Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR TALYP ÝAŞLARY
Ýazylan wagty: 25 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR TALYP ÝAŞLARY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda milli ylym-bilim ulgamy hem güýçli depginde ösýär. Uzaklary nazarlaýan bilim ulgamyny dünýä derejesine laýyk döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamalary giňden ornaşdyrylýar. Bu ugruň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmak, ýaşlara okuw-usulyýet ders berlişini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmak, ýaşlara dünyäniň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ökde hünärmenleri taýýarlamaga giň ýol açýar.

Talyplaryň zehinini ýüze çykarmak maksady bilen her ýylda geçirilýän döwlet ders we döredijilik bäsleşikleri olaryň zehin-ukybyny has-da açýar, zehini bilen tapawutlanyp, deň-duş ýoldaşlaryna okamakda, döretmekde, saýlan hünärini söýmekde görelde bolýan talyplaryň yhlasyna juda uly hormat goýulýar. 2012-nji ýylyň 9-njy martynda hormatly Prezidentimiziň geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak, talyplaryň halkymyzyň taryhyny we medeni mirasyny, ylmy-tehniki özgertmeleri öwrenmäge döredijilikli çemeleşmegini höweslendirmek, şeýle hem ýaş nesli ata Watanymyzyň beýik ogullarynyň durmuşynyň mysalynda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň atly talyp hakyny döretmek, şeýle-de talyplar üçin bellenilýän atly talyp haklarynyň sanyny we möçberini, olaryň paýlanylyşyny tassyklamak hakynda Permana gol çekdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň atly talyp hakyndan başga-da, Magtymguly adyndaky, Oguzhan adyndaky, Mollanepes adyndaky, Gorkut Ata adyndaky, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky, şeýle hem  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň atly talyp haklary hereket edýär. Ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna atly talyp hakynyň berilmegi talyp ýaşlarda ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize, şeýle hem özleşdirýän hünärine  bolan söýgüsini has-da artdyrýar.

Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugrudyr. Ata Watanymyzda, ýurdy dolandyrmakda beýik sepgitlere ýetilmegi bilim ulgamyny ösdürip, ýaşlaryň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde döwrebap bilim almagymyza ähli mümkinçilikler döredilýär. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda şeýle bellenilýär: “Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr.Döwlet her bir adam üçin öz ukyplaryna laýyklykda hünär biliminiň elýeterliligini üpjün edýär. Tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär. Ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenýär.” Mundan başga-da 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen “Bilim hakynda” Türkmenistanyň kanunynda tölegli bilim işi, bilim işiniň maliýeleşdirilişi barada hem bellenilýär. Türkmenistanda bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň ornaşdyrylýandygyny göz öňünde tutup, ýokary hünär bilim edaralarynda tölegli esaslarda bilim bermek hem ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bu günki gün öz ajaýyp miwelerini berýär. Talyplaryň halkara ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda üstünlik çykyş etmekleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Talyplara döwlet tarapyndan şeýle hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi olaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmaga, milli bilim ulgamyny dünýä derejesene çykarmaga, Watanyna wepaly ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine giň mümkinçilikleri berýär.    

Okalan sany: 135   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06008 sek. ýüklenen baýt: 33709