Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hoş habarlar köpelýär!
Ýazylan wagty: 10 января 2018 Ýazan NEXTTM
Hoş habarlar köpelýär!

Türkmen halk döredijiligi halkymyzyň gymmatly edebi mirasydyr. Her bir halkyň edebi mirasy, şol halkyň medeni durmuşyny açyp görkezýär. Halk arasynda dörän aýdym-saz sungaty, ertekiler, rowaýatlar nakyllar atalar sözleri, dessanlar, şadessanlar, hüwdüler, läleler, küştdepdiler... halk döredijiligi eserleridir. Şularyň içinde “Görogly” şadessany halkyň söýlüpokaýan eseridir. 2015-nji ýylda “Görogly” şadessany ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmen halkynyň ruhy baýlygyna dünýäniň abraýly guramasynyň gyzyklanmagy biziň üçin uly bagtdyr.

Hormatly Prezidentimiz “ Her bir halk öz medeniýetini we sungatyny bilen tanalýar” diýip, ýerlikli belleýär. Türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň biri hem küştdepdilerdir. Küştdepdi owadanlygyň, çalt hem çeýe hereketiň tansydyr.Ýaşlar we ýaşy bir çene ýeten ýaşulular hem bu tansy joşgunly ýerine ýetirýärler. Tans ýerine ýetirilende zenanlar we erkekler hoş labyzly “ Gazal” aýtýarlar. Daşynda sazlaşykly çapak çapmak bilen tansy yzarlaýarlar. Her gazalyň ahyrynda öjükdüriji gaýtalanýan şowhunly sözleri aýdýarlar.Tansy yzarlanyňda bir-birine elleri degmeýär, sazlaşykly haýwanlaryň endiklerini, guşlaryň hereketlerini gadymy awçylaryň hereketlerini görmek bolýar. Sebäbi küştdepdiniň taryhy gelip, çykyşy irki ýer eýeçilik medeniýetimiz bilen baglanşykly. Tebigy hadysalar, tebigat bilen garyşmaga çalyşýan, haýwanlaryň endiklerine öýkünmekn... ýaly hereketler bar.

Küştdepdiler dini medeniýetimizden hem gözbaşyny alyp gaýdýar.Ekerançylyk we maldarçylyk bilen bagly dörän bu tansda däp-dessurlar örän köpbolupdyr. Ýaşlar joşgunyň, ruhybelentligiň özeni bolan küştdepdiler garaşsyzlyk ýyllarynda has-da kämilleşdi. Döwrebap gazallar arkaly märekä uly lezzet berýär. Hiç bir tansa meňzemeýän, tomaşaçylary joşdurýar, heýjana getirýän bu tans sungaty özüne bendi etdi.08.12.2017-nji güni Halk döredijiliginiň küştdepdi tansy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky bütin türkmen halkynyň çäksiz begendirdi. Hemişe hoş habarlar halkyny begebdirýän mähriban Prezidentimiziň Koreýadan alan buşlyk habary türkmen halkyna şanlyk paýlady. Hiç bir halkdan pes durmaýan türkmen halkynyň buýsanmaga, begenmäge haky bardyr.Halk hazynasy “Görogly” şadessany, küştdepdi ýaly beýik sungaty döreden türkmen halky beýikdir.         

Okalan sany: 84   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09426 sek. ýüklenen baýt: 31248