Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täze ýylyňyz gutly bolsyn mähriban adamlar
Ýazylan wagty: 31 декабря 2017 Ýazan NEXTTM

ÇÜR  BAŞYŇDA   ALTYN  TÄÇ,
ÝAŞYL  ARÇA,  ÝALKYM  SAÇ!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenen 2017-nji Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlanyp barýar. Halkymyzyň kalbyny nurana arzuwlara beslejek, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barjak 2018-nji ýylymyz bolsa ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylanar. Gündogar müçenamasyna laýyklykda täze 2018-nji ýyl It ýyly. Halkymyzda “It geldi, gut geldi” diýen ýagşy aýtgy bar. Rysgal-döwletiň ýyly boljak täze ýylymyzyň esasy gahrymanlary bolan ak possunly Aýazbabadyr onuň şadyýan agtygy, gülgün ýaňak Garpamygyň, Täze ýylyň nyşany Alabaýyň çöli-düzi söküp, oba-şäherleri geçip welaýat merkezine ýetip gelmegi hemmeden öňürti bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşýan çagalary begendirdi. Çünki, Aýazbaba geldimi, hökman Täze ýyl gudratlaryna garaşybermelidir.


Ine, Täze ýylyň ak arzuwlaryna muwapyk akja egin-başly çagajyklar, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar tarapyndan mähirli hem şowhunly garşylanan eli kümüş hasaly Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi bilen welaýat merkezine görk berýän, bezelen Arçalaryň çyralarynyň ýakylyşy bolup, bu pursat aýly gijäni has-da nurlandyrdy.
Ak paýtunly Aýazbaba, Garpamykdyr şadyýan çagalaryň toplumy welaýat häkimliginiň öňündäki başy belent ýaşyl Arçanyň yşyklandyryş dabarasyny Täze ýyl çykyşlaryna beslediler. Soňra olar welaýatymyzda täze açylan başy belent işewürler merkezinde myhmançylykda bolup, Täze ýyl sowgatlary, azyk önümleriniň bolçulygy bilen tanyşdylar, welaýat merkeziniň bezegi bolan “Bagtyýarlyk” seýilgähindäki şatlyk-şagalaň hem dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Welaýatymyzdaky ajaýyp binalar Ruhyýet köşgüniň hem-de Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň öňündäki giň meýdançalardaky bezelen arçalar hem Aýazbabadyr Garpamygyň, şadyýan çagalaryň peýda bolmagy bilen çar ýana ýalkym saçdylar.



Soňra şowhunly ýöriş welaýat kitaphanasynyň öňündäki owadan oýnawaçlardyr jäjekler, girlýandalardyr şemler bilen bezelen ýaşyl Arçanyň ýanynda dowam etdi. “2018” diýlen ýazgyly Täze ýyl Arçasy çarýana şugla saçyp, kalplara şatlyk çaýdy.

Bu ýere ýygnanan baýramçylyk ruhundaky ulular bilen birlikde çagajyklar hem goşgy, aýdym aýdyp, şadyýan tanslary oýnadylar. Aýdym-sazyň dabarasy çarýana ýaň salan pursatlar ajaýyp ýyllaryň biri boljak 2018-nji ýylyň türkmen iline rysgal-bereket, saglyk hem bagt getirjekdigine umyt döretdi. Ýetip gelýän Täze ýylyňyz düşümli bolsun, eziz ildeşler!

Okalan sany: 233   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05583 sek. ýüklenen baýt: 31905