Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Döwrebap bilim almak, hünär öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär
Ýazylan wagty: 24 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Döwrebap bilim almak, hünär öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär 
  

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň iň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny, abadançylygyny hem-de fiziki, ruhy we intelektual taýdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki hiç bir babatda dünýä siwilizasiýasyndan üzňe bolmazlyk, ýurdy, her bir pudagy, zähmet toparyny, maşgalany parahatçylygyň, sahawatlylygyň, adalatyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze basgançaklaryna maksada okgunly alyp gitmek milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň esasy özenidir.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselerinde täze mazmuna eýe bolan wezipeleri öňde goýýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly ylmy-filosofiki eserinde: “Häzirki zaman jemgyýetiň hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen şertlenýär.

Şu wezipä üstünlikli amal etmek üçin horamtly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günüden başlap ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesinde ýola goýmagyň kanun binýadyny berkden tutmaga aýratyn uly ähmiýet berip geldi. Çünki hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň uly rowaçlyk bilen öňe gitmegini çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly, ata Watanyny jany-teni bilen söýýän, hünärine ökde, işbaşarjaň ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz döwlet baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden, ýagny 2007-nji ýyldan başlap “Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky” Permana, ““Türkmenistanda bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek barada” Türkmenistanyň Kanunyna, “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Karara, “Türkmenistanda bilim işgärleriniň iş haklarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda” Permana gol çekmek, şeýle-de 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň esasynda işlenip düzülen “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny 2009-njy ýylda güýje girizmek bilen, soň ony has kämilleşdirilip, 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda täzeden güýje girizmek bilen hem-de 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriulen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda öňe süren teklibiniň esasynda 2013-2014-nji okuw ýylynda umymy orta bilim bermegiň 12 ýyllyk usulyna geçirilmegini kanun esasda ýola goýmak bilen giňden ýaýbaňlandyran tutumly işleriniň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň düýpli özgermegini üpjün edendigini bu gün durmuş hakykaty aýdyň görkezýär. 

Şol resminamalarda göz öňünde tutulan düzgünleriň durmuşa geçirilmegi täze taryhy döwürde gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesinde kämilleşdirmäge esas döretdi. Bilim ulgamyndaky bu tutumly işleriň milli ylym ulgamyny döwrebap dikeltmek bilen utgaşykly alnyp barylmagy ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny täze hil derejesine çykarmaga, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejedäki ukyp-başarnygy bolan hünärmenleri, şol sanda türkmen alymlarynyň täze nesillerini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Bu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we zehinli talyp ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen işi döwrebap ýola goýlan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen egin-egne berip alyp barýan tutumly işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.    

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talap edişi ýaly, dünýä derejesine götermek üçin hormatly Prezidentimiziň edýän uly tagallalarynyň özboluşly ýüze çykmalarynyň birem ýurdumyzyň bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk edip pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman enjamlary, kompýuterler, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil abzallar, mebeller bilen üpjün edilen, bütindünýä internet ulgamyna birikdirilen döwrebap bilim ojaklarynynyň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerininiň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Häzirki wagtda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen binagärlik ýörelgelerini bu babatda dünýäde toplanan tejribe bilen berk utgaşdyrmagyň esasynda döwrebap ýokary we orta mekdep binalarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gysga taryhy döwrüň içinde Aşgabatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň harby institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmen döwlet energetika institutynyň, Daşoguz şäherinde Türkmen oba hojalyk institutynyň häzirki zaman binalar toplumlarynyň ulanmaga berilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň dabaraly bellenilen ýyly bolan 2011-nji ýylda Bilimler we Talyp ýaşlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň ýene bir binasynyň – geografiýa fakultetiniň binasynyň, onuň gapdalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwelet ykdysadyýet we doilandyryş institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kaşaň binalar toplumlarynyň, paýtagtymyzyň merkezinde Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň häzirki zaman binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi, geçen, 2014-nji ýylda paýtagtymyzyň ilersinde Türkmenistanyň serhet institutynyň gurluşygynyň tamamlanyp, halkymyzyň hyzmatynda goýulmagy, şol ýylyň 1-nji sentýabrybda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş iniwersitetiniň kaşaň binasynyň ulanmaga berilmegi, 2016-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnolgiýalar uniwersitetiniň, 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda bolsa Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Himýa fakultetiniň häzirki zaman binalarynyň, şeýle-de ýurdumyzda bellenilýän dürli baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýurdumyzyň ähli welaýatdyr etraplarynda, obadyr şäherlerinde döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň biziň geljekki nesillerimiziň hyzmatynda goýulýandygy biziň bu aýdýanymyzy aňryýany bilen subut edýär. 
     
