Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
KÄMIL MÖMINIŇ AÝRATYNLYKLARY
Ýazylan wagty: 25 декабря 2017 Ýazan NEXTTM


KÄMIL MÖMINIŇ AÝRATYNLYKLARY
بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّحٖيمِ
 
Gudraty güýçli Allatagala bendeleriniň haýsysynyň has haýyrly amallar edýänligini synamak maksady bilen ýaşaýyşy we ölümi ýaradypdyr. Olary synag maksady bilen iberen dünýäsinde ýalňyz başlaryna goýman, pygamberleriň üsti bilen olara dogry ýoly görkezipdir. Hut şu sebäpli hem ýeriň ýüzüne ilkinji iberilen ynsan, şol bir wagtyň özünde ilkinji pygamberdir.

Hezreti Adam alaýhyssalamdan başlap Hezreti Muhammede sallallahu aleýhi we selleme çenli iberilen pygamberleriň ählisi ynsanlar bilen Allatagalanyň arasynda ilçilik wezipesini ýerine ýetirip, Onuň hökümlerini ynsanlara ýetiripdirler, özleri ynsanlara nusga bolup dini buýruklary beýan edipdirler.

Mukaddes Kitabymyz bolan Kurany Kerimde bu pygamberleriň we beýleki nusgalyk şahsyýetleriň durmuş-ýaşaýyşlaryndan görelde almagymyz gerekli görlen ýerleri gürrüň berlip, olardan nusga we sapak almagymyz myrat edilipdir.

Bu manyda bütin äleme pygamber edip iberlen Hezreti Muhammet Mustafa sallallahu aleýhi we sellem Yslama eýerenlere hemme taraplaýyn nusgadyr. Kurany Kerimde onuň ahlagy öwülip “وَاِنَّكَ لَعَلٰى خُلُقٍ عَظٖيمٍ” (Bigüman sen beýik ahlak üstündesiň) diýlipdir we “لَقَدْ كَانَ لَكُمْ ف۪ي رَسُولِ اللّٰهِ اُسْوَةٌ حَسَنَةٌ لِمَنْ كَانَ يَرْجُوا اللّٰهَ وَالْيَوْمَ الْاٰخِرَ وَذَكَرَ اللّٰهَ كَث۪يرًا ” (Bigüman Allanyň Resulynda siziň üçin şeýle hem Alladan we ahyret gününden umydygär bolanlar üçin we Allany köp zikir edýänler üçin gözel nusgalar bardyr) buýrulmak bilen onuň nusgalyk şahsyýetdigi aýatlaryň üsti bilen beýan edilipdir:

Adamzadyň ýaradylyş maksady synagdyr. Dünýä durmuşynda adamzat özüni ýokdan bar eden Perwerdigärine iman etmek, Onuň buýruklaryny  ýerine ýetirmek we gadagan eden zatlaryndan we hereketlerinden daşda durmak bilen borçludyr. Muňa laýyklykda ynsan oglunyň Allatagalanyň ýanyndaky gadyr-gymmaty Onuň razylygyny gazanmak üçin eden ýagşy amallaryna görä ölçeljekdir. Perwerdigäriniň razylygyny gazanmagy başaran möminler bolsa ahyretde Allatagalanyň hasapsyz serpaýyna mynasyp boljakdyr. Şol sebäpli hem möminleriň Allatagalanyň razy boljak hereketlerini öwrenip, amal etmekleri esasy zerurlykdyr.

Kurany Kerimiň Müminun süresiniň 1-11-nji aýatlarynyň arasynda möminleriň sypatlary barada şeýle diýilýär:
قَدْ اَفْلَحَ الْمُؤْمِنُونَ اَلَّذٖينَ هُمْ فٖى صَلَاتِهِمْ خَاشِعُونَ وَالَّذٖينَ هُمْ عَنِ اللَّغْوِ مُعْرِضُونَ وَالَّذٖينَ هُمْ لِلزَّكٰوةِ فَاعِلُونَ وَالَّذٖينَ هُمْ لِفُرُوجِهِمْ حَافِظُونَ اِلَّا عَلٰى اَزْوَاجِهِمْ اَوْ مَا مَلَكَتْ اَيْمَانُهُمْ فَاِنَّهُمْ غَيْرُ مَلُومٖينَ فَمَنِ ابْتَغٰى وَرَاءَ ذٰلِكَ فَاُولٰئِكَ هُمُ الْعَادُونَ وَالَّذٖينَ هُمْ لِاَمَانَاتِهِمْ وَعَهْدِهِمْ رَاعُونَ وَالَّذٖينَ هُمْ عَلٰى صَلَوَاتِهِمْ يُحَافِظُونَ اُولٰئِكَ هُمُ الْوَارِثُونَ اَلَّذٖينَ يَرِثُونَ الْفِرْدَوْسَ هُمْ فٖيهَا خَالِدُونَ

