Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GADYMY GALA—“NUSAÝ”
Ýazylan wagty: 25 декабря 2017 Ýazan NEXTTM


GADYMY GALA—“NUSAÝ”

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen adamzat jemgyýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň taryhyny çuňňur öwrenmek we dünýa ýaýmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gojaman Köpetdagyň günbatarynda sary ýaýylyp gidýan Nusaý gaýtalanmajak gözelligi, üstünde geçen taryhy wakalary bilen asyrlaryň dowamynda dünýa alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlara degişli bolan bu medeni ojak Köne we Täze Nusaýdan ybaratdyr. Ýerli ilat köne Nusaýyň mesgenini häzirem “Köne Nusaý” diýip atlandyrýar. Köne Nusaýyň taryhy alymlary gyzyklandyrmak bilen, olar dürli döwürlerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barypdyrlar. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Köne Nusaýyň günorta we demirgazyk böleginde üsti açylan taryhy ýerler täsinligi bilen has-da ünsi özüne çekipdir.

Alym arheologlar bu ýerde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda şol döwrüň adamlarynyň ellerinde taraşlanan galkanlarynyň, demir donlary, altyn bilen bezelen mata galyndylaryny, peýkamlary, şirmaýyndan bejerilen tagtyň böleklerini, çüýşe bulgurlary, keramiki gaplary, dürli haýwanlaryň şahlaryny tapypdyrlar.

Täze Nusaýda ýaşaýyş has giçki döwürlere çenli, hat-da XIX asyrda hem dowam edendigi üçin, ol “Täze Nusaý” adyny alypdyr. Täze Nusaý ykdysady tarapdan ýokary göterilmeginiň esasy sebäbi onuň ilatynyň ekerançylyk bilen meşgullanmagydyr.

Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty Nusaýyň dünýa ylymynyň we medeniýetiniň ösüşinde uly yz galdyran beýik şahsyýetleriň dünýa inen topragydygyny hem belläp geçmelidiris.

Göz başyny gadymyýetiniň çuňluklaryndan alyp gaýdýan “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly”, “Manas”, “Alpamyş”, “Koblan”, “Kyrk gyz” ýaly ýüzlerçe meşhur eserleriň aglabasy Parfiýa medeniýeti bilen baglylykda çeperleşipdir.

Okalan sany: 104   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06827 sek. ýüklenen baýt: 31463