Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
ZÄHMET SOŇY REHNETLI
Ýazylan wagty: 19 января 2018 Ýazan NEXTTM
ZÄHMET  SOŇY  REHNETLI


şöhratly ýylymyzda üstünlikli sepgitleri eýelemek Oguzhan etrabynyň “Deňizhan” daýhan birleşiginiň ähli kärendeçileri ýaly, gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän kärendeçileriniň-de arzyly maksady. Sahawatly toprakdan bu süýjülik ekininiň bereketli hasylyny öndürmekde şugundyrçy kärendeçileriň 11-siniň edýän ýadawsyz tagallasy öz miwesini berip, hojalyk boýunça 30 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen bitginli ekinler gözüňi dokundyrýar. Indi şugundyrçy kärendeçiler zähmet soňunyň rehnetine garaşýarlar. Çünki ekinleriň hasylyny ýygnamak işinde birek-birege ýakyndan ýardam berýän kärendeçileriň ruhy belentde.

Gektar meýdandan süýjülik ekininiň 420 tonnasyny döwlete tabşyryp, ýyly üstünlikli jemlemegi başaran kärendeçilerden Baýmyrat Baýramow, Ýazly Annamyradow ýaly tejribeli kärendeçiler gyşyň ilkinji aýynda hasyl ýygnamak işine girişdiler. Degişli tehnikanyň kömegi bilen köwlenen ekinleri arassalap ýygnamak işi el güýjüne bagly bolýar. Kärendeçiler bu möhüm işe agzybirlikde hem abraýly hötde gelýärler. Gant şugundyrynyň düşewüntli ekindigine öz zähmet tejribelerinde göz ýetiren kärendeçileriň ümzügi öňe. Meýdanlardan ýygnalan bol hasyl welaýatymyzdaky “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ugradylar.

Okalan sany: 175   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07984 sek. ýüklenen baýt: 30092