Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Ýazylan wagty: 09 января 2018 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini mundan beýläk-de amala aşyrmagyň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giňişleýin çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem iş maslahatynda Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler barada durlup geçildi.

Aşgabat şäheriniň täze dolandyryş-çäk bölünişigi boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şäheriň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly meselä degip geçmek bilen, täze döredilen Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine A.Rejepalyýewi, etrabyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine A.Gelenowy, jemagat hojalygy boýunça orunbasary wezipesine O.Meredowy, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bolsa M.Geldiýewany bellemek baradaky degişli resminamalara gol çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz A.Gyşykowy Bagtyýarlyk etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony şol etrabyň häkiminiň gurluşyk we jemagat hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy, Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň gurluşyk we jemagat hojalygy boýunça orunbasary wezipesine B.Baýramdurdyýewi belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan R.Hydyrowy Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesine bellemek, Ş.Goçmyradowy Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine B.Bäşekowy bellemek baradaky resminamalara gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyz M.Ýollyýewany Berkararlyk etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine belledi, Ç.Kakageldiýewi etrabyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzyň ilatynyň durmuş ulgamyny gowulandyrmak, şäheriň degişli gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen baglanyşykly wezipeleriň Aşgabady dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze döredilen etraplarda ähli guramaçylyk meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda agrotehniki çäreleri guramaçylykly geçirmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, täze döredilen Babadaýhan etrabynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we beýleki guramaçylyk meseleleri hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şol resminamalara laýyklykda, Babadaýhan etrabynyň häkimi wezipesine D.Babaýew, şol etrabyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine G.Çopanow, gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine G.Meretdurdyýew, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bolsa A.Atanazarowa bellenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine N.Nazarmyradowy, Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine A.Ýazmyradowy, Bäherden etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine D.Hojaýewi, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bolsa B.Atahanowany bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz Sarahs etrabynyň häkimi wezipesine H.Hojageldiýewi belläp, ony Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy, Tejen etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine G.Gandymowany, Kaka etrabynyň häkimi wezipesine K.Kürtowy belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz M.Baýramdurdyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, Kaka etrabynyň häkiminiň orunbasary A.Gurbanowy şol etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Wideoşekilli aragatnaşyk boýunça Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreler, ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän ylmy-agrotehniki çäreleriň kada laýyk derejede bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, sebitiň oba hojalygynyň netijeli ösdürilmegi ugrunda degişli düzümleriň utgaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň durnukly ýyladylyşyny we beýleki durmuş düzüminiň üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti başga işe geçmegi sebäpli, G.Ataýewany Balkan welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä B.Mämiýewany bellemek, şeýle hem Ý.Hojanazarowy Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň, M.Arazalyýewi Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew hasabat bilen çykyş etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini artdyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sebitiň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyklaryň öz wagtynda gurlup ulanylmaga tabşyrylmagynyň gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň yzygiderli ýyladylyşyny, şeýle hem ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl welaýatyň käbir etraplarynyň häkimleriniň işini göwnejaý ýola goýmandyklaryny, olaryň Oba milli maksatnamasynda bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirmändiklerini, oba hojalyk önümlerini öndürmekde degişli netije gazanmandyklaryny, şeýle hem başga-da birnäçe kemçiliklere ýol berendiklerini nazarda tutup, olary eýeleýän wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz B.Töräýewi Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak, bu wezipä M.Gurbanowy belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine S.Meredowy belläp, ony Görogly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz N.Çopanowy Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak, Görogly etrabynyň häkimi wezipesine B.Mämedowy bellemek, Köneürgenç etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine M.Atakeýewi bellemek, G.Baýramdurdyýewi Boldumsaz etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk ekinlerine agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeleriň berk berjaý edilmeginiň, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň ýagdaýynyň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň şygary bolan “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda guraljak Amul — Hazar awtorallisine, şu mynasybetli welosiped ýaryşynyň we köpçülikleýin ylgawyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, E.Açylowy Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine belledi

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişini, mineral dökünler we suw bilen üpjünçilik meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Arkadag Prezidentimiz welaýatda ýylylyk, gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçilik ulgamlarynyň gerekli derejede işlemegini gazanmak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz M.Daňatarowany özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä B.Durdykowany bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şu gün wezipä bellenilen ýolbaşçylara Watanymyzyň bähbidi ugrundaky işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi. Ýolbaşçylar özlerine bildirilen ýokary ynam üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, öňlerinde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli bilimlerini we güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05536 sek. ýüklenen baýt: 47023