Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
BERKARAR DÖWLETIŇ BILIM KUWWATY
Ýazylan wagty: 24 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
 
BERKARAR DÖWLETIŇ BILIM KUWWATY


Milli Liderimiziň aýdyň hem adyl ýolbaşçylygy astynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata ýurdumyz batly gadamlar bilen ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatyny baýdak edip durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler ata ýurdumyza abraý, halkymyza eşretleri getirýär. Mähriban Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk gülläp ösüşlerini, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny rowaçlandyrmagyň gözbaşlaryny häzirkizaman bilimli, ýokary ahlakly, işewür, özbaşdak çözgütleri kabul edip bilýän, başlangyçlary görkezmäge ukyply, netijeliligi bilen tapawutlanýan, bilim we hünär babatda täze belentliklere çykmaga ukyply, ýurdumyzyň ykbaly we onuň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan adamlary terbiýeläp ýetişdirmekde görýär. Şu belent maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalary durmuşa geçirýär. Döwlet tarapyndan hiç bir serişdeleri gaýgyrmaýar. 

Gysga wagtyň içinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda bilim pudagy düýpli döwrebaplaşdyryldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda orta   bilim bermegiň 12 ýyllyk ulgamy ýola goýuldy. Ol bolsa dünýäniň bilim ulgamynyň ýeten iň kämil tejribesine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamy many-mazmun taýdan düýpli döwrebaplaşdyryldy. Mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilýän her bir bilim-ylym ojagy, okatmagyň iň häzirkizaman innowasion enjamlary bolan interaktiw tagtalar, multimediýa serişdeleri, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglar, internet ulgamyna çatylan ýokary tizlikli kompýuterler  bilen enjamlaşdyrylandan soň ulanmaga berilýär. Olar bolsa öz gezeginde, okadýan üçin hem, okaýan üçin hem ýokary amatlyklary döredýar we göwnejaý bilim almak bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri oňyn çözmäge, iň esasy zat bilimiň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär. Şonuň netijesinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 15-nji sentýabrynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanly bilim ulgamyna geçirmek boýunça taryhy karar kabul etdi.  

Mähriban Prezidentimiz indi, ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylygyna gabatlap häzirkizaman ýokary okuw mekdeplerini döretmegi, olaryň ajaýyp binalar toplumyny açyp bermegi däbe öwürdi. Şeýlelik-de, gysga döwrüň içinde ýokary okuw mekdeplerimiziň sany 25-e baryp ýetdi. Ýörite ykdysady şäherçesinde döredilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, medeniýet şäherçesinde döredilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň desgalar toplumy, Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Oguzhan adyndaky inžener tehnolgiýalary uniwersiteti, şu ýyl açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde uly ähmiýete eýe bolan ylym ojaklarydyr. Bu okuw mekdepleriniň täsin desgalar toplumynda ähli şertleri bolan okuw otaglary bilen bir hatarda,häzirkizaman talyplar öýi, mugallymlar üçin  yokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary hem gurlandyr. Olar bolsa 30 ýyl möhleti bilen örän ýeňillikli berilýär.

Biziň ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýip, 55-nji maddasynda bolsa: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmandyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr” diýip bellenendir. Mähriban Prezidentimiziň amala aşyrýan her bir özgertmesi baş Kanunymyza daýanýar, çünki biziň ýurdumyz demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Biz Bagt kanunymyzyň berýän eşretlerini durmuşymyzyň islendik pursatynda duýup ýaşaýarys. Yurdumyz parahat, ilimiz abadan, geljegimiz nurana. Ony biz, ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary agzybir talyp ýaşlarymyz bilen has-da aýdyň duýýarys. Her ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklarymyzyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10 göterim möçberinde ýokarlandyrylmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. 

