Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan «EKSPO-2020» sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlanýar
Ýazylan wagty: 13 января 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistan «EKSPO-2020» sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlanýar

Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer O.Gurbannazarowyň habar berşi ýaly, 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin «EKSPO-2020»-niň guramaçylyk komiteti bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EKSPO gatnaşmagyň dünýä bileleşigine Türkmenistanyň gazanýan döwrebap üstünliklerini görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini hem-de ýurdumyzyň tehnologiýalarynyň, ylmyň işläp taýýarlamalarynyň, harytlarynyň we hyzmatlarynyň daşarky bazarda öňe ilerlemegini üpjün etjekdigini belledi. Milli Liderimiz “EKSPO-2020”-niň täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ulgamlarda tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin netijeli çäredigini nygtady.

Okalan sany: 76   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07839 sek. ýüklenen baýt: 30009