Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Miweli ülkäniň ilhalar önümleri
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

“MIWELI  ÜLKÄNIŇ”  ILHALAR  ÖNÜMLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr diýen sözleri ilgün bähbitli işlerde dolulygyna äşgär bolýar. Çünki, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygry—telekeçilik durnukly ösüşleriň aýdyň ýoluna çykdy. Garaşsyz döwletimizde bazar gatnaşyklary döwrebaplaşdyryldy. Türkmen telekeçileriniň irginsiz gözlegleri, aladalary netijesinde ýurdumyzda harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde aýgytly ädimler ädilýär. Hususyýetçilik kuwwatly öndüriji güýç hökmünde ykdysadyýetimizde möhüm orny eýeledi.

Mary şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Miweli ülke” hususy kärhanasynyň telekeçileri hem azyk bolçulygyny döretmekde bähbitli işleri bitirýärler. Tejribeli telekeçi Maksatmyrat Gurbanmuhammedowyň ýolbaşçylyk edýän bu hususy kärhanasynyň zähmetsöýer adamlarynyň yhlastagallalary bilen ilata azyk önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär. Bu hususy kärhananyň ähli harytlary “Hoşwagt” söwda belgisi bilen halka satylyp, olar şu söwda belgisi bilen alyjylaryň arasynda meşhurlyga eýedir.

“Miweli ülke” hususy kärhanasynyň guramaçy ýolbaşçysy Maksatmyrat Gurbanmuhammedow işleriň ilerlemegi üçin yzygiderli aladalanýar. Bu ýadamazak telekeçi ýigidiň tagallalary bilen kärhanada gowy netijeler gazanylýar. Mysal üçin, bu hususy kärhanada ortaça her aýda gowrulan günebakar çigidiniň 42,1 tonnasy, mekgejöwen çipsileriniň 35 tonnasy, “Hoşwagt” kofeleriniň 10,5 tonnasy, “Hoşwagt” ady bilen gaply gandyň 19,5 tonnasy, mekgejöwen taýajyklarynyňam 27,7 tonnasy öndürilýär. Ilata elýeterli nyrhlardan hödürlenilýän ýokary hilli önümlere bolsa isleg ýokarlanmasa peselenok.

Kärhanamyz diňe bir harytlarynyň ýokary hilliligi bilen däl, eýsem görnüşleriniň dürlidürlüligi bilenem alyjylara tanyşdyr. Mysal üçin, öndürýän gandymyza limon, malina, tokaý miweleriniň tagamlary berilýär. Bu babatda bölümiň operatory Aşyrgeldi Rejebow uly işleri bitirýär. Ýada owadan gaplara gaplanýan çipsilerimizi alyp göreliň! Biz ilata peýnir, gyzylburç, gaýmak, çişlik tagamly çipsileri hödürleýäris. şu we beýleki önümlerimiziň dürli agramda, göze gelüwli gaplarda öndürilmegem islegiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Elbetde, ýokary hilli önümleri köp mukdarda öndürmek üçin ýadawsyz alada etmeli. Hemişe gözlegde bolmaly. Çig malyň telekesi esasy wezipämiz bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi ösdürmeklige gönükdirilen tagallalary özüniň gowy netijelerini berýär—diýip, kärhananyň direktory Yslam Habibow gürrüň berýär.

Ýaşdygyna garamazdan, işbaşarjaňlygy, erjelligi bilen tapawutlanýan Yslam Habibow soňra kärhanada alnyp barylýan degerli işler dogrusynda köp zatlary gürrüň berdi. Bu ýerde häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşdyrylan giň önümçilik bölümleri, olarda işleriň guramaçylykly ýola goýluşy badabat ünsüňi özüne çekýär. şeýle hem kärhanada goýaldylan süýt, kofeleriň dürli görnüşleriniň gelşikli gaplarda öndürilip, söwda nokatlaryna ugradylýandygyny ýatlamalydyrys. Bulardan başgada, bu ýerde dürli agramlarda arahis maňzynyň gowrulan, duzlanan görnüşleri taýýarlanyp, söwda nokatlaryna ugradylýar. Geljekde kärhanada makaron we tiz taýýarlanylýan unaş önümlerini hem öndürmek göz öňünde tutulýar. Kärhanada gök we miwe önümlerini ýylyň hemme paslynda talabalaýyk saklamak üçin ammarlar bar. Tomus aýlary üçin kuwwatly sowadyjylar bilen üpjün edilen bu ammarlar önümçiligiň üznüksizligini gazanmaga mümkinçilik berýär. Kärhananyň söwda boýunça bölüm müdiri Meretguly Jumamyradowyň, ammar müdiri Mahym Ataýewanyň tagallalary bilen taýýar önümler ammarlarda talabalaýyk saklanýar we bellenilen ýerlere bökdençsiz ugradylýar.

Islendik harydy ýada önümi ilkä öndürmegiň aladasy ýetik bolýar. Taýýar önümleri ýerlemegiňem hysyrdysy ýeterlik. Soňky ýatlan meselämiziňem bu kärhanada oňyn çözgüdi tapylypdyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Miweli ülke” kärhanasynyň wekilleri bolup, olar bu ýerde öndürilen önümleri söwda nokatlaryna ýerleşdirmek bilen meşgullanýarlar. Kärhananyň telekeçileri önümlerini daşary ýurtlara çykarmakdada bähbitli çykalgalary gözleýärler. şeýle gözlegleriň netijesinde bu kärhana gaýtadan işlenen günebakar çigidiniň ilkinji uly tapgyryny Owganystan Yslam Respublikasyna ugratdy.

“Miweli ülke” hususy kärhanasynyň telekeçileriniň gadamlary batlanýar. Olar Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyny uly ýeňişlere besläp, Täze ýyl baýramyny mynasyp zähmet sowgatly garşylamaga çalyşýarlar.

Okalan sany: 87   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06640 sek. ýüklenen baýt: 34626