Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
AHYRET ÄLEMINIŇ MENZILLERI
Ýazylan wagty: 25 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

AHYRET ÄLEMINIŇ MENZILLERI

بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ
 
Älemleri ýokdan bar eden we älemler içinde ýalňyz özüne ybadat etsinler diýip ynsanlary iň ýokary derejede ýaradan, sansyz nygmatlary ynsanlaryň hyzmatyna beren Allatagala hamdy-senalar bolsun. Salam we salawat soň pygamber Muhammet SAW-e onuň maşgalasyna we ashabyna bolsun. Hormatly adamlar biziň bu günki wagzymyz Ahyret äleminiň menzilleri barada bolar.

Ahyret älemi haşr gününden soňky ýaşaljak döwürdir. Ynsan ahyret äleminde şu menzilleri ýaşap geçer:
Berzah älemi. Ölüm bilen başlanyp, täzeden dirilinýänçä aralyga berzah älemi ýa-da gabyr durmuşy diýilýär. Bu ahyret äleminiň ilkinji menzilidir. Bir hadysy şerifde şeýle diýilýär: «Gabyr – ahyret menzilleriniň ilkinjisidir. Bir kişi şol menzilde azapdan halas bolsa, ondan soňky menzilleri hem aňsatlyk bilen geçer. Eger azapdan halas bolup bilmese, beýleki menzilleri geçmek has kyndyr.» 
Ynsan nähili ýagdaýda ölse-ölsün ruh  bedenden çykandan soň, berzah älemine gider. Onuň ýanyna Münker we Nekir atly iki melek gelip:
– Rabbyň kim? – Pygamberiň kim? – Diniň näme?– diýip sorarlar. Eger-de sorag edilýän iman edip, takwa ýaşan kişi bolsa, oňa jennete degişli penjireler açylar we ol jenneti synlap duran halynda ýaşar. Eger-de ol günäkär ýa-da inkär edenlerden bolsa, oňa dowzahdan penjireler açylyp, dowzahy synlap ýaşar. Biri kyýamatyň tiz gopmagyny arzuw eder, beýlekisiniň ýagdaýy bolsa tersinedir.

Gabyr azaby. Hezreti Aýşanyň gürrüň beren hadysynda Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Gabyr azaby hakdyr». Başga hadysynda bolsa: «Eý, Rabbym, gabyr azabyndan Saňa sygynýaryn» diýip doga edipdir. Gabyr dünýäde saplanyp bilinmedik  käbir günäleriň hasabynyň soralyp, ýuwulýan ýeridir. Hasap gününe goýlan uly günäleriň ýanynda möhüm saýylmadyk, «lemem» diýlen kiçi günäleriň käbiri gabyr azaby bilen ýuwulýar. 

Alymlar Kuran we sünnete esaslanyp şeýle aýdýar: «Günäli kişiniň uly-kiçi günäleriniň belli bir bölegi dünýäde çekýän ejirleri we musybatlary bilen ýuwulýar. Käbirleri bolsa ölüm wagtynda aýrylýar. Galanlary «ýewmid-din» bolan Beýik Hasap gününe galmasyn diýlip, gabyrda arassalanýar. Gabyrda arassalanyp bolmaýan günäler bolsa, soň Haşyr meýdanynda Tereziniň başynda we iň soňunda jähennemde arassalanjakdyr. 

Gabryň gysmagyny Sa’d b. Muaz ýaly ýokary derejeli sahaba hem görýär. Sahyh hadys çeşmeleriniň beýanyna görä, Sa’d b. Muaz (r.a.) gabra salnanda Pygamber Serwerimiz «Fesubhanallah! Gabyr Sa’d b. Muazy hem gysýar» diýipdir. Diýmek, gabryň gysmajak adamy bolmaz. Sa’d b. Muaz şeýle sahabady – ol dünýeden ötende Jibril (a.s.) ýere inip: «Sa’dyň ölmegi bilen arş titredi, eý, Resulallah» diýýär. Pygamberimiz (bolsa, aýaklarynyň ujuna basyp ýöreýär. Munuň sebäbi soralanda Serwerimiz: 
«Jynazasyna şeýle köp melek indi, aýak basara ýer tapmaýaryn» diýip düşündirýär. 

