Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gurulýar binalar-özgerýär durmuş
Ýazylan wagty: 24 января 2018 Ýazan NEXTTM
Gurulýar binalar-özgerýär durmuş
        Watana , halka bähbitli her bir ýagşy tutum , iş alkyşa mynasyp. Bina gurmak ýagşy amallardan biridir. Ýurdumyz gün-günden ösýär, özgerýär, barha gözelleşýär.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasaty esasynda berkarar Watanymyz giň möçberli özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen belent sepgitlere barýar.Halkymyz bagtyýar we agzybir eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.
       Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty , amala aşyrylýan beýik özgertmeler , il-ýurt bähbitli , halkara ähmiýetli taslamalar merdana halkymyzyň , ýurdumyzyň we tutus adamzadyň abadançylygyna hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.Şeýle taslamalar esasynda  biziň Saýat etrabymyzyň çäginde hem uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy esasynda çagalaryň saglygyny berkitmek,olara döwrebap bilim we terdiýe bermek boýunça birnäçe sport mekdepleri,sport toplumlary,mekdepler we çagalar baglary gurlup ulanylmaga berildi. 
       Häzirki wagtda hem  Saýat etrabynyň Lebaby geňeşliginiň çäginde ýokary hilli, ähli mümkinçilikleri bolan çagalar bagynyň we orta mekdebiň gurluşygy dowam edýär. Ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym-bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler dörediler. Kompýuter otaglary, interaktiw tagtalar okuwçylaryň we mugallymlaryň hyzmatynda bolar. Halkymyzyň  bu edilýän ajaýyp işlere buýsanjynyň we guwanjynyň çägi ýokdur.Bina gurmagyň sogap işdigine düşünýän ýurdumyzyň gurluşykçylary işiň depgini gün-günden güýçlendirýärler.
       Şeýle amatlyklary döredip berýän ,ýaşlaryň bilim – terbiýe almaklary üçin gije-gündiz alada  edýän Mähriban Arkadagymyza öz minnetdarlygymyzy bildirýäris.
       Halkymyzyň nurana geljegi üçin hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny,janynyň sag, ömrüniň  uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!   

Okalan sany: 68   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05874 sek. ýüklenen baýt: 30222