Namazlarynda (Allatagala) ýürekden hormat goýýan, biderek işlerden we sözlerden ýüz öwürýän, zekatlaryny ýerine ýetirýän, namyslaryny goraýan -aýallaryndan ýa-da gollarynyň astyndaky (gyrnaklaryndan) başgadyr, çünki (bular bilen eden gatnaşyklary sebäpli) olar ýazgarylmazlar. Kim-de kim munuň ötesine geçse olar heddi aşanlardyr- alan amanatlaryny we beren ähtlerini goraýan, namazlaryna mäkäm bolan möminler halas boldular. Olar Firdews jennetine mirasdüşer bolanlaryň hut özleridir. Olar şol ýerde ebedi galarlar. 

Kurany Kerimiň aýatlarynda möminlerde bolmasy zerur bolan gylyk häsiýetleriň esasylarynyň üstünde durup geçeliň. 

1. Namazy huşug bilen okamak
 قَدْ أَفْلَحَ الْمُؤْمِنُونَ {1} الَّذِينَ هُمْ فِي صَلَاتِهِمْ خَاشِعُون
“Namazlarynda (Allatagala) ýürekden hormat goýýan möminler halas boldular”. 
Namaz, belli wagtlarda möminiň berjaý etmegi borç bolan ybadatlaryň başynda gelýär. Namazy huşug bilen okamak diýmek “namazlaryň parzlaryna, wajyplaryna, sünetlerine we edeplerine doly uýup, Allatagalanyň huzuryndalygyňy içgin duýup yhlas bilen okamak” diýmekdir. Namaz okalanynda huşug bilen okamak esasdyr.

2. Allatagalanyň ýolunda harçlamak
اَلَّذٖينَ يُنْفِقُونَ اَمْوَالَهُمْ بِالَّيْلِ وَالنَّهَارِ سِرًّا وَعَلَانِيَةً فَلَهُمْ اَجْرُهُمْ عِنْدَ رَبِّهِمْ وَلَا خَوْفٌ عَلَيْهِمْ وَلَا هُمْ يَحْزَنُونَ 

 “Öz emläklerini (haýyr-sahawat ugrunda) gije we gündiz, gizlin we äşgär harçlaýanlara Perwerdigärleriniň dergähinde sylaglary bardyr. Olara hiç bir gorky ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar.” 
Harçlamak diýmek, bir adamyň özüne berlen nygmatlardan belli bir bölegini jemgyýetdäki mätäç kimselere bermesidir. Allatagalanyň özüne eçilen nygmatlaryny mätäçler bilen paýlaşmagy başarmak kämil möminiň esasy aýratynlyklaryndan biridir.

Jemgyýet ähli agzalary bilen birlikde bir bedendir. Ähli agzalar jem bolup nähili bir bedeni emele getirýän bolsa, jemgyýet hem baýy-garyby, alymy-nadany, işçisi-daýhany hemmesi bir bitindir. Bütewiligiň, birligiň asudalygy, bagtyýarlygy bolsa içindäki şahyslaryň birek-biregi goldamagy netijesinde amala aşýar. Bu şahyslar öz alyp barýan işleri, ýöredýän ugurlary, öndürýän önümleri bilen birek-biregiň hajatyny bitirýär. Biriniň alyp barýan işi, ýöredýän ugry maddy we girdejili bolýar. Beýleki biriniňki bolsa ruhy bolýar. Girdejisi az bolýar. Başga biriniň bolsa kiçiligi, ýetmezligi, maýyplygy sebäpli hiç bir girdeýjisi bolman bilýär. Emma bu şahsyň hem jemgyýetiň bütewiliginde, bagtyýarlygynda uly orny bardyr. 

Allatagala şeýle şahyslaryň rysgalyny beýleki şahyslaryň üsti bilen berýändir. Eger beýleki şahyslar özleri üçin synag bolan bu şahyslaryň hakyny we rysgalyny doly we wagtynda berip bilseler, Allatagala olaryň rysgalyny esseläp artdyrar. Emma Allatagalanyň özüne eçilen rysgalyny özüm gazandym diýen ýalňyş we şeýtani düşünjä eýerip ýaňky şahyslaryň hakyny we rysgalyny paýlamasa rysgal öz elinden alnyp, ýaman düşünjesi amal depderine ýazyljakdyr.

Okalan sany: 94   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06622 sek. ýüklenen baýt: 37920