Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

Ýurdumyzda çagalara aýratyn söýgi bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Bu gün Türkmenistan – bagtly çagalygyň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ýurdudyr. Çagalaryň wagtlarynyň şadyýan, janynyň sag bolmagyny üpjin etmekde, sport toplumlary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri uly ähmiýete eýedir. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, sport desgalary ýaş neslimiziň hyzmatynda. 

Täze 2018-nji “Türkmenistan – Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegi, Köpetdagyň ajaýyp jülgelerinde hem-de Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýat merkezlerinde ýerleşen döwrebap sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalar dynç alyş möwsümlerinde öz wagtaryny diýseň gyzykly we täsirli geçirerler. Şeýle hem bu merkezlerde diňe bir bagtyýar Türkmenistanly çagalar däl, eýsem daşary ýurtly çagalaryň hem dynç almagy üçin mümkinçilikler döredilen. Dynç alyş möwsüminde merkezlerde dürli dörediljek bäsleşiklerine we sport çärelerine uly orun berler. Bu çäreler ähli merkezlerdäki çagalaryň şatlygyny has-da artdyrar hem-de birek-birek bilen dostlaşdyrar. Çagalaryň dynç alyş merkezlerinde oýunlary oýnamak hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin niýetlenen ajaýyp meýdançalar, tans zallary, kompýuter tehnologiýalarynyň muşdaklary üçin merkezler, el işleri üçin gurnaklar, teatr we şekillendiriş sungatynyň studialary ýerleşýär, baý kitap gorly kitaphanalar bar. Körpeler taryhy-medeni ýädygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine, ertekiler dünýäsine, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde guralan Baş arçany baryp görerler.

Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç aljak bagtyýar çagalara gyzykly çäreler garaşýar. 

Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06514 sek. ýüklenen baýt: 31223