Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Berkarar döwletimiziň bilim özgertmeleri.
Ýazylan wagty: 24 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Berkarar döwletimiziň bilim özgertmeleri.


Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy, öňdengörüjiligi, parasatly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen birlikde bilim ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýöne ýerden däldir, sebäbi häzirki döwürde amala aşyrylýan köp ugurly durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleriň bilimine we hünär başarnygyna bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny ileri tutulyp ösdürilýän pudaklaryň hataryna goşmak maksady bilen ähli tagallalary edýär. Her ýylda okuwa kabul edilýän 6 ýaşly çagalara Gahryman Arkadagymyzyň sowgady bolan netbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy, ýaş nesliň häzirki döwürde jemgyýetiň aýrylmaz bölegine öwrülen kompýuter tilsimatlaryndan kämil derejede baş alyp çykmagyna ýardam edýär. 

Ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk derejede bilim bermek, olary dürli hünärlere ugrukdyrmak  hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz bu barada: “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýip belleýär.

Ýene-de bir aýratyn nygtamaly ýagdaýlaryň biri, okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryna diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem dünýäniň ösen döwletlerinde öz ylym-bilim derejelerini ýokarlandyrmaga döredilen şertdir. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen bilim ulgamynda işleýän mugallymlaryň zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy, ylmy derejeler we atlar üçin goşmaça tölegiň girizilmegi bilim-ylym ulgamynyň işgärlerini täze üstünliklere höweslendirýär. 

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlarymyza binýatlyk, ýokarlandyrylan talyp haklarynyň has tapawutlanan göreldeli talyplara bolsa, “Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy” we “Oguzhan” adyndaky atly talyp haklarynyň berilmegi, olaryň yzygiderli artdyrylmagy ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, eşretli hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin gönükdirilendir.  Bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýaşlaryň arasynda her ýylda geçirilýän olimpiadalar, ylmy maslahatlar we bäsleşikler aýratyn orun eýeleýär. Bu çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň arasynda ylma ukyplylara we höwesekleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2007-2017-njy ýyllar aralygynda bilim ulgamynda giň möçberli işler alnyp baryldy, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 15-nji fewralyndaky “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permanyna, 2007-nji ýylyň 4-nji martyndaky “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyna laýyklykda orta, ýokary okuw mekdeplerine täze dersler girizildi, orta bilimli ýaşlaryň mekdebi tamamlan ýylynda okuwa girmekleri ýola goýuldy, şol sanda ýaş nesillere berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine gabat gelmegi üçin okatmagyň täze tehniki enjamlaryny, kompýuterleri mekdeplere ornaşdyrmak, mugallymlaryň we okuwçylaryň internet ulgamyndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi ýagny, häzirki zaman kompýuterleri, multimedia, laboratoriýa, lingafon enjamlar toplumlary we mebeller satyn alyndy.       

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde  ýurdumyzda  ähli amatlyklary bolan we okatmagyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. 2007-2017-njy ýyllarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýüzlerçesiniň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň täze döwrebap binalary gurlup, ulanylmaga berilmegi okuw işiniň has-da çuňlaşdyrylyp, oýlanylyşykly alnyp barylmagyna, bilim işgärleriniň amatly şertlerde zähmet çekmegine we ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyk gelýän bilim almagyna giň mümkinçilik döredýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2011-nji ýylda “Bilim” ylmy-usuly žurnaly hem döredildi. Bularyň ählisi “Döwlet adam üçindir” diýen dana, ynsanperwer taglymatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň örän ulydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde döwrüň talabyna laýyk gelýän ençeme hünärler açyldy. Biziň institutymyzda-da ýagny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysadyýet”, “Menejment”, “Işewürlik we telekeçilik”, “Täjirçilik”, “Dünýä maliýe bazary”, “Gymmatly kagyzlar bazary”, “Baha kesmek işi” ýaly hünärler açylyp, bu hünärler boýunça degişli professor mugallymlar tarapyndan ýokary, kämil derejede dersler geçilýar. 

Hormatly Prezidentimiz “Berkarar, kuwwatly döwletimizi mynasyp dolandyrýan ökde hünärmenleri taýýarlamakda, okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde mugallymlara, bilim işgärlerine uly orun degişlidir” diýip nygtaýar. Biz hem ydysadyýet ulgamy boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew bady bilen öňe barýan ösüşli ýollarynda Watana, halka, hormatly Prezidentimize wepaly, bilimli nesilleri terbiýelemek biziň mukaddes borjumyzdyr. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, pähim-parasadyndan dörän ajaýyp kitaplary biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan buýana hem rowaç alsyn!


Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş 
institutynyň “Bank işi” kafedrasynyň 
mugallymy Arslan Gurbannazarow.

Okalan sany: 347   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05440 sek. ýüklenen baýt: 37756