Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan özüniň tranzit geçirijiligini ýokarlandyrýar
Ýazylan wagty: 08 января 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistan özüniň   tranzit geçirijiligini ýokarlandyrýar

Hytaýyň dürli prowinsiýalaryndan bir günüň dowamlylygynda giden ähli 3 poýuz Türkmenistanyň territoriýasyndan Eýranyň Tegeran şäherine gitmek üçin geçer. 

Olaryň birinjisi 28-nji dekabrda günorta Hunan prowinsiýasyndaky Çanşa şäherinden gidip, düýn, 7nji-ýanwarda Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhedinden geçdiler. Indi Balkan regionyndan 825 km ýol geçmegine garaşylýar, ýagny Serhedaýakdan Akýaýla çenli. ( Bu ýoly geçmek üçin 17 sagat sarp edilip, soňra Eyranyň territoriýasyna geçmek göz öňüne tutulýar.)

2-nji ýük poýuzy 29-njy dekabrda HHR-yň Inçuan awtanom ülkesinden, 3-nji ýük poýuzy bolsa, Şansiniň demirgazygy bolan Siandan ugrady. Transport ulgamlarynyň söwda, bazar konýukturasy öwrenilip, Türkmenistanyň içi boýunça iki ýol göz öňüne tutulýar: Demirgazyk-Günorta ugur boýunça Serhetýaka duralgasyndan Akýaýla çenli, ol ýerden hem Eýranyň demirgazygyna tarap, soňra ( ikinji ýol) Günbatar - Gündogar ugur boýunça Serhetýakadan Sarahsa çenli, ol ýerden hem Eýranyň Günorta-Günbataryna tarap uzaýar. Ikinji ýoluň alnyp barylşy 2016-njy ýylyň fewralynda üstünlikli amala aşyryldy.

Okalan sany: 85   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06268 sek. ýüklenen baýt: 29926