Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DESGASY
Ýazylan wagty: 09 января 2018 Ýazan NEXTTM
BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ DESGASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ösüşini üpjün etmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Munuň özi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bady barha artýan düýpli özgertmeleriň guwandyryjy netijeleri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ýokary öndürijilikli önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek arkaly durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda aýgytly ädimler ädilýär.

Garaşsyz döwletimiziň gaz senagaty pudagy milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly sütünleriniň  biri bolmak bilen, bu ugurda durmuşa geçirilen düýpli özgertmeler tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna mümkinçilik berdi. Täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, “mawy ýangyjyň” akymyny artdyrmaklyga gönükdirilen tutumly işler gowy netijelerini berýär. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olaryň senagat taýdan özleşdirilmegine uly üns berilýär Çykarylýan tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň we desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli kuwwatlykly gaz geçirijileriň gurluşygy wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Bularyň hemmesi tebigy gazyň çykarylyşyny, senagat taýdan gaýtadan işlenilmegine ýardam edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň strategik çig mal bolan tebigy gazy daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini artdyrmaga itergi berýär.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyz döwletimiz tebigy gazy daşary ýurtlara eksport etmekde ilkinji orunlaryň birini eýeleýär. Bu babatda gurlup ulanmaga berlen Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisini, Eýran Yslam Respublikasyna gidýän gaz geçirijisini ýatlanymyzda-da Garaşsyz döwletimiziň tebigy gazy eksport etmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki gadamynyň barha batlanýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen Türkmenistan döwletimiz uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara ibermekde we ählumumy  energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde aýgytly ädimleri ädýär.

Ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmek, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak bilen bagly durmuşa geçirilýän tutumly işler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan döwletimiziň uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna iberilmeginiň ykdysady ösüşde möhüm ädimdigini öwran-öwran nygtaýar. Bu babatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPI) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanmagy taryhy waka boldy. Has takygyny aýtsak, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda dört döwletiň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda iri gaz geçirijisiniň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda ak pata berildi. Üstünlikli durmuşa geçirilýän bu taslama energiýa çeşmesini iberýän diňe bir Garaşsyz Türkmenistanymyz üçin däl, eýsem tebigy gazy üstaşyr geçirýän hem-de sarp edýän döwletler üçinem ykdysady taýdan örän uly ähmiýete eýedir. 

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitde durnukly we sazlaşykly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, parahatçylygy ygtybarly berkitmäge ýardam berjekdigi şübhesizdir. Şeýle hem bu iri gaz geçirijisiniň gurlup, ulanmaga berilmegi biziň döwletimiziňem, Owganystanyňam, Pakistanyňam, Hindistanyňam durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürilmegine güýçli itergi berer. Uzynlygy, takmynan 1814 kilometre barabar bolan bu halkara ähmiýetli iri desga özara bähbitli ykdysady-söwda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýlägem pugtalandyrylmagyna täze mümkinçilikleri açar. Täze gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolup, sarp edijileriň bu energiýa çeşmesine bolan islegini kanagatlandyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolar. Gurluşygyna badalga berlen bu iri halkara gaz geçirijisini we onuň ugrundaky desgalaryň gurluşygyny 2019-njy ýylyň dekabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diňe bir Türkmenistan döwletimiz üçin däl, eýsem halkara ähmiýetli uly gurluşyklaryňam, bimöçber işleriňem zamanasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, üstünlikli amal edilýän şeýle tutumly işler, ilkinji nobatda, Türkmen döwletiniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösdürilmegine, dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda  mynasyp orny  eýelemegine güýçli itergi berýär. Şeýle hem ýokarda gürrüňi edilýän halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyňam barha artmagyna oňyn täsirini ýetirýändigini ýatlamalydyrys.

Okalan sany: 113   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05392 sek. ýüklenen baýt: 33885