Biziň çagalarymyzyň we ýaşlarymyzyň döwrebap dynç almaklary we sagdyn ösmekleri üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan Köpetdagyň şypaly jülgeleriniň biri bolan Gökderede, Hazar deňziniň ekologiki taýdan arassa kenarlarynda emele getirilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iňňän gowy şertler döredilýär. Çünki ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilimli, saýlap alan hünärlerine ussat, çuňňur ylymly-bilimli, hallallyk, ýokary ahlaklylyk, agzybirlik, jebislik, çuňňur watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklary döretmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan düýpli özgertmeleriniň düýp özenini hasyl edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň bu babatda gije-gündiz alada edýändigini 2011-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap her ýylda ýurdumyzyň ähli orta mekdepleriniň 1-nji synpyna gelýän çagalarymyzyň ählisini şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmegi ýola goýmagynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we Talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda täze işe girizilýän mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna şol kompýuterleri il arasynda uly abraýdan peýdalanýan aksakal ýaşulularymyzyň hem-de kümüş saçly enelerimiziň dabaraly ýagdaýda gowşurmaklarynyň ýola goýulmagynyň hem uly terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny şu ýerde aýtmak gerek.  

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we ýörüte orta hünär berýän okuw mekdeplerinde ýaşlaryň zamanabap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Bu babatda-da hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2011-2012-nji okuw ýylyndan başlap ýurdumyzyň ähli orta mekdepleriniň başlangyç synplarynda zähmet okuwy dersiniň girizilmeginiň, umumy orta bilim bermegiň 2013-2014-nji okuw ýylyndan 12 ýyllyk möhlete uzaldylmagy netijesinde uly synp okuwçylarynyň hünärlere gözükdirilen okuwlarynyň ýola goýulmagy biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň irgözünden zähmete uýgunlaşmagyny, olaryň kalbynda zähmete bolan söýgüniň mäkäm ornaşmagyny, geljekki ykballaryny kesgitlejek hünärleri dogry saýalamagy başarmaklaryny ýola goýmakda ägirt uly ähmiýetli çäre boldy diýsek ýalňyşmarys. 

Onsoňam hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwrebap bilim-terbiýe berýän täze ýokary we ýörüte okuw mekdepleriň, täze hünärleriň açylmagy ýaşlarymyzyň hünär saýlamak mümkinçiliklerini hem has giňeltdi.  

Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň ýaşlarymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary we ýörüte orta hünär berýän mekdeplerinde bilim almaga giň mümkinçiliklere eýe boldular. 
Şeýlelikde, ýurdumyzda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň uzaklary nazarlaýan belent maksatlarynyň hasyl bolmagyny üpjün etjek täze nesil kemala gelýär. Şol nesliň hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we işlenip düzülýän uzakmöhletleýin maksatnamalaryň uly üstünlik bilen durmuşa geçirilmegini üpjün etjekdigi şübhesizdir.

Bilim ulgamynyň täze belentliklere çykmagy, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işi yzygiderli we üznüksiz dowam edýär. 

