Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok
Ýazylan wagty: 23 января 2018 Ýazan NEXTTM
Amuldan Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Harytlar üçin serhet ýok

Ýüpek ýoly ägirt uly Ýewraziýa giňişliginde söwdany we ykdysadyýeti ösdürmegiň kuwwatly itergi beriji güýji bolup hyzmat etdi, ençeme halklaryň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklar ýola goýulmagyna ýardam berdi. Türkmenistan şu işde uly orun tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen ýurdumyzda 2018-nji ýylyň yglan edilen şygary türkmen topragynyň üstünden geçen hem-de onuň goýnunda ähmiýetliliginiň gymmatly subutnamalaryny goýan bu taryhy ýoluň aýratynlygyna çuňňur düşünmäge bize esas berýär.

Biziň makalalarymyzyň tapgyrlary bu baradaky gürrüňlere bagyşlanyp, olarda biz eýýäm ajaýyp durmuş ýagdaýy hem-de Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynda saklanyp galan taryhyň, binagärligiň täsin ýadygärlikleri hökmünde kerwensaraýlar we bazarlar barada gürrüň berdik. Bu ýoluň ugrunda Gündogaryň we Günbataryň siwilizasiýalaryň gatnaşygy, olaryň özara baýlaşmagy bolup geçdi hem-de kerwenler bilen birlikde ösüş hereket etdi. Şeýdip, dürli halklaryň we döwletleriň täsin özboluşly aýratynlyk bolan geograýiki, tebigy, etniki, medeni aýratynlyklar esasynda hyzmatdaşlyk etmegiň däpleriniň düýbi tutuldy. Olaryň özara gatnaşygy ähli derejelerde, maddy we ruhy derejelerde bolup geçdi. Söwda bolsa şeýle özara gatnaşygyň baglanyşdyryjysy bolup hyzmat etdi. Ol zähmetiň halkara bölünmegine we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine alyp getirdi. Bu gün biz okyjylaryň dykgatyna tutuş yklymy eklän kuwwatly ugurlar boýunça haýsy harytlaryň daşalandygy barada makalany hödürleýäris.

3. Harytlar üçin serhet ýok

Beýik Ýüpek ýoly boýunça kerwenler näme äkidýärdiler?

Düýeleriň üstüne ýüklenen ägirt uly gülbentlerde näme daşalypdyr?

Adam eli bilen taýýarlanylan zatlaryň, şeýle hem adamlaryň ösdürip ýetişdiren we ýygnan tebigatyň miweleriniň sanawy asla çäksizdir. Ýoluň özboluşly adynyň özi, ol döwrebap bolsa-da, gönüden-göni şol sanawda iň gymmatly önümiň ýüpek bolandygyny aýtmaga esas berýär. Günbatarda örän uly islegden peýdalanan Hytaýdan we Merkezi Aziýadan bolan ýeňil, ykjam serişdeleriň bahasy hem örän gymmat bolupdyr. Ol beýlekilere garanyňda uzak ýurtlara daşamaga ýarapdyr.

Halkara söwdasynyň ösüşiniň ilkinji asyrlarynda hytaýly söwdagärler Parfiýadan ajaýyp we ýelden ýyndam bedewleri—häzirki zaman ahalteke atlarynyň ata-babalaryny, şeýle hem olaryň iýminiýorunja satyn —alypdyrlar. Hytaýlylar üçin daşary ýurtlara önüm äkitmegiň beýleki bir möhüm serişdesi üzüm ekini bolupdyr.

Biz Gadymy Gresiýada, Orta Ýer deňzi ýurtlarynda, Zakawkazýede hem-de Parfiýany goşmak bilen, Gündogarda üzümçiligiň we çakyr ýasamagyň örän çuňňur kökleriniň bardygyny bilýäris. Diňe Türkmenistanyň çäklerinde gazuw-agtaryjylar kömre öwrülen we şol sebäpli hem biziň günlerimize çenli saklanyp galan üzüm çigitlerini tapdylar. Olar eneolit we irki bürünç eýýamlarynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklarynda ýüze çykarylyp, olaryň ýaşy, radiouglerod seljermesiniň görkezişi ýaly, bäş müň ýyldan hem geçýär.

