Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy
Ýazylan wagty: 12 января 2018 Ýazan NEXTTM
Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy
 
Aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda Internetiň her bir raýata elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döredýän telekommunikasiýalaryň köp şahaly ulgamy hereket edýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurudumyzda bütin dünýä ulgamdan peýdalanyjylaryň sany yzygiderli artýar. 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 31-nji dekabryna çenli bütin dünýätora birikdirilen adamlaryň sany 1,2 esse, ulgamlaýyn hyzmatlary etmekden alnan girdejiler bolsa 2 million manada çenli artdy. Muny milli nternet –prowaýderleriň sowatly marketing strategiýasynyň hem-de ilat üçin bahalaryň ortaça 35 göterime çenli peseldilmeginiň hasabyna gazanmak başartdy.

Internet ulgamyny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda degişli düzümi kemala getirmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Aragatnaşykçylar öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy aragatnaşyk ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirýär. Şunda giň zolakly Internet ulgamy ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerine hem aralaşýar.

Sarp edijilere telekommunikasiýa hyzmatlaryny bökdençsiz hem-de ýokary derejede hödürlemek, maglumatlary bermegiň tizligini ýokarlandyrmak üçin ministrlikler, häkimlikler we pudak edaralary tarapyndan optiki –süýümli kabelleri Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde ýerleşen binalara, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna çekmek göz öňünde tutuldy.

Häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň tizligi ortaça sekuntda 20 gigabite barabardyr, ýöne ýakyn geljekde maglumatlary alyşmagyň tizliginiň bäş esse ýokary – 100 gbit/s derejedäki ulag geçelgesini döretmek meýilleşdirildi; welaýat merkezlerinde maglumatlary bermegiň tizligi 40 gbit/s golaý bolar, etrap merkezleriniň we daýhan birleşikleriniň arasynda bu görkeziji 4 gbit/s çenli bolar.

Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory raýatlarymyzy öýjükli aragatnaşygyň esasy görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn şeljekde bolsa 5G bilen doly we hemmetaraplaýyn üpjün etmek derejesine çykýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz boýunça bu hyzmatlaryň üpjünçiligi 100 göterime barabar bolar.

Şeýle hem Türkmenistanda internetbanking we mobilbanking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Olar nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berip, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirýär hem-de ýurdumyzyň çäginde we onuň çäklerinden daşarda olaryň howpsuzlygyny artdyrýar.

Häzirki zaman dünýä ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda bütindünýä ulgama elýeterli bolan okuw mekdepleriniň sany barha artýar. Okuw edaralarynyň okatmagyň iň döwrebap usullaryny ulanmak arkaly sapaklary geçirmäge ýardam edýän kompýuter, multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, Internet ulgamyna elýeterliliginiň üpjün edilmegi okuwy hem-de hünärmenleri taýýarlamak işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda guramak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň meýilnamasyny tassyklady. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde Innowasiýa magloumatlar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Onuň wezipesi elektron okuwyň usullaryny, şol sanda sanly okuw kitaplaryny, gollanmalary, wideo hem-de audiomateriallary, interaktiw we multimediýa programmalaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamakdan ybarat bolar.
Okalan sany: 52   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05017 sek. ýüklenen baýt: 33714