Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÝYLYŇ GUWANÇLY NETIJELERI
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM
ÝYLYŇ GUWANÇLY NETIJELERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly tamamlanyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine giň mümkinçilikleri açdy. Belent sepgitlere beslenen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we medeniýetde netijeli işler bitirilip, uly ýeňişler gazanyldy. Bu babatda şu ýylyň sentýabr aýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýatlamak ýakymly duýgulary döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan “Aşgabat 2017” Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň buýsançly wakalarynyň biri boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadamlary Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tagallalary bilen häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze-täze zawod-fabrikleriň, elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna badalga berlip, bu işleriň gadamy batlanýar. Elektrik energiýasyna barha ösýän islegi has doly kanagatlandyrmakda biziň welaýatymyzda-da ägirt uly işler alnyp barylýar. Kuwwaty 1574 megowata deň bolan utgaşykly dolandyrylýan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynda üstümizdäki ýylda uly işler bitirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň badalga berýän adam hakdaky alada ýugrulan giň göwrümli işleri Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda has-da rowaçlyklara beslenýär. Tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine ser salanyňda, bu hakykata dolulygyna göz ýetirip bolýar. şeýle işler bolsa, milli Liderimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatynyň anyk işlerde üstünlikli amal edilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda gurlup, halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda gelşikli döwrebap binalaryň biri Mary şäherinde baýramçylyga beslenip, ulanmaga berildi. Dört gatly 48 öýden ybarat bu täze bina welaýat merkezimiziň Galkynyň köçesiniň ugrunda guruldy. Ähli amatlyklary bolan bu ýaşaýyş jaýy maýyplara we beýleki durmuş goraglaryna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenendir. Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Wekilbazar “Keramzitbeton” önümçilik zawodynyň zähmetsöýer gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Jaýyň daşky gözelligi, mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin içki amatlykly şertleri gurluşykçylaryň yhlas-tagallalarynyň ýerine düşendigine güwä geçýär.

Üstümizdäki ýylda ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar bilen birlikde, önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna-da uly üns berildi. Welaýat “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigine degişli bolan täze ammar jaýy ilaty ýylyň hemme paslynda ter gök we miwe önümleri bilen üpjün etmekde ähmiýeti uludyr. Üç müň tonna gök we miwe önümlerini zaýasyz saklamaga ukyply sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen bu desga ýetişdirilen gök we miwe hasylyny birnäçe aýlap zaýasyz saklamaga mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 22 ýyllygynyň bellenilen günleri ulanmaga berlen döwrebap desga gök we miwe önümleri bilen ilaty bökdençsiz üpjün etmäge täze amatlyklary döreder.

Täze ýyl baýramynyň golaý gelýän günlerinde welaýatymyzyň ýaşaýjylary ýene bir şatlykly wakanyň şaýady boldular. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherlerinde dynç alyş seýilgähleriniň, täsin görnüşi emele getirýän suw çüwdürimleriniň gurluşygyna uly üns berilýär. şu desgalar bolsa ildeşlerimiziň işden soň kemsiz dynç almaklaryna, çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Golaýda Ýolöten şäheriniň merkezinde hem çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin çagalar dynç alyş meýdançasy gurlup, ulanmaga berildi. “Bagtyýarlyk şuglasy” atly bu dynç alyş meýdançasyny synlamagyň özi kalbyňda ýokary ruhubelentligi döredýär. Bu ýerdäki hiňňildiklerde uçýan çagalary, sport meýdançasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenleri synlanyňda gadymy türkmen topragynda ýaş nesillere ajap eýýamymyzyň özüniň bagtyýarlyk şuglasyny bolluk bilen saçýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Belent sepgitlere, uly ýeňişlere, taryhy wakalara beslenen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galdy. Täze “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda bolsa bize has belent sepgitler garaşýar. Şeýle sepgitlere abraý bilen ýetilmeginde bolsa, her birimiziň saldamly goşandymyz bolmalydyr.

Okalan sany: 69   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06376 sek. ýüklenen baýt: 34203