Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
DÜRDÄNELER.
Ýazylan wagty: 20 декабря 2017 Ýazan Mayichka



HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “SPORT DOSTLUGA, SAGLYGA WE
GÖZELLIGE TARAP ÝOLDUR” DIÝEN KITABYNDAN DÜRDÄNELERI



-        
Biziň
eziz Diýarymyzyň geljegini has-da rowaçlandyrmak hakyndaky düýpli
aladalarymyzyň esasynda Watanymyza iňňän uly söýgimiz, tutanýerlilik hem-de maksadaokgunlylyk
bilen ýaýbaňlandyran  beýik ynsanperwer
ýörelgelerimiz bardyr.



-        
Watan
söýgüsi bize hemişe ýeňmäge uly güýç-kuwwat berdi.



-        
Men
adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy
şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen
bitewilikde görýärin.



-        
Türkmenistanda
ady dünýäniň sport giňişliklerinde meşhurlyga eýe bolýan türgenler kemala
gelýär.



-        
Bütindünýä
saglyk gününiň baýramçylygynyň ýurdumyzda bellenilişine berilýän ünsüň
ýokarlanmagy hem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrýandygymyzyň
aýdyň beýanydyr.



-        
Ýurdumyzda
indi birnäçe ýyl bäri Saglyk ýoluna ýörişe çykmagyň jemgyýetçilik ýörelgesi
ýaýlyp, bu ilimizde asylly ýörelgä öwrüldi.



-        
2010-njy
ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ilkinji Umumymilli
Spartakiadasy geçirildi. Sportuň görnüşleri boýunça ýurdumyzyň çempionyny
saýlamak üçin geçirilýän şeýle ýaryşlaryň gerimi has giňeýär.



-        
Häzirki
wagtda ýurdumyzda şäherlerdir obalarda welosipedli türgenleşýänlere ýygy duş
gelýärsiň. 2011-nji ýylda Bütindünýä saglyk gününde geçirilen welosipedli ýöriş
aýratyn ýatda galandyr diýip pikir edýärin.



-        
2012-nji
ýyl köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sport çärelerini mynasyp mazmuna
beslemegiň ajaýyp ýyly boldy. Şol ýylyň 2-nji aprelinde ýurdumyzda ilkinji
gezek Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini yglan etmek hakyndaky karara gol
çekendigimi aýratyn belläsim gelýär.



-        
Sport
biziň üçin ýaşaýşyň gözelligidir, çünki munuň özi tebigat bilen sazlaşykly
ýaşamak endigidr, tejribesidir. Sport sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa
geçirmegiň iň möhüm şertidir.



-        
Sport
– bu hereketdir, öňe, diňe öňe, ýeňişlere tarap gitmekdir. Sport – bu
saglykdyr, gözellikdir. Sport – bu güýçdür, ynamdyr. Sport – bu dostlukdyr,
mert gatnaşyklardyr, dünýäni abadançylyga ýetirmegiň ugrudyr. Sport – bu
durmuşyň lezzetini duýup ýaşamakdyr.



-        
Biziň
üçin iň zerur, iň wajyp ýol – halkymyzy baky bagta ýetirýän ýoldur. Sport,
sagdynlyk hem şol ýola ýetmegiň iňňän möhüm ugrudyr. Hemmeler, bütin adamzat
üçin şeýledir!



Okalan sany: 57   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05364 sek. ýüklenen baýt: 41555