Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
24-26-njy ýanwarda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler
Ýazylan wagty: 13 января 2018 Ýazan NEXTTM

24-26-njy ýanwarda Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

Hökümetiň mejlisinde döredijilik çäresini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada wise-premýer A. Garajaýew hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, belarus medeniýetiniň günleri iki ýurduň Medeniýet ministrlikleriniň arasynda 2017-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda hem-de türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. 

Çäräniň maksatnamasy Belarus Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konsertini, fotosergini, kinolaryň görkezilişini, döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklaryny özünde jemleýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu medeni çäräniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny belledi hem-de ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07042 sek. ýüklenen baýt: 29678