Gabyr azabyna sebäp bolýan günälerdir. Pygamberimiz gabyr azabyna üç zat sebäp bolar diýipdir. Olar: gybat, gep gezdirmek we synja kylanyňda kiçi täretiňden arassalanmaga üns bermezlik. Hadyslarda aýdylyşyna görä, gabyr azabyny çekýänleriň sesini haýwanlar eşidýär. 

Hadyslarda aýdylyşyna görä, ynsany şu amallary gabyr azabyndan halas edýär: bäş wagt namaz, oraza, haj, zekat, sadaka, sylaýy-rahym (ýakynlaryň bilen gatnaşygy saklamak), ene-ata ýagşylyk etmek, adamlary ýagşylyga çagyryp, erbetlikden daş saklamaga çalyşmak, namazda kyýamy we sejdäni uzaltmak, her gije Mülk suresini okamak.

Kyýamat. Kyýamatyň haçan gopjakdygyny diňe Allah biler. Ony ne hezreti Muhammet, ne Oňa wahý getiren Jebraýyl (a.s.), ne-de wagty gelende kyýamatyň gopmagy üçin sura üflemek wezipesi berlen Israfil (a.s.) biler. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:

إِنَّ اللَّهَ عِندَهُ عِلْمُ السَّاعَةِ وَيُنَزِّلُ الْغَيْثَ وَيَعْلَمُ مَا فِي الْأَرْحَامِ وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ مَّاذَا تَكْسِبُ غَداً وَمَا تَدْرِي نَفْسٌ بِأَيِّ أَرْضٍ تَمُوتُ إِنَّ اللَّهَ عَلِيمٌ خَبِيرٌ

“Elbet-de, kyýamatyň haçan gopjakdygy hakdaky maglumat diňe Allanyň ýanyndadyr. Ol ýagşy ýagdyrýar we enäniň göwresindäkini bilýär. Hiç kim ertir näme gazanjagyny bilmez we hiç kim nirede öljekdigini hem bilmez. Takyk, Allah (ähli zady) bilýändir, (ähli zatdan) habardardyr.” 

Älemiň ölümi diýmek bolan kyýamat Allatagalanyň gudraty bilen bolup geçer. Onuň gudratynyň öňünde iň beýik zat bilen iň kiçi zat deňdir. Ýagny bahary ýaratmak, bir güli ýaradan ýaly ýeňildir.

Şu älemdäki atomdan ýyldyzlara, Günlere çenli ählisi özboluşly dilleri bilen Onuň azamat we gudratyna şaýatlyk edýär. Çäksiz älemi gudraty bilen ýaradyp, ony hemişe täzeläp duran gudraty güýçli Ýaradana: «Kyýamaty nähili getirjek, bu älemi nädip ahyret älemine öwürjek?» diýip bolarmy?! Çünki Ol ýaratmagyň her dürli görnüşini bilşi ýaly, bir ynsany ýaratmagyň tutuş adamzady ýaratmak bilen deňdigini Kurany Kerimde şeýle habar berýär: 

مَّا خَلْقُكُمْ وَلَا بَعْثُكُمْ إِلَّا كَنَفْسٍ وَاحِدَةٍ إِنَّ اللَّهَ سَمِيعٌ بَصِيرٌ

“Siziň (hemmäňiziň) ýaradylmagyňyz we täzeden direldilmegiňiz (Allah üçin), göýä, bir kişiniň (ýaradylmagy we direldilmegi) ýalydyr. Takyk, Allah (ähli zady) eşidýändir, görýändir.” 

Kyýamatyň gopjakdygy barada maglumat ähli dinlerde bardyr. Bu akyl we ylym taýdan hem mümkin hadysadyr. Meselem: fizika we astronomiýa alymlarynyň aýtmagyna görä, älemiň traýektoriýasynyň artýandygyny habar berýärler. Hereket bolan ýerde töweregiň traýektoriýasy hem artar. Bu artyş maksimumdan geçenden soň, belli nokatda “nol” bolar. Şol wagt hem ähli hereket togtar. Bu bolsa älemiň soňy diýmekdir. 

Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun.

Okalan sany: 40   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07302 sek. ýüklenen baýt: 38012