 Hormatly Prezidentimiziň: “Ata Watanymyzyň galkynýan, abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin başarnygy bilen gazanylýar. Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş neslimizi milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek döwletimiziň bilim syýasatynyň baş maksadydyr” diýen dana sözleri iş ýüzünde durmuşa geçýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň döwrümiziň bilimleriň, tehnologiýalaryň, aň-bilm we döredijilik mümkinçilikleriniň has-da artýan eýýamy bolup durýandygy täze taryhy döwür ylym-bilim işgärleriniň öňünde bu maksada ýetmäge gönükdirilen iňňän jogapkärli wezipäni goýýar.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda gurulýan ak mermere beslenen mekdepler, çagalar baglary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, sport toplumlary, kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri, umumy ýaşaýyş jaýlary biziň ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, gowy ýaşamaklaryna hem dynç almaklaryna ähli amatlyklary döretmäge uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.

Şonuň bilen birlikde biziň berkarar döwletimiziň känunçylygyna, Esasy Kanunyna laýyklykda orta bilimi bolan her bir raýat ýurdumyzyň islendik hünär mekdeplerinde, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde (olareyň sany bolsa 2007-nji ýylda 17 sany bolanlygyndan bu gün hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde 25-e ýetirildi.) mugt bilim almaga mümkinçilik tapýar. Bu gün biziň ähli ýokary okuw mekdeplerimizde talyplara her aýda 722 manat möçberinmde, egere okaryň arasynda bäşlik bahalar bilen gowy okaýanlary bar bolsa, onda olar mundanam 10 göterim köp, ýagny 794 manat möçberinde talyp haklaryny alýarlar. 

Mundan başga-da ähli ýokaray okuw mekdeplerinde diňe 5-lik bahalar bilen okaýan, ylmy, jemgyýetçilik-syýasy we medeni çärelere işjeň gatnaşyp, görelde görkezýän talyplaryň onlarçasy atly talyp haklaryna-da mynasyp bolýarlar. Mysal üçin biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizide talyplaryň 16 sanysy şonuň ýaly talyp haklaryny alyp okarýarlar. Şolaryň  üç sanysy her aýda 1443 manat möçberindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakyny, üç sanysy 1443 manat möçberinäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky talyp hakyny, ýene üç sanysy bolsa 1443 manat möçberindäki Magtymguly adyndaky talyp hakyny,  talyplaryň iki sanysy aýda 1082 manat möçberindäki Mollanepes adyndaky talyp hakyny,   ýene iki sanysy 1082 manat möçberindäki Gorkut ata adyndaky talyp hakyny, bir talyp aýda 1082 manat möçberinde Oguz han adyndaky talyp hakyny, iki sany talyp bolsa aýda 1082 manat möçberindäki Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň talyp hakyny almak bilen okaýarlar. Onsoňam hormatly Prezidentimiz ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň ähli beýleki raýatlary bilen deň hatarda olaryň alýan talyp haklarynyň möçberini azyndan 10 göterim artdyryp gelýär. Nesip bolsa, ýakyn günlerde işigimizden ätleýän 2018-nji – Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýlip atlandyrylan ýylyň 1-nji ýanwaryndan ol ýene-de 10 göterim artdyrylar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýakynda, 2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2018-2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň durmuşa geçiriljek ýedi ýylynyň dowamynda bu sahawatly işiň dowam etdiriljekdigi barada aýdanlary aýratyn guwanç bilen bellemäge mynasypdyr.   

Şonuň bilen birlikda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklara tapgyrlaýayn geçýän şertlerinde biziň ýurdumyzyň hünär okuw mekdeplerinde dünýä tejribesinde ýörgünli bolan tölegli okuwlara geçmek hem kem-kemden ýola göýulýar. Munuň özi hem biziň döwletimiziň Konstitusiýasyna, kanunlaryna doly laýyk gelýär. Çünki gazanylýan girdejini her bir adam özüniň gowy ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanýar. Biziň talyplarymyz hem şony etmek bilen, okuwa gelenlerinde bir görnüşdäki lybaslarda gelýärler, ol lybaslary hem wagtly-wagtynda täzeläp durýarlar. Munuň özi ähli beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerine-de nusgalykdyr diýsek ýalňyşmarys. 

