Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Beýik Ýüpek ýolunyñ Türkmenistan ugry boýunça syýahatçylyk we gezelenç saparlary guralar.
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Beýik Ýüpek ýolunyñ Türkmenistan ugry boýunça syýahatçylyk we gezelenç saparlary guralar.

Şu ýyl Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyñ maslahatynda 2018-nji ýyly «Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyñ ýüregi» diýip atlandyrmak hakynda degişli resminamalaryñ kabul edilmegi türkmen döwletini we jemgyýetini has-da ösdürmäge, ýurdumyzyñ agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen möhüm care boldy. Munuñ özi Beýik Ýüpek ýolunyñ, ähli döwürde bolşy ýaly, biziñ günlerimizde hem halklary birek-birek bilen dostlaşdyrmagyny, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dowam edýändigini tassyklaýar.

15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde döwlet Baştutanymyz Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşen Türkmenistanyñ çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiñ Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllar üçin niýetlenip, daşary ýurtlaryñ ylmy-barlag merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklaryñ ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyñ ösdürilmegini, gazuw agtaryş işlerine meşhur alymlaryñ çekilmegini göz öñünde tutýar.

Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşen arheologik, medeni-taryhy ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerinden başga-da, toplumlaýyn dikeldiş işlerini geçirmek meýilleşdirildi. Türkmen halkynyñ maddy we maddy däl gymmatlyklaryny UNESKO-nyñ Bütündünýä mirasynyñ sanawyna girizmek boýunça işler ýaýbañlandyrylar.

Şol hökümetiñ mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyñ Içeri işler ministrligine «Amuldan Hazara çenli» atly awtomobil ýaryşyny guramagy hem tabşyrdy. Şunuñ bilen baglylykda, bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuñ welaýatlaryñ çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öñe sürdi. Medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreler jemgyýetimizde işjeñ durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyñ taryhyny bilmäge ýardam eder.   
Okalan sany: 168   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07284 sek. ýüklenen baýt: 30925