Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYKLARY
Ýazylan wagty: 19 января 2018 Ýazan NEXTTM
TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYKLARY 


Gymmatlyk – bu halkyň taraşlap-taraşlap, sungata öwüren zehini. Öz elleri bilen döreden üçursyz zähmetiniň netijesi. Gymmatlyk – bir halkyň özge halkyňka meňzemeýän ukyp-başarnygy, aýratynlygy. Biziň Türkmenistan atly watanymyz bolsa asyrlar içinde sünnälenip-sünnälenip gaýtalanmajak kämillige öwrülen gymmatlyklaryň mekany.

Halkyň ruhy hazynasy ynsan terbiýesinde-de iňňän ähmiýetlidir. Hatda beýik-beýik şahsyýetler hem halk döredijilik eserlerini özlerine terbiýe mekdebi edinip beýgeldiler. Asyrlaryň dowamynda “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly ençeme eserleri döredip, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşanlygy üçinem beýikdir. Halkyň döreden dürdäne eserleri, hut şu günlerde hem ruhy iýmit bolmak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol ruhy iýmit hem nesil dowamatymyzy terbiýelemekde iňňän ähmiýetlidir. 

Millilik – halkyň ukyby, başarnygy, zehini bilen döredilen özboluşly sungaty. Miras – halkyň taryhyň dowamynda toplan, maddy hem ruhy gymmatlyklarynyň jemi. Biziň bedew atymyz, nepis halymyz, saryja goýnumyz, ajaýyp şaý-seplerimiz, milli nagyşlarymyz, keşdelenen egin-eşiklerimiz, nakgaşlyk, aýdym-saz sungatymyz, taryhy ýadygärliklerimiz – bular biziň mirasymyz, ýagny gaýtalanmajak gymmatlyklarymyzdyr.

Küştdepdi sungaty türkmeniň iň gadymy halkdygyny subut edýän aýdym hem tans hereketleriniň utgaşmasydyr. Adamlarda gözelligi, çuňňur ruhybelentligi döredýän, köpçülikleýin ýerine ýetirilýändigi bilen tapawutlanýan sungat eseri. Küştdepdi sungatymyzyň gözbaşyny irki döwürden – Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýar. Uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän küştdepdilerimiz häzirki wagtda diňe bir toý-baýramlarymyzyň däl, halkara derejesinde geçirilen dost-doganlyk festiwallarynyň, Medeniýet günleriniň hem bezegine öwrüldi. Küştdepdi bentlerinde Watan, dostluk, söýgi, ýaşlaryň bagtly geljegi, bagtyýar döwri buýsanç bilen wasp edilýär.

Okalan sany: 212   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06557 sek. ýüklenen baýt: 30654