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny nusgalyk derejä galdyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň uly tagallalar edýändigi onuň 2013-nji ýylyň 9-njy awgustynda bilim ulgamyny mundan bu ýana-da ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu ulgamy täze hil derejesine ýokary götermäge gönükdirilen täze wezipeleri öňe sürendigi bilen hem tassyklanýar. Şol Hökümet maslahatynda hormatly Prezidentimiz bu babatda şeýle diýdi: „Biz bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, möhüm çäreleriň birnäçesini amala aşyrmalydyrys. Şol çäreleriň geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge kuwwatly itergi berler”. 

Şonda hormatly Prezidentimiz geçirmeli çäreleriň hatarynda şu wezipeleri öňe sürdi: 
Okuw dersleriniň birnäçesi boýunça daşary ýurt dillerinde okadylýan milli mekdebiň taslamasyny işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli.

Okuw görkezme esbaplaryny, okuw wideo we audiomateriallaryny, elektron okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlaýan ýörite merkezi döretmeli.

Häzirkizaman okuw ulgamynda we ýaş nesli terbiýelemekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we orta mekdepleriň başlangyç synp mugallymlarynyň möhüm ornunyň bardygyny göz öňünde tutup, mugallymçylyk orta hünär mekdeplerinde okuwyň möhletini 3 ýyla çenli uzaltmaly.

Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça açylan fakultetleriň oňyn iş tejribesini nazara alyp, hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamyny kämilleşdirmeli. Orta mekdepleriň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýat baş bilim müdirlikleriniň ýanynda mugallymlaryň hünärini kämilleşdiriş okuwlaryny açmaly. Işgärleriň hünärini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň binýadynda Ulag toplumynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binýadynda  Oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini, beýleki degişli ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda inženerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça fakultetleri açmaly. 

Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň barha giňelýändigini nazara alyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara hyzmatdaşlygy bölümlerini açmaly. 

Tehnologiýa merkeziniň gurulýandygyny göz öňünde tutup, ýokary okuw mekdepleriniň işgärleriniň we talyplaryň bu ylmy-barlag edarasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň meýilnamasyny işläp taýýarlamaly. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur şertleri döretmek maksady bilen, bu işe ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryny giňden çekmeli hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirmeli. 

Ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň dilleri özleşdirmek boýunça taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmaly. 
Ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagy üçin tölegli esasda ýokary bilimli hünärmenleri tataýýarlamaga başlamaly. 

Dünýä bilim ulgamyna işjeň goşulmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynda işgärleri taýýarlamagyň iki basgançakly (bakalawrlyk we magistratura) ulgamyny tapgyrlaýyn ornaşdyryp başlamaly. 

Biz ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň örän möhüm ugry hökmünde kesgitledik. Bu ugurda biziň öňde goýan wezipelerimizi durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek, şol sanda gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak we bu işlere ýolbaşçylyk etmek üçin Ministrler Kabinetinden başlap, aýry-aýry kärhanalar we guramalar derejesinde zerur dolandyryş ulgamyny yzygiderli döretmeli. Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde gök-miwe, et-süýt we balyk önümlerini, çörek-köke, süýji we unaş önümlerini öndürýän pudaklarda, jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda we dokma senagatynda işlejek, dürli ugurlarda zähmet çekjek ussat hünärmenleri, inžener-tehnologlary taýýarlamak wezipesi durýar. Şonuň bilen baglanyşykly hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara dürli hünärler boýunça inžener-tehnologlary taýýarlaýan bir ýa-da iki sany ýokary okuw mekdebini döretmek meselesini öwrenmegi hem-de bu okuw mekdeplerini döretmek boýunça taslamalary taýýarlamegy,bu mekdepleriň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi, olaryň binalaryny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça teklipleri bermegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu täze başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin bilim ulgamynyň işgärleri tutumly işleri alyp barýarlar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze hil derejesine çykarmaga giň mümkinçilikleri emele getirýär. 

Bu aýdylanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň geriminiň iňňän giňdigini, şonda bilim alýan talyplaryň talabalaýyk okamaklaryna hem ýaşamaklaryna ähli amatly şertleri döretmegiň üns merkezinde durýan meseledigini görkezýär.  

Atajan Burunow, 
Magtymguly adyndaky Türkmen 
döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri.


Okalan sany: 396   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13339 sek. ýüklenen baýt: 55205