Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ILKINJI BAŞLANGYÇLAR
Ýazylan wagty: 09 января 2018 Ýazan NEXTTM

ILKINJI  BAŞLANGYÇLAR

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ak hünji” hususy kärhanasy 2009-njy ýylda döredildi. Bu kärhanada şondan bäri gurluşykda giňden ulanylýan penopolitiroldan ýasalan bezeg hem-de ýylylyk we sowuklyk saklaýjy önümleri öndürilýär. Bu bezeg önümleri özüniň ýokary hilliligi, islegli haryt bolmagy bilen welaýatymyzda meşhurlyk gazandy. 

Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky karary esasynda Gurbangala demir ýol menzilinden 15 kilometr uzaklykda, Baýramaly etrabynyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginiň ekerançylyk ýerleriniň çäginde ýylda 50 tonna süýt we 60 tonna et öndürmek üçin niýetlenen kärhananyň maldarçylyk toplumy gurlup, ulanyşa goýberildi. Maldarçylyk toplumynyň kuwwatlylygy jemi 750-800 baş gara mala ideg etmäge niýetlenendir. Häzirki wagtda toplumda süýt we et öndürmeklige niýetlenen 212 baş gara mala ideg edilýär.

Toplumyň mallaryna ot-iým taýýarlamaklyga niýetlenip, kärhana 100 gektar ýer bölegi özleşdirmäge bölünip berlipdir. Bäş gektar ýerde maldarçylyk toplumy we edara jaýy ýerleşýär. 95 gektar ýer doly özleşdirilip, şol ýere-ýorunja, arpa, soýa, bugdaý, mekgejöwen ýaly ot-iýmlik ekinler ekilýär. 2017-nji ýylda ekilen ot-iýmlik ekinlerden 150 tonna ýorunja bedesi, 20 tonna saman, 1200 tonna silos taýýarlanypdyr. Ýokary hümmetli garyndyly iým taýýarlamak üçin gerek bolan kepekdir künjara bolsa satyn alynýar. Toplumda konsentrat iýmleri taýýarlamak üçin daşary ýurt enjamlary bar. Bu ýerde ýokumly iým taýýarlanyp, ýöriteleşdirilen ýapyk ammarda saklanylýar. 
Ot-iýmlik ekinlerini ekmekden başlap, olary ýetişdirmek, ýygnamak, ýatagyň ýanyna ýöriteleşdirilen meýdançada daşamak, ýüklemek, mallara paýlamak, mahlasy, ähli edilmeli işler mehanizmleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Toplumda kuwwatly we tekerli traktorlaryň, azallaryň, kultiwatorlaryň, ot orujy, kipleýji, ot ýükleýji ot-iým paýlaýjy tehnikalaryň, mekgejöwen ýygnaýjy kombaýnyň, traktor tirkegleriniň    -20-ä golaýy bar. Tehnikalaryň gurat we saz işledilmegine hünärmen Serdar Akmyradow gözegçilik edýär. Ot ýükleýji we paýlaýjy tehnikalary mehanizatorlar Kakamyrat Berdiýew, Begenç Artykow başarjaňlyk bilen işledýärler.

Häzirki wagtda toplumda bar bolan tohum mallarda hem-de gyzyl sähra we ýerli tohum mallarda tohumçylyk işi üstünlikli alnyp barylýar. Köp mukdarda süýt hem et berýän mallaryň tohumy Germaniýa döwletinden satyn alynýar. Ýokary önümli tohum mallaryň sanyny köpeltmekde mallary emeli usulda tohumlandyrmagyň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlardan ýokary önümli saýlantgy höwür mallary ýa-da olaryň doňdurylan tohumlaryny getirip, emeli usulda tohumlandyrmak mallaryň önümliligini artdyrýar. şeýle hem olaryň nesil berjek wagtyny anyklamaga, olary kesellerden gorap saklamaga mümkinçilik berýär. Mallary emeli usulda tohumlandyrmak işi maldarçylyk toplumyň hünärmen işgärleri Nurberdi Annaýew, Serdar Agajanow tarapyndan alnyp barylýar. 

Maldarçylyk toplumynyň mallarynyň sany täze bolýan sagdyn göleleriň hasabyna artýar. Täze bolan gölelere zooweterinariýanyň talaplaryna laýyk ideg edilýär. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä täze bolan göleler enelerini bir günüň dowamynda emýärler. Göleler saglyk ýagdaýyna görä enelerinden aýrylýar. 1-2 günüň dowamynda her göläniň diri agramyna görä harç edilmäli süýdüň mukdary elde (soskada) berilýär. Gölejiklere niýetlenen süýt paeterizasiýa edilenden soňra olara berilýär. Göleleriň saglyk ýagdaýyna görä olar 3-4 aýdan soňra süýtden aýrylýar. Ýaş gölelere çopanlar Mekan Atageldiýew, Täjigözel Atageldiýewa gözegçilik edýärler.

Toplumda ýylyň dowamynda sygyrlaryň 40-ysy sagym enjamlarynyň kömegi bilen sagylýar. Türkiýe döwletinden dünýä ülňülerine gabat gelýän “Sezer” firmasyndan satyn alnan sagym enjamlaryny 22-si oturdylypdyr. Bu enjamlara sagymçy operatorlar Batyr Nurlyýew, Çarymyrat Kömekow başarjaňlyk bilen erk edýärler. Toplumda her aýda ortaça 9 tonna süýt öndürilýär. Öndürilen süýt gaýtadan işleýän hususy kärhanalara tabşyrylýar. 

Toplumda bir wagtyň özünde 120 baş öküzçe bakyp ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýatak bolup, bu ýerde baka goýlan mallar idedilýär. Her aýda 1,5 tonnadan gowrak et öndürilip, halka hödürlenilýär. Maldarlary başlangyç döwürdäki bu görkezijiler birjikde kanagatlandyranok. şeýle bolansoň kärhananyň maldarçylyk toplumynda gara mallaryň süýt we et ugurly önümçilik etmek üçin Germaniýa döwletinden tohum mallary getirmeklik meýilleşdirilipdir. Birbada 200 baş gara mal getirmeklik barada Germaniýa döwleti bilen şertnama baglaşylypdyr. Daşary ýurtlardan getirilen mallary ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak üçin hünärmenler üstünde iş geçirýärler. Mal ýataklarynyň howasyny çalyşmagy we ýatagyň içiniň howasynyň kadaly bolmagy üçin ýörite wentilýatorlar oturdylypdyr. Kerwen Oratdyýew, Akmämmet Saparow ýaly çopanlar özlerine degişli işiň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

Mahlasy, ösüşlere ýaran bolýan maldarçylyk toplumynyň öndürýän önümleri ýyl-ýyldan artýar, ösüşlere ýaran bolýar. Döwrebap gurlan bu toplumda geljekde mallaryň sany artdyrylýar. Maldarlaryň öndürýän süýt, et önümleri azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant bolýar.

-Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesini goýdy. Bu wezipäni ýerine ýetirmeklige biziň hem hususy kärhanamyzyň maldarlary mynasyp goşant goşmaklyga çalyşýarlar. Milli Liderimiziň kömek-goldawy netijesinde maldarçylyk toplumymyzyň seti giňeýär. Ýokary hilli önüm öndürmek bilen onlarça adam iş bilen üpjün edilýär. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredýän, hemaýat-goldaw berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun! Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaga, işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döretmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin-diýip, kärhananyň uly hünärmeni Begmuhammet Çaryýew ýürek buýsanjyny daşyna çykardy.

Okalan sany: 127   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05082 sek. ýüklenen baýt: 36055