Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr опубликованно 11.01.2018 // 27 - просмотров Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştuta
Ýazylan wagty: 12 января 2018 Ýazan NEXTTM
Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr
 
Bütindünýä Dopinge garşy agentliginiň prezidenti Kreýg Ridi döwlet Baştutanymyza, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, onda Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň işine hemişe goldaw we dopingden arassa türgenleri goramak boýunça maksatlary amala aşyrmaga ýardam berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Siziň howandarlygyňyzda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Sebit dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de 2017-nji ýylyň maý aýynda dopinge gözegçilik inspektorlaryny taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşanlaryň aýtmaklaryna görä şol mejlisiň üstünlikli geçendigini Size habar bermäge şatdyryn. Şeýle hem Sizi we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetini bu Oýunlaryň Aşgabatda ýokary derejede guralandygy hem-de geçirilendigi bilen gutlamak isleýärin.

Mundan başga-da, Türkmenistanda Dopinge garşy göreş baradaky Kanunyň kabul edilendigine şatdyryn hem-de Türkmenistanyň Milli dopinge garşy göreş agentliginiň döredilendigine hoşaldyryn. Siziň ýurduňyzyň halkara sportunda barha ösýän üstünilkleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda has äşgär boldy, olarda Türkmenistan ilkinji gezek 89 altyn medal bilen birinji orny eýeledi.

Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy göreş agentligini ösdürmekde Türkmenistana ýardam bermäge ygrarlydyr, munuň özi milli dopingpe garşy maksatnamanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de geljekde hem türkmen türgenleriniň arassa ýeňişleri gazanmagyna mümkinçilik berer diýip, Bütindünýä Dopinge garşy agentligiň prezidenti Kreýg Ridi nygtady.
Okalan sany: 75   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05592 sek. ýüklenen baýt: 31206