Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GADYMY MEKANDAKY DABARA
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

GADYMY  MEKANDAKY  DABARA

Türkmen ilimize rysgal-döwlet, şatlyk-şöhrat getirjek Täze ýylymyzyň esasy Gahrymanlary ençe oba-şäherleri, dagy-düzi, çöli-sährany geçip, gadymy Maru-şahu jahana gadam basdylar. Bir eli sowgatdan doly haltaly, beýlekisi kümüş hasaly, ak possunly Aýazbabadyr onuň şadyýan agtygy Garpamyk welaýatymyzyň gadymy mekanlarynyň biri bolan Baýramaly etrabynda myhmançylykda boldular.

Gadymy mekanda uly şatlyk-şowhun bilen garşylanan Aýazbabadyr Garpamyk Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän bu mekanda köp täsinlikleriň şaýady boldular. Yzy hatar-hatar tirkegli, üstüne ýüpek-parça matalar, nepis gölli halydyr horjunlar ýüklenen düýeleriň kerweni Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişdäki uly hyzmatyny göz öňümizde dikeltdi. Kerweniň başyny çekip gelýän milli lybasly ýigidiň:

—Maru-şahu jahan, asly mekanym- diýip, halk aýdymyna hiňlenmesi kerwen hataryna söýgini artdyrdy.
Hawa, bu gün bu mekanda ýerleşýän “Gadymy Merw”—taryhy döwlet goraghanasyna degişli taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň naýbaşysy bolan Soltan Sanjaryň aramgähiniň golaýyndaky giň meýdançada gadymda guşuň süýdi islense tapdyran söwda bazarynyň keşbi janlandyryldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly we beýleki paýhasly kitaplaryndan guralan sergiler oňa syn edenlerde ýakymly täsir galdyrdy.

Adamlara hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby boýunça taýýarlanylan melhemler hödürlenildi. Toý röwüşdäki aýdym-sazly dabarada Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleri edebi-sazly kompozisiýa, Baýramaly şäher, Baýramaly we Garagum etrap medeniýet bölümleriniň ussatlary milli mirasymyzy wasp edýän çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Gyzlar köşgüne syýahat edilmegi, elleri küýzeli gyzlaryň ýerine ýetiren milli tanslary, Aýazbabadyr Garpamygyň arzuwlary, Täze ýyl gutlaglary çäräni dabaralandyrdy.

Okalan sany: 128   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06357 sek. ýüklenen baýt: 30950