Hytaýda üzümi örän köp wagt bäri bilmändirler. Parfiýa düşen hytaýly jahankeşdeler çakyryň diňe bir tüwiden öndürilmeýändigini görenlerinde has-da haýran galdylar. Olar öz Watanynda beýleki miwe ösümliklerini: grek hozuny, nary, injiri, şeýle hem sogan, käşir, nohut, hyýar ýaly gök önümleri ýaýradypdyrlar. Uzak Gündogarda Orta Aziýanyň şetdalylary, gawunlary we garpyzlary, şeýle hem ýabany we öý haýwanlary: ýolbarslar, gaplaňlar, aw itleri, algyr guşlar, kürti goýunlar üýtgeşik görlüpdir. Olaryň ählisi täze, uzak ülkelere köplenç ýükli arabalarda eltilipdir.

Beýik Ýüpek ýoly boýunça söwdagärler Hytaýa ýüňden edilen dürli önümleri hem eltipdirler. Ilkinji nobatda, bular elbetde, halylardy. Ýüňi, kendiri gaýtadan işlemegiň, haly we palas dokamagyň tilsimlerini heniz bilmedik hytaýlylarda gobelen matalar, örtgiler, palaslar we penjire tutulary uly täsir galdyrypdyr. Olar bu önümleri köşklerde, buthanalarda hem-de Parfiýa şäherleriniň baý öýlerinde görüpdirler.

Hytaýyň bazarlarynda Günbatardan getirilýän ýarag we harby serişdeler, altyn, kümüş hem-de ýarym gymmat baha daşlar satyn alnypdyr. Hili boýunça Hytaýyňkydan ýokary bolan Orta Aziýanyň aýnasy bezemençiligiň serişdesi hasaplanypdyr. VI-VII asyrlardan başlap, Hytaýdan Günbatara bolsa inçe çyzykly şekiller çekilen ap-ak ajaýyp farfor önümleri: gap-gaçlar, şakäseler, küýzeler, heýkeljikler eltilipdir. Köp wagtlap diňe hytaýlylar örän inçe we ýaň berýän farfor önümleri öndürmegi başarypdyrlar. Bu önümleriň bahasy beýleki ýurtlaryň bazarlarynda örän gymmat bolupdyr.

Hytaý gap-gaçlarynyň ownuk bölekleri barada aýtmanyňda-da, olaryň Türkmenistanda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan bitin görnüşleri Aşgabadyň hem-de Marynyň muzeý toplumlarynda bar. Hytaý farforyna meňzedilip, orta asyrlarda ýasalan önümler hem ýygy-ýygydan duşýar: olar şeýle bir ussatlyk bilen ýasalypdyr, hatda ökde hünärmen hem olary hakykysyndan dessine tapawutlandyryp bilmeýär.

Söwda kerwenleri Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýdan bürünçden, aýnadan edilen dürli önümleri, saýawan, lak, müşki anbar, merjen, ýantar, derman serişdeleri, çaý, tüwi, dalçyn, zenjebil, beýleki hoşboý yslary daşapdyrlar. Ýuwka we berk kagyza aýratyn gadyr goýlupdyr. Ony II asyryň başynda Han dinastiýasynyň imperator köşgüniň ýanyndaky agta bolan Saý Lun oýlap tapypdyr. Saý Lun iri sanownige öwrülipdir, ýöne, beýik täzelik ornaşdyryjy hökmünde taryha giripdir.

