yzygiderli türgenleşikler hereketiň
sazlaşyklylygyny gazanmagy üpjün edýär, çeýeligi goldaýar hem-de aşaky
myşsalar toplumyny işjeňleşdirýär:
—
bil (oňurganyň töweregini);
—
garyn myşsalaryny;
—
buduň yz tarapyny;
—
çatalba sebitini;
—
garnyň gyşyk we kese myşsalaryny.
Golf
taýajygy (swing) bilen urgy edilende bedeniň tas hemme myşsasy diýen ýaly
herekete gelýär. Şonlukda fiziki ýüklenmeler agyr däl, ýadamaklyk hem
ýuwaş-ýuwaşdan döreýär. Şol sebäpli ýürek myşsasy hem stres (dartgynlylygy,
galagoplygy) alamatlaryny duýmaýar.
2. Tebigatda dynç almak. Türgenleşikleriň tämiz howada
geçýändigi üçin bedende D witaminiň emele gelmesi artýar. Arkaňda ulanýan gerekli sport enjamlaryny
göterip ýöremek daýanç-hereket agzalarynyň tonusyna oňyn täsir edýär. Bir tapgyrda
oýna gatnaşýanlar 350 kkal çenli energiýa harçlaýarlar hem-de 6-8 km aralygy
geçýärler. Pyýada ýöremek esasy talap bolup durýar. Bu oýun üçin awtoulagda
gezelenç etmek o diýen ýaramly däl.
3. Dostlaryň sanyny artdyrmak. Golf
oýnuny oýnamak diňe bir fiziki durky gowulandyrmak bilen çäklenmän, wagtyňy
şadyýan we peýdaly geçirmegi hem üpjün edýär. Bu oýun işdeşleriň bilen topar
tutup, tebigata çykyp, birek-biregi gowy tanamaga, erkin gürleşmäge mümkinçilik
berýär. Olary biri-birine has-da jebisleşdirýär. Dostana gatnaşyklara oňyn ýol
açýar.
4. Emosiýalara (joşgunlylyga) erk etmek.
Ýaşyl baýyryň üstünde ýeňiş gazanmak
ýa-da ýeňilmek bolsa adaty durmuşdaky joşgunly ýokary galşy aňladýar. Bu sport
bilen meşgul bolmagyň netijesinde emosiýalary
dolandyrmaklygy we erk etmekligi, kynçylyklary ýeňip geçmegi gazanyp bolýar.
Her urgyny seljermegiň netijesinde her ädimi yzarlamak we adamyň öňünden haýsydyr
bir çaklama duýgusy oýanýar.
5. Medeni
gatnaşyklary gowulandyrmak. Golf oýnunda däp-dessuryň saklanmagyna hem üns
berilýär. Ol adamda dogruçyllyk, halallyk,
ygtybarlylyk, jogapkärçilik, birek-birege kömek bermek ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.
Adatça meýdanda emin bolmaýar, oýna gatnaşýanlar öz hereketlerini özi
bahalandyrýarlar, öz-özüne jerime belleýärler.
Bu
oýnuň muşdaklary ony ömri
uzaldyjy serişde hasaplaýarlar. Şeýle netijä Finlandiýanyň lukmanlary geldiler.
Alymlar 5 ýylyň dowamynda 55 sany az
hereketli erkek adamyň ýaşaýyş durmuşyna
gözegçilik edipdirler. Tejribe döwründe barlagdan geçýänler hepde-de 2-3 gezek
golf oýnuny oýnapdyrlar.
150
günden soň barlanýanlaryň fiziki görkezijilerini (gan basyş, güýç, çeýelik,
çydamlylyk we beýl.) öwrenipdirler. Alnan
maglumatlary golf oýnamadyk, ýöne az
hereketli 55 sany adam bilen deňeşdirip görüpdirler.
Netijeler
ygtybarly tapawutlanypdyr. Has takygy, tejribedäkilerde:
—
agram peselipdir;
—
ganda holesteriniň mukdary kada golaýlaşypdyr;
—
weloergometrde we ylgaw ýodajygynda
çydamlylyk artypdyr;
—
biliň aýlawy inçelipdir.
Bularyň
hemmesi arassa howada, tämiz meýdanda bolmak bilen gazanylypdyr. Adamlarda ruhubelentlik we ýaşaýşa höwes
döräpdir.
Bellenenlerden başga-da
bu oýun nerw dartgynlygyny aýryp, adamy rahatlandyrýar, hereketleri deňgyraňly
ýagdaýa getirýär. Oýunda adam fiziki taýdan kän ýadamaýar we surnukmaýar. Şonuň
üçin bu oýny ýaşy bir çene baranlar hem oýnap bilýär.