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimizde aýratyn tapawutlanyp okaýan, köpçülik we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan talyplary höweslendirmek maksady bilen döredilen Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky talyp hakynyň möçberi 1443 manada, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň  döreden talyp haky 1082 manada, 20 göterim ýokarlandyrylan talyp haklary bolsa 920 manada baryp ýetýär. Ol talyp haklary institutda hereket edýän ýörite toparyň çözgüdi esasynda bellenýär.Onsoňam, adaty talyp haklary hem 722 manada barabardyr. Ol haklar, okuwlaryna doly ýetişýän, hasap-synag möwsümini üstünlikli tabşyrýan talyplaryň hemmesine berilýär we her bir talybyň arkaýyn ýaşamagyna, döredijilikli okamagyna doly ýardam edýär. Ähli amatlyklary bolan ýyly hem ýagty umumy ýaşaýyş jaýlarynyň eşretini, müňlerçe dürli kitaplary şeýle hem elektron kitap gorlaryny özünde jemleýän kitaphanalaryň hyzmatyny hiç bir gymmatlyk bilen ölçäp bolmaýar.

Milli Liderimiziň amala aşyran durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijesinde milli ykdysadyýetimiz dünýä hojalygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Dünýä hojalygynda bolsa bazar gatnaşyklary giň gerim alýar. Şeýle bolansoň mähriban Prezidentimiz ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bilim pudagyny diwersifikasiýlaşdyrýar we ýuwaş-ýuwaşdan bazar ykdysadyýetiniň mehanizmlerini ornaşdyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlaryna dünýäniň ösen döwletleriniň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilikler döredýär. Şonuň bilen birlikde, öz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da täze döredilýän halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almak usuly üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Bellemeli zatlaryň biride, biziň ýurdumyzda talyp ýaşlaryň her biriniň talyplyk ýyllaryndan başlap ylmy işler bilen meşgullanmagy, ruhy taýdan baý,  beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, milli medeniýetimizi geljekki nesillere geçirjek adamlar bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerdir. Bu gün ýaş alym talyplarymyz döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijisi bolup şa serpaýyna mynasyp bolýarlar. Mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna talyplar toparynyň gatnaşmagy hem-de üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolmaklary, altyn we kümüş medallary alyp mukaddes ýaşyl tugumyzy al asmanda pasyrdatmaklary şol döredilen mümkinçilikleriň beren datly miweleridir.

Gahryman Prezidentimiziň bize peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly eseriniň Ylym-bilim we hünär öwütleri bölüminde ata-babalarymyzyň bilim almak we ökde hünärmen bolmak babatda aýdan: “Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir”, “Bilimli – uçar, bilimsiz – gaçar”, “Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag”, “Hünärli – zor, hünärsiz – hor”, “Işiň ussasy – okamak”, “Hünärli är hor bolmaz, dost – duşmana zar bolmaz” diýen parasatly pikirlerini mydama pent-sargyt etmeginde, olaryň biziň durmuş kadalarymyza öwrulmelidigi barada berýän wesýetleriniň ähmiýetini hem aýratyn bellemek gerek. 

Milli Liderimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň binagärlik-gurluşyk pudaklaryna mahsus iň gowy tejribeleri ýurdumyza çekmek we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk hem gurluşyk materiallary senagatyny döwrebap hünärmenleri bilen üpjün etmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda kabul eden Karary esasynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty döredildi. Şonda senagatyň täze pudaklary bolan gara metallurgiýa we maşyn gurluşygy bilen baglanyşykly “Gara metallaryň metallurgiýasy”, “Metallary basyş arkaly işläp taýýarlamak”, “Gozganmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy”, “Logistika”, “Dizaýn”, “Şähergurluşygy we hojalygy”, “Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” hem-de “Aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy” ýaly ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürmek bilen bagly birnäçe döwrebap hünärleri açyp berdi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ahli şertler hem döredildi.

Biz mugallymlar döredilen şertlerden netijeli peýdalanyp, toplan mugallymçylyk we ylmy tejribelerimizi bagş edip, şeýle hünärler boýunça ýokary ahlakly, maksadaokgunly, watansöýüji, nazary bilimlerini tejribede baýlaşdyrýan, iş ýüzünde zerur bolan endikleri ele alan, guramaçylykly hem-de başarjaň, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Ata ýurdumyzy gülledip ösdürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da belende götermek ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, ylym-bilim we innowasiýalar älemine giň ýol açýan Mähriban Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Goý, Mähriban Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyga beslensin!

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
uly mugallymy Amangeldi ORAZOW, 

Okalan sany: 358   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05683 sek. ýüklenen baýt: 40923