Hindistandan hem ýakymly ysly önümler, gymmat baha tebigy reňkli daşlar we reňkleýjiler, pil süňkleri we matalar, Persiýadan bolsa kümüş önümler gelip gowşupdyr. Rim imperiýasyna, soňra bolsa Wizantiýa guradylan miweler we şeker, hoşboý ysly önümler we gymmat bahaly daşlar iberilipdir. Aziýa ýurtlaryndan Ýewropa tüwi, ýüpek, ýüň we nah matalary alypdyr, eksporta bolsa Horezme, Persiýa we aňryk Hindistana we Hytaýa bal, gaýyş çig malyny, sütük, bagana, derini eýlemek üçin gabyk, mal iberipdir.

Häzirki Köneürgenje Günorta Gazagystandan hem-de Semireçýeden ýerli oba hojalyk we hünärmentçilik önümleri bilen çalyşmak üçin köpsanly atlary, goýunlary, iri şahly mallary eltipdirler. Bu ýere hytaý ýüpegi hem, hususan-da, onuň “targu” diýen aýratyn görnüşi getirilipdir.

Mawerannahra (Amyderýa bilen Syrderýanyň aralygy) we Horasana gypjaklylaryň ýaşan ýeri bolan Demirgazykdan köpsanly awusiýdik we gornostaý derileri getirilipdir. Talasdan, Hotandan, Ýarkentden musulman söwdagärleri XII asyrda bagana getiripdirler. Ol ýerden bolsa gymmat baha daşlar, altyn, keçe, goýun, aw edýän laçynlar äkidilipdir. Mawerannahra ýarag, nagyşly matalar hem-de Balasagundan we Tarazdan beýleki harytlar iberilipdir. Buharadan matalardan başga goýun ýüňüni, palas, eýerleri... äkidipdirler.

Köneürgenje hem-de oňa Horezmiň tabyn bolan şäherlerine duzly balyk, samyr derisi, pagtadan edilen eşikler, namazlyklar, ýassyklar eltilipdir. Günorta — Gündogar Hazar ýakasynyň türkmen etraplaryndan: Gürgenden we Dehistandan miweler (dürli görnüşli üzümler, narlar), ýumşak ýüpekden taýýarlanan halatlar, sülgünler, ýüpek çig maly gelip gowşupdyr.

Merwde ençeme hünärmentçilik ösüpdir, ýöne, “mulham” matasyndan ýüpek egin-eşikleriň önümçiligi aýratyn şöhratlanypdyr. Nusaýda inçelik bilen taýýarlanan ajaýyp kendir matalaryny, Sarahsda bolsa parça dokapdyrlar.

Biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndaky “Bu ýerde dokmaçylygyň ir döwürlerde nähili uly derejä ýetendigi barasyndaky subutnamalar hem ýeterlik tapylýar.Türkmen parçalary Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolupdyr” diýen sözleri okaýarys.

Horasan şäherleriniň hünärmentçilik önümleri serhetdeş we uzak ýurtlara äkidilipdir. Dokma önümlerini Köneürgençde we goňşy Kätde hem taýýarlapdyrlar, ýöne, tutuş Orta Gündogarda şöhratlanan türkmen kemanlary uly meşhurlykdan peýdalanypdyr.

XI — XII asyrlarda şäher çenetçiliginde köne oturymly ilatyň, şeýle hem çarwa we ýarym çarwa türkmen taýpalarynyň däpleri saklanypdyr. Dokma önümçiligi bilen bir hatarda halyçylyk, küýzegärçilik, demirçilik, ýarag ýasamak, zergärçilik işleri we beýlekiler uly ösüşe eýe bolupdyr. Bejermegiň, hususan-da, metal we keramika önümlerini bejermegiň tehniki we çeper derejesi görnetin ýokarlandy. Küýzeçiler aşhana we hojalyk gap-gaçlarynyň dürli görnüşlerini, adaty hem-de suwarymly çeper keramikany taýýarlapdyrlar. Amulyň, Merwiň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Köneürgenjiň we Dehistanyň ussalary islän önümiňi çykarypdyrlar.

