Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl üçin iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da
Ýazylan wagty: 05 января 2018 Ýazan NEXTTM

Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl üçin iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da

Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň hem-de meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len ne­şir­le­riň, mag­lu­mat­lar se­riş­de­le­ri­niň ün­sü­niň art­ma­gy hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň tä­ze gel­je­gi uly ug­ry hök­mün­de ýur­du­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ke­ma­la gel­ýän sy­ýa­hat­çy­ly­gyň we myh­man­sö­ýer­li­giň mil­li nus­ga­sy­na bü­tin dün­ýä­de gy­zyk­lan­ma­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ita­li­ýa­nyň döw­let te­le­ra­dio gep­le­şik­le­ri kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Rai 3” te­le­ýaý­ly­my Türk­me­nis­ta­ny 2018-nji ýyl­da iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de at­lan­dyr­dy. Bu ýaý­lym me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky gep­le­şik­le­re aý­ra­tyn üns ber­ýär.

Dür­li ýurt­lar hem-de yk­lym­lar bo­ýun­ça sy­ýa­hat­lar ba­ra­da­ky film­le­riň köp se­ri­ýa­ly tap­gy­ryn­dan soň, te­le­ýaý­lym to­ma­şa­çy­la­ryň ara­syn­da so­rag-jo­gap ge­çir­di hem-de meş­hur ugur­la­ryň sa­na­wy­ny düz­di. Ses ber­me­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan “Ta­ryh” de­re­je­sin­de bi­rin­ji ýe­re my­na­syp bol­dy. Mu­nuň özi ka­nu­na­la­ýyk ýag­daý­dyr.

Aýaw­ly sak­la­nyl­ýan mil­li mi­ra­syň baý­ly­gy hem-de öz­bo­luş­ly­ly­gy, köp san­ly ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­lik­le­ri, or­ta asyr bi­na­gär­li­gi­niň gym­mat­lyk­la­ry ýur­du­my­za bu ul­gam­da özü­niň hal­ka­ra de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da eýe­le­ýän or­nu­ny ber­kit­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­myn­da hä­zir­ki za­man ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi, ne­ti­je­li gu­ra­ma­çy­lyk çe­me­leş­me­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň hö­wes­len­di­ril­me­gi, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň çe­kil­me­gi hem-de uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi, beý­le­ki pu­dak­la­ryň — ulag-te­lea­ra­gat­na­şyk, söw­da we gur­lu­şyk ul­gam­la­ry­nyň se­riş­de­le­rin­den peý­da­la­nyl­ma­gy hem mu­ňa ýar­dam ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça stra­te­gi­ýa­sy­nyň iň wa­jyp ugur­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň çäk­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gin­den, hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gyn­dan, bu pu­dak üçin ýo­ka­ry hü­när­li hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gyn­dan, ne­ti­je­li mag­lu­mat — ma­ha­bat işi­niň hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­dan yba­rat­dyr.

Gür­rüň Türk­me­nis­ta­nyň tä­sin te­bi­gy kün­jek­le­ri­ni hem-de aja­ýyp ýer­le­ri­ni ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek, myh­man­ha­na hem-de dynç alyş dü­zü­mi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da bar­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan Ýew­ro­pa­nyň ja­han­keş­de­le­ri­niň ara­syn­da tä­sin te­bi­gy kün­jek­li, aja­ýyp ýer­le­ri bo­ýun­ça ta­ry­hy sy­ýa­hat­la­ra bo­lan is­leg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Sy­ýa­hat­la­ryň iň meş­hur ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­ry bo­ýun­ça sy­ýa­hat­lar bar. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň myh­man­la­ry­ny Gün­do­gar ösü­şi­niň iň aja­ýyp we şol bir­wag­tyň özün­de en­tek do­ly açyl­ma­dyk syr­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Mar­guş ýur­dy bi­len du­şu­şyk özü­ne çek­ýär. Ol özü­niň tä­sin ýa­dy­gär­lik­le­ri we ar­heo­log­la­ryň haý­ran gal­dy­ry­jy açyş­la­ry bi­len meş­hur­dyr.

“Ga­dy­my Merw” döw­let ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­na ge­ze­lenç da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­ýar. Ga­dy­my Erk­ga­la­nyň we Gä­wür­ga­la­nyň uly ha­ra­ba­lyk­la­ry, ada­ty bol­ma­dyk gör­nüş­le­ri bi­len haý­ran gal­dyr­ýan Uly we Ki­çi Gyz­ga­la, Sol­tan San­ja­ryň ägirt uly küm­me­ti ta­ry­ha bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny hem-de sar­pa­ny has-da art­dyr­ýar. 1999-njy ýyl­da bu ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň äh­li­si ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.

