Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hindistanda Merkezi Aziýanyň halylarynyň sergisi geçirildi
Ýazylan wagty: 06 января 2018 Ýazan NEXTTM

Hindistanda Merkezi Aziýanyň halylarynyň sergisi geçirildi

Hindistanda Merkezi Aziýanyň halylarynyň sergisi  geçirildi
"Press trust of India" agentstwasynyň habar bermegine görä, bu sergide XIX - XX asyrlarda Merkezi Aziýa sebitlerinde dokalan halylar görkezildi. 29-njy dekabrda Harringtonyň suratçylyk galareýasy 10 günlük işine başlady. Ol sergidäki 90-dan gowrak görnüşi özünde jemleýän halylar Eýranda, Türkiýede, Türkmenistanda, Ermenistanda, Gruziýada, Dagystanda, Özbegistanda, Gyzgystanda dokalandyr.
 "Köp ýyllaryň dowamynda dokalan bu halylara irginsiz zähmet siňendir" diýip, Denni Mehra öz söhbetiniň dowamynda belläp geçdi. Her bir halynyň keşbinde şol halkyň taryhyny, edebiýatyny, milli edim-gylymlaryny görmek bolýar. Mehranyň aýdyşy boýunça toplumlaryň uly bölegi Awstriýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan alnandyr. Seýrek duş gelýän bu gadymy halylaryň aglabasy Merkezi Aziýa sebitlerinde ýaşaýan halklaryň döreden sungat eserleridir.
 "Halylar belli bir kada-kanun esasynda dokalanok, muňa garamazdan, her bir halyçy öz mähir-muhabbetini siňdirýär" diýip, gürrüň berýär. "Bu halylar üýtgeşik, syrly alamatlary özünde jemläp, guşuň nyşany - erkinligi, ynanjy, parahatçylygy, bag - baky ýaşaýşy, ýyldyzlar - synmaz umydy, göl - her taýpa-tiräniň aýratynlygyny aňladýar" diýip, Mehra gürrüň berýär. Umuman, gyz-gelinleriň arzuw-umytlary şol halylarda janlanýar. Dünýä ýüzünde seýrek duş gelýän gadymy halylara Denni Mehra eýeçilik edýär. Geljekde-de, şol toplan halylaryndan uly muzeý açmaklygy meýilleşdirýär.
 Çeşme: avg.com
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07062 sek. ýüklenen baýt: 31912