XII asyrda silikat pastasy bolan kaşinadan daşyna ýazgy ýazylan gap-gaçlar innowasiýa bolupdyr. Takmynan, şol wagt hem küýzegärçilik usuly bilen suw geçiriji we lagym turbalarynyň köpçülikleýin öndürilmegi başlanypdyr. Olar Soltangalada, Sarahsda, Şährislamda we beýleki türkmen şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde köp möçberde tapyldy. Horezm ussalary köp möçberde digirleri — suw galdyryjy çarhlar üçin ýakylan palçykdan gaplary çykarypdyrlar. Bularyň ählisi kerwen ýollarynyň ugurlary boýunça jahanyň dürli künjeklerine ýaýrapdyr.

Beýik Seljuklar döwletinde çüýşe çykarýan önümçilik hem uly ösüşe eýe boldy. Önümleriň 40-a golaý görnüşleri: naharhana we himiýa gaplary, müşki anbar ysly suwukluklaryň we derman suwukluklarynyň aýna gaplary öndürilipdir. Aýna bezeg önümlerini, yşyklandyryjylary, agram daşlaryny taýýarlamak üçin hem peýdalanylypdyr. Ölçegi boýunça uly bolmadyk tegelek görnüşli penjire aýnalarynyň önümçiligi täzelik bolupdyr. XII asyrda ýerli aýna önümçiligi ösüşiniň örän ýokary derejesine ýetipdir.

Metaly gaýtadan işlemek, zähmet guralyny, durmuşda ulanylýan serişdeleri, söweş ýaraglaryny, bezegleri ýasamak hünärmentçilik önümçiliginiň möhüm pudaklarynyň biri bolupdyr. Horasanyň, Gürgeniň we Horezmiýň demir ussalary, misgärleri, zergärleri ýokary çeperçilik önümleriň köp nusgalaryny döredipdirler. Nýu-Ýorkyň Metropoliten muzeýinde hem-de Ýewropadaky Yslam sungaty muzeýleriniň toplumlaryndaky XI asyra XIII asyryň başlaryna degişli bolan bürünç serişdeleriniň ýarysyna golaýy Merkezi Aziýada döredilipdir. Şol önümleriň hatarynda gap-gaçlar, kiçeňräk käseler, çüýşeler, haýwan şekiljikli nagyşlar çekilen çyraglar bar. Bürünçden, misden taýýarlanylan aşhana gap-gaçlary gündelik ulanyşda bolupdyr.

Ýarag ussalary ýeňil söweş paltalaryny, aýpaltalary, şekil salnan serdesseleri ýasapdyrlar. Olar şeýle hem demir galkanlary, naýzalar üçin uçlary, şol sanda ikidiş görnüşindäki naýzalary taýýarlapdyrlar. Uly bolmadyk plastinlerden söweş sowutlary uly islegden peýdalanypdyr. Aýratyn polat gylyçlary, gamalary, hanjarlary çekiçläp süýüp ýasamak üçin ulanylypdyr. Metal önümleri köplenç dürli nagyşlar, şeýle hem onuň eýeleriniň atlary ýa-da meşhur şahyrlaryň ýazan setirleri bilen bezelipdir.

... Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz täze kitabynda belleýşi ýaly: “Dürli ýazuw çesmeleri, maglumatlar ýüpek bilen deň derejede nefritiň, lazuritiň hem söwda kerwenleriniň esasy harytlarynyň biri bolandygyny tassyklaýar. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklary amala aşyran gury ýerden hem-de deňizden geçýän ýanaşyk, kesişýän gatnaw ýollary ýeke-de däldi.

Ýöne «Ýüpek ýoly» diýen şahyrana at adamlary tizara özüne çekdi. XXI asyrda bu adalga ile dolup, bir döwürler üstünden söwda kerwen ýollary geçen ýurtlaryň ählisinde özboluşly bir täsire we milli buýsanja eýe boldy”.
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06503 sek. ýüklenen baýt: 45087