Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY
Ýazylan wagty: 20 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
   2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyzyň Sergiler jaýynda ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny has-da ýüze çykarmak maksady bilen zehinli talyplaryň “Bagtyýar nesil döredijilik äleminde” atly sergisi açyldy. Bu sergide zehinli talyplaryň 170 golaý işleri bilen gatnaşyp, toparyň agzalarynyň her biri ýylyň dowamynda özleriniň nusgalyk galjak eserlerini döretmäge synanyşdylar. Döredilen eserlerde talyplaryň yhlas bilen zähmet çekendiklerini duýmak bolýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň taryhy sahypalaryna giren şanly wakasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary talyp ýaşlarda uly täsir galdyrandygyny olaryň döreden sungat eserlerinde hem görmek bolýar. Nakgaş eserlerinden Sähra Rejepowanyň “Aziada”, Merjen Çaryýewanyň “Meýletinçiler”, Annagurban Halmyradowyň “Aziadanyň açylyşy”, grafika eserlerinden Söhbet Gylyjowyň “Küşt”, Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň “At çapyşyk”, heýkel eserlerinden Jumamuhammet Jumaniýazowyň “Ýeňil atletikanyň görnüşleri”, Seýitmyrat Myradowyň “Basketbol” ýaly işlerinde Aziada günleriniň ajaýyp pursatlary ýaş suratkeşleriniň döredijiliginde sportda dostlugy, ruhubelentligi, sagdynlygy wasp edýändigine şöhlelendirýär. 
 
Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan ugur alyp işlemek, biz talyp ýaşlarda uly hyjuw döredýär. Allamyrat Annamyradowyň “Beýik Ýüpek ýoly”, Döwletgeldi Gurtmyradowyň “Kerwen”, Azym Gurbanowyň “Türkmenistan. Beýik Ýüpek ýoly” ýaly keramika işleri munuň aýdyň şaýatnamasydyr.
Zehinli ýaşlar dürli temalar bilen bir hatarda taryhy wakalaryna esaslanan belli şahsyýetleriň gahrymançylykly keşplerini, medeni mirasymyzy wasp edýän işleri hem döretdiler. Toýly Çopanowyň “Syrly göçüm” atly nakgaşlyk işinde taryhdan alnan pursat şekillendirilýär. Kompozisiýa türkmeniň taryhy şahsyýetlerinden bolan Gowşut han bilen baglanyşykly bolup, onda gajar hanyna bendilige düşen türkmenleri halas etmek üçin gelen Gowşut han we Täç gök serdar janlandyrylýar. Gajar hany Apbas han küşt oýnuny oýnamakda Täç gök serdar bendilikdäki türkmenleri azat etjekdigini şert etmegi netijesinde gyzgalaňly oýun başlaýar. Talyp bu eserinde Täç gök serdaryň ýüzindäki pikiri, aladany, aýgytly göçüm üçin howatyrly bolup oýlanşykly duran pursatyny bermegi başarypdyr. Keşpleriň her birine aýratyn häsiýet bermegi başaran talyp olaryň lybaslaryny hem etnografik maglumatlaryndan peýdalanyp şekillendirýär. Ýyly reňk sazlaşygy, ýagty kölegeleriň oýuny esere syn edýän tomaşaçyda şol aýgytly pursaty hakyky ýaly göz öňüňde janlanýar.
Myratmergen Kulyýewiň “Magtymguly Pyragy. Watanymyň waspy” atly monumental nakgaşlyk eserinde toý meýlisde Magtymguly bilen Durdy şahyryň  “Habar ber, şeýledir” atly goşgusyny aýdyşyp duran pursatlaryny şekillendiripdir. Kompozisiýanyň merkezinde ýöräp gelýän Magtymguly Pyragynyň keşbinde akyldar şahyryň dünýä baradaky pelsepewi garaýyşlaryň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Kompoziýanyň sag tarapynda gojaman çynaryň kölegesinde Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azady we dürli hünärlerdäki adamlaryň dykgat bilen diňläp duran pursatlary şekillendirilse, eseriň çep tarapynda toý tutup oturan adamynyň we onuň töweregindäki myhmanlarynyň, söwdagärleriniň keşpleri görkezilen. Olaryň öňündäki näz-nygmatlar türkmenleriň bereketli türkmen saçagynyň alamaty hökmünde kabul edilýär.

Şageldi Orazlyýewiň “Görogly we Kyrkgalandar” atly monumental eseri  Görogly eposyndan ýerine ýetirilip, onda Kyrkgalandaryň myhmançylyga gelip kiçijek Göroglynyň Jygalybeg atasyndan sorap duran pursady şekillendirilýär. Şageldi öz eserinde türkmen halkynyň myhmansöýerligini, sylag-hormatlylygyny görkezjek bolýar. Köp şekilli kompozisiýa dürli hereketliligi we türkmen dagly peýzažynyň owadan görnüşi bilen aýratyn tapawutlanýar. “Görogly” şadessanyndan alnan pursatlaryny suratlandyrýan eserleriň ýene-de biri Rahat Bäşimowyň “Görogly we Agaýunus peri” atly işidir. Görogly Agaýunus perini düýşünde görüp, onuň gözlegine çykyp, dürli kynçylyklardan soň ony tapan pursady berilýär. Keşpleriň dürliligi, ýagty-kölege sazlaşygy, yssy we ýagty reňkleriň kömegi bilen dogry reňk öwüşgünleriň ulanylmagy, perilere mahsus bolan mylaýymlygy görkezýär. Agaýunus periniň taslamanyň merkezinde ýerleşdirilip, daş-töweregi kenizleri bilen gurşalan. Göroglynyň bolsa bar ünsi Agaýunus peride. Talyp taryhy žanryň içinde natýurmort žanryny hem ulanmagy başarypdyr. Muňa mysal edip, onuň birinji meýilnamada ýerleşdirilen miweler bilen bezelen stoluny görkezmek bolar.

Muhammet Gubyýew “Şükür bagşy” atly monumental nakgaş eserlerinde türkmen taryhynda uly yz galdyran şahsyýetleriň keşbi şeýle hem, taryhy wakalar bilen baglanşykly dürli pursatlar öz beýanyny tapýar. Muhammet Gubyýew “Şükür bagşy” atly monumental nakgaş eserinde öz doganyny ýesirlikden halas etmek üçin atyna atlanyp Eýran şasynyň ýanyna barmaga ýola çykan pursaty janlandyrylypdyr. Şükür bagşy elinde dutary bilen kompoziýanyň merkezinde berilýär. Kompozisiýanyň belli bir bölegini eýeläp duran tut agajy berk ynamyň we ýürekdäki umydyň aýdyň nyşany hökmünde şekilledirilýär.

“Bagtyýar nesil döredijilik äleminde” atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli ýaşlaryň sagdynlygy, ruhubelentligi, medeni mirasymyzy, edebiýatymyzy giňden şöhlelendirýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan has tapawutlanan talyplara sowgatlar gowşuryldy. 


J.Myradowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby
Okalan sany: 273   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05579 sek. ýüklenen baýt: 35175