Kö­neür­genç şä­he­ri hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan gel­ýän köp san­ly sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýer­de ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len tä­sin ýa­dy­gär­lik­ler bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Mer­ke­zi Azi­ýa­da iň be­lent­le­riň bi­ri bo­lan Gut­lug Ti­mur mi­na­ra­sy, Alad­din Te­ke­şiň, Tö­re­beg ha­ny­myň, Nej­med­din Kub­ra­nyň, Il Ars­la­nyň, Pir­ýar We­li­niň, Se­ýit Ah­me­diň küm­met­le­ri we beý­le­ki­ler or­ta asyr bi­na­gär­li­gi­niň ha­ky­ky mer­je­ni­dir. Öz­le­ri­niň ägirt­li­gi we tä­sin gö­zel­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýan bu hem-de beý­le­ki ýa­dy­gär­lik­ler teh­ni­ki hem-de şe­kil­le­nid­iriş usul­la­ry­nyň ýo­ka­ry kä­mil­lik de­re­je­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýar, müň­ýyl­lyk me­de­ni däp­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny gör­kez­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň äh­li kün­jek­le­rin­de bar bo­lan hem-de ar­heo­log­la­ryň we sy­ýa­hat­çy­la­ryň ägirt uly gy­zyk­lan­ma­sy­ny dö­red­ýän ga­dy­my şä­her­le­riň ara­syn­da Kö­ne Nu­saý aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Par­fi­ýa türk­men­le­riň uzak ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da dö­re­den be­ýik döw­let­le­ri­niň bi­ri­dir. Ol al­ty ýüz ýyl ýa­şap­dyr. 2007-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Par­fi­ýa ga­la­sy­nyň ha­ra­ba­lyk­la­ryn­da on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ýurt­lar­dan ge­len meş­hur alym­lar bar­lag­la­ry­ny ge­çi­rip­dir. Olar ga­dy­my ta­ry­hyň köp syr­la­ry­nyň üs­tü­ni aç­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň aja­ýyp ny­şan­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len ri­ton­la­ryň top­lu­my­nyň özi nä­mä deg­me­ýär?!.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mil­li ta­ry­hy­my­zy öw­ren­mä­ge hem-de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mä­ge şert­le­ri dö­re­dip, türk­men we da­şa­ry ýurt alym­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýär. Ýur­du­myz­da türk­men Li­de­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da ta­ry­hy-me­de­ni mi­ras bo­ýun­ça we­kil­çi­lik­li yl­my mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär, sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin oňaý­ly ýag­da­ýyň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýa­kyn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­dä­ki ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler­de 2018 — 2021-nji ýyl­lar­da ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça Döw­let mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len dur­muş-yn­san­per­wer ylym­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, yl­my esas­da me­de­ni mi­ra­syň, ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­riň düýp­li öw­re­nil­me­gi­ne, bü­tin dün­ýä­de wa­gyz edil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Okt­ýabr­da ge­çi­ri­len Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2018-nji ýy­lyň şy­ga­ry hök­mün­de “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky tek­li­bi bi­ra­gyz­dan gol­da­nyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­bir ki­ta­byn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, her bir şa­ha­sy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­mä­ge my­na­syp bo­lan bu ta­ry­hy ýo­luň ke­ma­la gel­me­gin­de hem-de iş­jeň he­re­ket et­me­gin­de esas eme­le ge­ti­ri­ji orun­la­ryň bi­ri bi­ziň hal­ky­my­za de­giş­li­dir.

Sy­ýa­hat­çy­lyk tas­la­ma­la­ryn­da Ýü­pek ýo­ly di­ýen aý­ra­tyn öz­bo­luş­ly­ly­gyň hä­zir­ki za­man ýag­da­ýy ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, Türk­me­nis­ta­na gel­ýän äh­li ja­han­keş­de­ler üçin esa­sy ar­zu­wyň ägirt uly öz­gert­me­ler bo­lup geç­ýän ýur­duň aja­ýyp paý­tag­ty Aş­ga­bat bi­len ta­nyşmakdygyny gy­pynç­syz aýt­sa bo­lar. Bu ýer­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len gö­zel bi­na­gär­lik des­ga­la­ry­nyň en­çe­me­si ýer­leş­ýär.

Dün­ýä­niň en­çe­me ýurt­la­ryn­da bo­lan hem-de iň meş­hur şä­her­le­ri gö­rüp, paý­tag­ty­my­zyň hä­zir­ki za­man gör­nüş­le­ri­ne geň ga­lan sy­ýa­hat­çy­lar Aş­ga­ba­dyň be­ýan edip bol­ma­jak özü­ne çe­ki­ji­li­gi bi­len haý­ran gal­dyr­ýan­dy­gy­ny hem-de tu­tuş toý gör­kün­de ra­hat-asu­da­ly­gy, mäh­ri­ban­ly­gy hem-de ýa­şaý­jy­la­ry­nyň hoş­ni­ýet­li­li­gi bi­len ma­ýyl ed­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar.

Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ne-de bir mer­je­ni «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­dyr. Ony dö­ret­me­giň kon­sep­si­ýa­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di we ol mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­di. “Awa­za” sö­zi bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal giň hal­ka­ra meş­hur­ly­gy­na eýe bo­lup baş­la­dy. Ine, in­di bol­sa ol sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da mag­lu­mat alyn­ýan äh­li ne­şir­le­re gir­di, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň owa­dan öwüş­gin­li ne­şir­le­rin­de hem-de tä­ze­lik­le­rin­de peý­da bo­lup, ja­han­keş­de­li­gi we de­ňiz­de dynç al­ma­gy ha­la­ýan­la­ryň ha­ky­ky is­le­gi­ni oýar­dy.

Awa­za­nyň suw as­tyn­dan peý­da bo­lan be­lent At­lan­ti­da bi­len de­ňeş­di­ril­ýän ma­ha­bat meň­zet­me­le­ri, aja­ýyp myh­man­ha­na­la­ry, aw­to­ýol­la­ry, se­ýil­gäh­le­ri, am­fi­teatr­la­ry we suw çüw­dü­rim­le­ri onuň hä­zir­ki za­ma­n sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň jen­ne­ti­ne öw­rü­len­di­gi­niň güwäsidir. Ýah­ta­lar, ga­ýyk­lar, mo­tor­ly ga­ýyk­lar we ka­ta­ma­ran­lar, suw ly­ža­la­ry, sör­fing, daý­wing hem-de suw pa­raş­ýut­la­ry — bu­lar sy­ýa­hat­çy­lyk kün­je­gi­niň iş­jeň dynç al­ma­gy hem-de ýi­ti duý­gu­la­ra bes­len­me­gi ha­la­ýan­lar üçin tek­lip edip bil­jek hyz­mat­la­ry­nyň di­ňe bir bö­le­gi­dir.

Awa­za­nyň dü­züm­le­ri ös­ýär hem-de gö­züň al­nyn­da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da il­kin­ji er­kin yk­dy­sa­dy zo­lak hem bo­lup, ol sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ýer­de iş­le­ýän ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň kom­pa­ni­ýa­la­ry­na, şy­pa­ha­na-dynç alyş we dur­muş-yk­dy­sa­dy des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, myh­man­ha­na işe­wür­li­gi­ne, hyz­mat­lar ul­ga­my­na ma­ýa goý­ýan ma­ýa­dar­la­ra öz­le­ri­niň hem-de bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin iň oňat şert­ler dö­re­dil­ýär.

De­ňiz ýa­ka­sy­nyň özün­de-de gö­zel­lik­ler az däl. Tä­sin bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri bo­lan ta­ry­hy-me­de­ni go­rag­ha­na­sy­ny—meş­hur Ga­dy­my De­his­ta­ny ag­za­mak ýe­ter­lik­dir. Se­bi­tiň ta­ry­hy, däp-des­sur­lar hem-de halk hü­när­ment­çi­li­gi bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän özü­ne çe­ki­ji ge­ze­lenç­ler myh­man­la­ryň hyz­ma­tyn­da.

Ha­zar se­bi­tiniň ýe­ne-de bir aja­ýyp­ly­gy Mol­la­ga­ra­nyň duz­ly kö­lü­dir. Mil­li Li­de­ri­miz onuň mel­hem­lik hä­si­ýet­le­ri­ni “Türk­me­nis­tan — mel­hem­ler me­ka­ny” at­ly ki­ta­byn­da be­ýan et­di. Bu şy­pa­ha­na öz be­je­ri­ji­lik hä­si­ýet­le­ri bi­len Ys­ra­ýyl­da­ky gör­nük­li Öli deň­zi­ne meň­zeş­dir.

Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da myh­man­la­ra hal­ky­my­zyň däp-des­sur­la­ryn­da ýaý­baň­la­nan mil­li türk­men ta­gam­la­ry, halk dö­re­di­ji­li­gi hem-de hä­zir­ki za­man me­de­ni­ýe­ti, türk­men hal­ky­my­zyň be­re­ke­de baý sa­ça­gy we duz-çö­rek­li myh­man­sö­ýer­li­gi bi­len ta­nyş­mak ga­raş­ýar.

Şeý­le­lik bi­len, şu­nuň ýa­ly äh­li çä­re­le­riň hem-de döw­let Baş­tu­ta­ny­myzyň şah­sy ho­wan­dar­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, sy­ýa­hat­çy­lyk türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gel­je­gi uly pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Şun­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan oňa ösüş dep­gin­le­ri­ni umu­my çalt­lan­dyr­ma­gyň hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň, çig ma­la de­giş­li bol­ma­dyk ul­ga­ma we eks­por­ta gö­nük­di­ri­len ug­ra geç­me­giň kuw­wat­ly gu­ra­ly­na öw­rül­mek or­ny be­ril­di.

Okalan sany: 70   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05315 sek. ýüklenen baýt: 46907