Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler
Ýazylan wagty: 03 января 2018 Ýazan NEXTTM

Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler
 
Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär.

Şu günler paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ertekileri ýada salýan şäherjige öwrüldi. Owadan bezelen arçadan başga-da, wepaly dost hem-de goragçy alabaý dabaranyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Gündogar senenamasy boýunça ol 2018-nji ýylyň nyşanydyr. Okuwçylary Gökderä dabaraly ýagdaýda ugratmak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk hem-de çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlary-da geldi. Olar şadyýan aýdym-sazyň owazy astynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik gurnaklarynda terbiýelenilýänler bilen bilelikde şowhunly Täze ýyl dabarasyny taýýarladylar.

Artistler şadyýan aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen çagalary ugratdylar. Şondan soňra baýramçylyk lybasyna beslenen awtobuslaryň kerweni olary Gökderä alyp gitdi.

Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde, arça tokaýlyklary emele gelen täsin dereleriň arasynda çagalara giň möçberli dynç alyş maksatnamasy garaşýar. Şol maksatnama laýyklykda, çagalar owadan arçalaryň daşyndan aýlanar, dürli paýhas çäreleri, oýunlar we bäsleşikler, ýurdumyzda meşhur aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler geçiriler.

Arassa dag howasy, ajaýyp ýerlere gyzykly gezelençler, sagaldyş merkezleriniň sport toplumlarynda meşgullanmak, oýun hem-de kompýuter otaglary, geljekki konstruktorlar hem-de el-işleri bilen meşgullanjak üçin gurnaklaryň ussahanalary orta mekdepleriň okuwçylaryna saglygyny berkitmäge hem-de täze bilimleri almaga kömek eder.

Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki 14 sany saglygy bejeriş merkezlerinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan bäş sany täze merkezde çagalar üçin Täze ýyl dynç alyşy guralar.
Gyşky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde çagalar üçin giň medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlandy. Oňa laýyklykda, teatrlarda çagalar sahna oýunlary görkeziler, döredijilik duşuşyklary, sport ýaryşlary guralar. Olar çagalara geljekki okuw çärýeginiň öňüsyrasynda göwnejaý dynç almaga hem-de güýç toplamaga ýardam berer.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07838 sek. ýüklenen baýt: 32179