Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatda nusgalyk şäheriñ döwrebap keşbi döreýär.
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
Aşgabatda nusgalyk şäheriñ döwrebap keşbi döreýär. 

Paýtagtymyz Aşgabat şäheri täze binagärlik ajaýyplyklary bilen barha gülläp ösýär hem-de dünýäniñ iñ owadan şäherleriniñ biri derejesinde ykrar edilýär. Şu babatda ýokary dünýä ülñüleriniñ derejesinde durmuş-ykdysady desgalaryñ gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiñ Meýilnamasynda bellenilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle hem Aşgabady gurmagyñ nobatdaky taslamalaryny durmuşa geçirmegiñ çäklerinde işler ýokary depginde alnyp barylýar we täze tapgyrlarynyñ desgalarynyñ taslamalary taýýarlanylýar.
Şweýsariýanyñ «SGS» kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanyñ Gurluşyk we binagärlik ministrliginiñ Seýsmiki durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutyna gowşuran sertifikaty ýurdumyzyñ gurluşyklarynyñ seýsmiki durduklylygynyñ hil derejesiniñ dünýä ýüzünde ykrar edilýändigini ýene bir gezek tassyklady.

Ýurdumyzyñ ilatynyñ ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça işler 2018-nji ýylda has hem işjeñleşdiriler, şol işler şu ýylyñ dowamynda üstünlikli alnyp baryldy. Hormatly Prezidentimiziñ aýdyşy ýaly, ähli obalary we şäherçelerimizi zerur bolan durmuş we medeni desgalar bilen doly üpjün etmek, adamlaryñ ýaşamagy üçin ähli oñaýly şertleri döretmek esasy maksatdyr. Bu desgalaryñ hatarynda meýdany müñlerçe inedördül metre golaý bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, ýollar we beýleki zerur üpjünçilik ulgamlary bar. 

Geçen ýyllarda ýurdumyzda gurluşyk pudagynyñ kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi. Şoña görä-de, öñümizdäki ýyllarda has giñ gerimli işleri amala aşyrmak göz öñünde tutulýar. Bu işleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler bar.

Paýtagtymyzy ösdürmegiñ maksatnamasynda göz öñünde tutulan işleriñ ýerine ýetirilmegi türkmenistanlylaryñ ýaşaýyş-durmuş derejesiniñ has-da ýokarlandyrylmagy, döredijilikli zähmet çekmegi hem-de oñat ýaşamagy we göwnejaý dynç almagy üçin oñaýly şertleri üpjün etmäge ýardam eder. Adamlar hakdaky alada Türkmenistanyñ döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlarynyñ biri bolup durýar. Bu maksatnamalar türkmenistanlylaryñ durmuş derejesiniñ düýpli özgerdilmegine, abadançylygynyñ ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06314 sek. ýüklenen baýt: 31418